Täze desgalar — milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň dabaralanmasy

Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň şypahana düzüminiň üstüni ýetiren, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde bina edilen täze desgalaryň açylyş dabaralary uly baýramçylyga öwrüldi.

Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda nobatdaky täze desgalaryň — “Awaza” şypahanasynyň hem-de akwaparkyň açylmagy bu ýerde halkara derejeli döwrebap deňiz şypahanasyny ösdürmegiň ýolunda ýene-de bir ädim boldy. Ony döretmek başlangyjy bolsa döwlet Baştutanymyza degişlidir. Soňky ýyllarda türkmen topragynyň bu ajaýyp künjegi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Her ýyl tomus möwsüminde bu ýere dynç alýanlaryň müňlerçesi gelýär. Şunda dynç almak, şol sanda maşgala bolup dynç almak üçin ähli şertleriň, hyzmatlaryň ýokary derejesiniň Awazada ýylyň bütin dowamynda kepillendirilendigini bellemelidiris. Muňa diňe bir türkmenistanlylar däl, daşary ýurtly myhmanlar hem ýokary baha berýärler.

Häzirki wagtda bu ýerde ýokary derejeli myhmanhanalaryň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň, saglyk hem-de dynç alyş merkezleriniň, seýilgäh-dynç alyş toplumlarynyň ençemesi işleýär, syýahatçylyk we beýleki ugurdaş düzümi mundan beýläk-de ösdürmek üçin yzygiderli ädimler ädilýär. Şunuň bilen birlikde, soňky ýyllarda Awaza iri işewür, medeni we sport merkeziniň derejesine ynamly eýe bolup, ýokary derejedäki duşuşyklaryň, halkara ähmiýetli dürli çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Hazaryň kenarynda ýaýylyp ýatan köpugurly şypahana zolagy täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanydyr, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesidir. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy şol syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksady deňizýaka künjegiň — ýurdumyzyň täsin tebigy merjeniniň ägirt uly şypahana kuwwatyndan netijeli peýdalanmakdan, ony adamlaryň hyzmatyna goýmakdan ybaratdyr.

Bu öňdengörüjilikli pikiriň durmuşa geçirilip başlanan gününden milli Liderimiz möhüm talaby öňe sürüpdi we öňe sürüp gelýär. Munuň özi ähli serişdeleriň hem-de önümçilik tehnologiýalarynyň ekologiýa taýdan kämil bolmagy, daşky gurşawa, melhemlik serişdelere we deňizýaka sebitiniň biologik serişdelerine aýawly garamak bilen baglanyşyklydyr. Işjeň dynç alşyň köp şahaly myhmanhana ulgamynyň we merkeziniň, şypahana hojalygynyň senagat hem-de ulag ulgamlarynyň gurluşygy, Hazaryň kenarynda bag ekmek işleri hut şu nukdaýnazardan alnyp baryldy.

Häzirki döwürde Awazada diňe bir oňat dynç almak däl, eýsem, saglygyňy berkitmek, dikeldiş bejergisini almak mümkindir. Arassa howa, Gün wannalary hem-de deňizde suwa düşmek adamyň bedenine we özüni duýşuna oňat täsir edýär. Bularyň ählisi dynç alýanlaryň uzak wagtlap keýpiçag bolmagyny kepillendirýär.

Mälim bolşy ýaly, Awazany ösdürmek we abadanlaşdyrmak, onuň çäginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň barşy hemişe döwlet Baştutanymyzyň üns merkezinde durýar. Milli Liderimiziň howandarlygynda bu ägirt uly taslama üstünlikli amala aşyrylýar.

Oguz han şaýolunyň we Dostluk köçesiniň aralygynda ýerleşen “Awaza” şypahanasynyň düýbi 2016-njy ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda tutuldy.

Döwlet Baştutanymyz 2017-nji ýylyň noýabrynda bu ýere nobatdaky gezek gelip, şypahananyň we akwaparkyň gurluşygy bilen tanyşdy hem-de Awazanyň şypahana düzüminiň ösüşini gözden geçirdi. Milli Liderimiz şeýle saparlaryň barşynda taslamalaryň adamlar üçin amatly şertleri döretmek nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilmegini düýpli öwrenýär.

Täze şypahananyň işini guramak barada aýdylanda bolsa, hormatly Prezidentimiz dikeldiş terapiýasynyň netijeli usuly hökmünde bejeriş bedenterbiýesi bilen utgaşdyryp, ýerli ýod-bromly suw çeşmesiniň melhemlik häsiýetlerini işjeň ulanmagy maslahat berdi, dynç almaga gelýänleriň oňaýly ýaşamagy üçin bir orunlyk we maşgala üçin, şol sanda çagaly gelýän ene-atalar üçin ýaşaýyş otaglarynyň dürli görnüşlerini gurmak barada görkezme berdi.

Ine, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açylan desga ýurdumyzyň şypahanalarynyň üstüni ýetirip, ilkinji myhmanlary kabul etdi.

Sungat ussatlarynyň topary halkymyzyň özboluşly döredijilik däplerini hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny alamatlandyrýan köpöwüşginli aýdym-saz, tans bilen çykyş etdi.

Dabara gatnaşyjylar hyzmatlaryň dürli görnüşlerini, şol sanda aeroterapiýa, galoterapiýa, talassoterapiýa, algoterapiýa, deňiz we mineral suwy bilen bejermek ýaly hyzmatlary hödürleýän täze şypahana bilen tanşyp başladylar.

Ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän toplum 19 müň inedördül metre golaý meýdanda ýerleşýär.

9 gatly ak mermerli binada ýerleşen dünýäniň esasy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen merkeziň ýöriteleşdirilen bölümleri dürli bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny etmek, dürli keselleri, şol sanda dem alyş ýollarynyň, daýanç-hereket synasynyň, nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň kesellerini anyklamaga niýetlenendir.

Şypahanada balneoterapiýa hem-de palçyk bilen bejeriş, howuzly we SPA-ly gidroterapiýa, maslahat beriş-anyklaýyş, dikeldiş, fizioterapiýa hem-de bejeriş bedenterbiýesi bölümleri, rentgenografiýa, ultrases barlaglary, elektrokardiografiýa, elektroterapiýa, owkalap bejeriş we akupunktura otaglary, kliniki barlaghanalar hem-de beýlekiler bar. Bu ýerde şeýle hem otolaringologyň, stomatologyň we beýleki hünärmenleriň ýokary hilli kömegini almak bolýar.

Şypahananyň gurluşyk meýdançasynyň çäginde dik guýy gazylyp, 600 metr çuňlukdan ýod-bromly bejeriş-mineral suwly tebigy çeşme tapyldy. Bejeriş mineral suwunyň düzüminde bromyň mukdary 312 mg/dm kuba, ýoduň mukdary 53,54 mg/dm kuba deňdir. Onuň düzüminde aniomlardan — hlor, gidrokarbonat, kationlardan kalsiý, magniý we natriý bar. Suwuň minerallaşmasy 20 mg/dm kub, aşgarlylygy 5,28, ýylylygy 22 gradusa deňdir.

Binanyň aşaky gatynda ballneoterapiýa we palçyk bilen bejeriş bölümleri ýerleşdirilip, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň — “Unbescheiden” we “BEKA” german kompaniýalarynyň mineral suw bilen bejermek üçin niýetlenen wannalary oturdyldy. Bu wannalar suwasty massaž, oňurgany suw astynda çekmek, elleriň we aýaklaryň üçin dört kameraly wannalardyr. Bu ýere gelýänler mineral wannalar bilen bir wagtda, hromoterapiýa hyzmatyny — yşyk bilen bejergini alyp bilýärler. Olaryň ikisi hem özboluşlylygy bilen adamyň ýagdaýyna köpugurly täsirini ýetirýär.

Şeýle hem bu ýerde şarko duşundan hem-de bejeriş duşunyň beýleki görnüşlerinden, fangoterapiýa otaglarynda spa-kapsulalaryndan — mineral palçyklary we parafin bilen bejeriş hyzmatlaryndan peýdalanmak bolýar. Olaryň hemmesi peýdaly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, janyňa-da ýakymlydyr. Olary diňe dürli kesellerde lukmançylyk görkezmeleri boýunça däl-de, gurplandyryjy, ýaşaldyjy we kosmetologiki serişdeleri hökmünde ulanmak bolýar.

Dikeldiş merkeziniň birinji gatynda deňiz we mineral suwly howuzly gidroterapiýa bölümi ýerleşdirildi. Daýanç-hereket synasy keselli, şikesli we operasiýa geçiren adamlar üçin howuzda hereket etmek üçin ýörite gidrawlikler göz öňünde tutulandyr. Howuzlar täze lukmançylyk enjamlary: akwatrenažýor, suwasty ylgaw ýodasy bilen üpjün edildi. Suwda maşklaryň ýerine ýetirilmegi gury ýerde ýerine ýetirilýän adaty maşklardan tapawutlylykda, görnetin netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ähli maşklar aýratynlykda saýlanyp alynýar hem-de bejeriş we uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe boýunça tälimçileriň gözegçiliginde geçirilýär.

SPA bölüminde ýörite enjamlaryň kömegi bilen bedene oňaýly täsir edýän akwamassaž, krioterapiýa, baroterapiýa, infragyzyl şöhleler, infragyzyl, gury we türk hammamy, bugly, galoterapiýa, aromaterapiýa, owkalap bejeriş hem-de kneýp boýunça suw bejergisi ýaly döwrebap we netijeli usullar ulanylýar.

Germaniýanyň “MECOTEC” kompaniýasynyň kriokamerasynyň kömegi bilen sowuk howa (-60 we -120oC) arkaly bejergi geçirilýär, bedeniň ätiýaçlyk mümkinçiliklerini işjeňleşdirýär hem-de içki beden agzalarynyň işini gowulandyrýar. Bu usul diňe belli bir kesellerde däl-de, eýsem, kesel ýokmazlyk serişdesi hem-de estetiki lukmançylygy hökmünde hem ulanylýar. Agaçdan taýýarlanan infragyzyl kabina bolsa gyzdyrylanda peýdaly fitonisidleri bölüp çykarmak bilen, bedeni arassalamaga we ondan zyýanly galyndylary çykarmaga ýardam edýär.

Binanyň ikinji gatyndaky maslahat beriş-anyklaýyş bölümi kabul ediş bölümini, Germaniýanyň “Siemens med” ýaly abraýly önüm öndürijileriniň enjamlary oturdylan ultrasesli anyklaýyş otagy, stomatologiýa otagyny öz içine alýar. Bu ýerde hem “Sirona” nemes kompaniýasynyň 3D kameraly hem-de adaty dolandyryşy, endodontiki we implantologiki bejergilerini geçirmek, lukmanlary hem-de näsaglar üçin amatly şertleri döretmek üçin birleşdirilen funksiýalary özünde jemleýän “Teneo” enjamy oturdyldy.

Bölümde enjamlaşdyrylan newrologiýa, ortopediýa, dermatologiýa, kardiologiýa, EKG, rentgen, oftalmologiýa, otolaringologiýa, endokrinologiýa otaglary hem-de köpugurly seljerme geçiriji barlaghana, barlag geçirmek üçin zerur bolan beýleki ajaýyp ýörite tehnikalar bar. Şolar “HUMAN”, “OHAUS — BRD” (Germaniýa), “BIOMERIEUX”, “HORIBAABX” (Fransiýa), “Elitech” (Niderlandlar) we “Arctiko” (Daniýa) kompaniýalarynyň önümleridir.

Binanyň 3-nji gatynda täze tehnologiýalara eýe bolan dikeldiş we fizioterapiýa bölümleri ýerleşýär.

Adamyň beden ýagdaýyny kesgitlemek üçin maşklaryň toparyny dogry düzmäge hem-de näsaglara agram derejesini saýlap almaga kömek edýän öňdebaryjy nemes enjamlary bilen synagdan geçiriji zal göz öňünde tutuldy. Bu ýerde «Templo» kompaniýasynyň «Vicon Motion 2 D» hereketleriň täze analizatory, «Bod Pod» bedeniň analizatory, «Quark CPET» stasionar ulgamy hem-de anyklaýyş enjamy — «Cosmed» kompaniýasynyň ergometri, «HP Cosmos» kompaniýasynyň lokomosion enjamy ornaşdyryldy.

Müşderilere bejeriş bedenterbiýesi boýunça ýokary derejeli lukmanlar hyzmat edýär. Döwrebap usullaryň dürli görnüşi, dikeltmäge aýratyn çemeleşme oňat netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Fitnes zaly «Frei AG» we «Gym 80» (Germaniýa) hem-de «Airex» (Şweýsariýa) kompaniýalarynyň zerur täze türgenleşik enjamlary bilen üpjün edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bejeriş bedenterbiýesi bedene täsiriň beýleki usullary bilen bir hatarda, birmeňzeş orun eýelemelidir. Bu kuwwatly dikeldiş-öňüni alyş serişdesi hassanyň çalt sagalmagyna, bedeniniň goraýjy güýçlerini jemlemäge ýardam edýär.

Bu işiň dogry guralmagy hem-de lukmanyň we tälimçiniň bu işi dogry hem-de sowatly guramagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Bejeriş-bedenterbiýe toplumynyň maşklary näsaglaryň dürli toparlary üçin maşklary saýlap almagyň ýörite maksatnamasy boýunça işlenip taýýarlanylmalydyr. Şunda degişli işgärleri taýýarlamak, bu ugurda usulyýet, ylmy-barlag we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek möhümdir.

“Awaza” şypahanasynyň fizioterapiýa bölümi oňurga, ýürek-damar ulgamlaryny, dem alyş, bogun kesellerini, insultdan soň dikeldiş, şikes ýetmeleri bejermekde oňat netijelere gönükdirilen bejeriş kadalaryny hödürleýär.

Bölümiň düzüminde elektrobejeriş otagy hem-de Italiýanyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň belli kompaniýalarynyň enjamlary bar. Elektrik toklarynyň, elektrik, magnit ýa-da elektromagnit tolkunlarynyň bedene täsirini peýdalanmak bogunlaryň işjeňligini artdyrmaga, beden etiniň bozulmasyny peseltmäge, agyryny aýyrmaga, dokumalarda metaboliki ösüşleri gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem bu bölümde mehanoterapiýa ulanylýar — bu aýry-aýry bogunlarda işjeňligi ösdürmek üçin ýörite gurnalan enjamlarda beden maşklaryny ýerine ýetirmek bolup durýar. “Awaza” şypahanasynda mehanoterapiýa “BEKA” hem-de “ORMED” german kompaniýalarynyň enjamlarynda geçirilýär. Türgenleşik enjamlarynyň tehniki gurluşy näsag üçin oňaýly düzgünde hereketleri emaý bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Lukmançylygyň aýratyn ugry ergoterapiýa bolup, ol hereketleri dikeltmek hem-de adamy kadaly durmuşa uýgunlaşdyrmak, oňa özbaşdaklygy gazanmaga ýardam etmek bilen meşgullanýar. Başgaça aýdanyňda, ergoterapiýa kesel ýa-da şikes ýetmeler zerarly beden çäklendirmelerine eýe bolan adamyň durmuşyny gowulandyrmagy ugur edinýär. Ergoterapewt lukman näsaga özüne seretmegi, işlemegi, dynç almagy öwrenmäge ýardam eder.

“Awaza” şypahanasyna gelýänler iňňerefleksoterapiýa otagynda dürli keselleri, şol sanda newroz, nerw bozulmalary, endokrin ýa-da ukusyzlygy bejermäge ýardam edýän bejergileri alyp bilerler.

Sling-terapiýasy üçin “Frei AG” nemes kompaniýasynyň ýörite enjamlary oturdyldy. Şolar keseli anyklamagyň, işjeň bejerginiň we maşklaryň doly ulgamyny öz içine alýar, şonuň esasynda her bir näsaga aýratyn çemeleşilýär. Bu usuly “asylma ýagdaýda bejergi” diýip hem atlandyrýarlar, sebäbi bejergi mahaly näsag maýyşgak baglara dakylan ýörite bandažda asylýar. Ol güýjüňi artdyrmak, beden etlerini taplamak, berkitmek ýa-da dartylan beden etlerini gowşatmak, bogunlarda durnuklylygy gowulandyrmak we sensor-motor ulgamyny gowulandyrmak hem-de öz-özüňi duýşuňy, saglygyňy, göwräňi tutuşyňy we ýöreýşiňi gowulandyrmak, oňat beden gurluşyňy saklamak üçin ulanylýar. Şeýle hem lukmançylyk görkezijileri boýunça (skolioz, gryža we beýlekiler) kömekçi türgenleşikler hökmünde türgenler hem-de oturyp işleýän adamlar tarapyndan ulanylyp bilner.

Şeýle hem ozon terapiýasy otagynda bolmak maslahat berilýär, çünki şäherde ýaşaýan adam, köplenç, kislorod ýetmezçiligini başdan geçirýär, şol sebäpli kellagyrysy, depressiýa, yzygiderli ýadawlyk peýda bolýar, arterial gan basyşy ýokarlanýar. Kislorodyň ýetmezçiligi beden agzalarynyň hem-de ulgamlarynyň köpüsiniň nädogry işlemegine getirýär. Ozon terapiýasy diňe sowuklama, gulak, burun, bokurdak keselleriniň öňüni almagyň usuly hökmünde däl-de, eýsem, şolary tiz bejermegiň usuly hökmünde hem özüni gowy tarapdan görkezdi. Ozon bilen bejermegiň netijesinde, ganaýlanyşygy, dokumalarda alyş-çalyş ösüşleri, ähli içki beden agzalarynyň işjeňligi gowulanýar.

Mundan başga-da, “Awaza” şypahansynda fizioterapiýanyň pressoterapiýa (gysylan howa bilen owkalamak), lazer bilen bejermek, aromaterapiýa, galoterapiýa ýaly görnüşleri elýeterlidir.

Merkezde nerw ulgamynyň kesellerinde (funksional bozulmalar, newroz, gan-damar distoniýasy, ýadawlyk, ostehondroz, newrologiýa, neýropatiýa), ýürek-damar kesellerinde (gipertoniýa, işemiýa, kardioskleroz, ateroskleroz, warikoz), daýanç-hereket ediş beden agzalary (artrit, poliartrit), endokrin kesellerinde (aşa semizlik, bokurdak mäziniň işiniň bozulmagy, süýji diabeti, gipofizar ýetmezçilik), dem alyş ulgamynyň kesellerinde (demgysma — başlangyç we orta derejede, hroniki bronhit, faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinoz, allergiki rinosinusit) we beýleki köp sanly kesellerde hyzmatlary etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.

Şypahanada howa, balneofizioterapiýa, iglorefleksoterapiýa arkaly bejeriş bilen birlikde, türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitoterapiýa aýratyn üns berler. Sagaldyş toplumynda saglygyny bejerdýänleriň her biri fitobarda melhemlik içgilerden, ösümliklerden taýýarlanan şirelerden dadyp biler. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy işinde milli tebipçilikde köp asyrlaryň dowamynda üstünlikli ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary jikme-jik beýan edilýär.

Mundan başga-da, näsaglaryň boş wagtyny peýdaly geçirmegi üçin kitaphana we Internet zal, bilýard oýnamak üçin niýetlenen sport zallary göz öňünde tutuldy. Toplumyň çäginde açyk howuz, kafeteriý, futbol, basketbol, tennis oýnamak üçin sport meýdançalary ýerleşdirildi.

Binanyň 4-nji gatyndan 8-nji gatyna çenli otaglarda näsaglaryň we dynç alýanlaryň ýaşamagy üçin amatly şertler döredildi. Olar mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen bir, iki orunlyk, lýuks, super lýuks we king lýuks derejeli otaglardyr.

Agşamara ýene-de bir dabara boldy — Hazaryň kenarynda dynç alyş merkezli “Awaza” akwaparky açyldy, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna, ozaly bilen, ýaş nesle nobatdaky ajaýyp sowgady boldy.

Şu ýylyň martynda milli Liderimiziň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny dolandyrmagy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň garamagyna bermek barada karara gelendigini ýatlamak ýerliklidir.

Döwlet Baştutanymyzyň bu çözgüdi deňiz şypahanasyny ösdürmekde has işjeň tapgyryň başlangyjyny aňladýar. Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, işewürligiň çeýeligi we ykjamlylygy, bazar meýillerini bilmegi, tiz öwrenmek, gujurlylyk hem-de başyny başlaýjylyk häzirki üýtgäp durýan ykdysady ýagdaýlarda zerur bolup, has batly ilerlemek üçin zerurdyr. Munuň üçin döwlet tarapyndan zerur bolan ähli çäreler görüldi, ynamly meýilnamalara we başlangyçlara giň ýol açylýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň telekeçilerine uly goldaw berýär.

TSTB “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge uly goşant goşup, nobatdaky giň gerimli taslamany amala aşyrdy.

Täze akwapark bu ýerde dynç alýan dürli ýaşdaky adamlaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen beýleki desgalar bilen bir hatarda, suw attraksionlaryny hem öz içine alýan iri toplumdyr. Ajaýyp desga gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezini, dürli harytlar satylýan dükanlaryň onlarçasyny, supermarketi, 30-a golaý kafedir restoranlary, 1640 orunlyk amfiteatry, myhmanhanany, şeýle hem dürli emeli daglary, emeli kölleri, şaglawuklary, dag çeşmejikleri — başdan geçirmeleriň tutuş ýurduny öz içine alýar.

Çagalar döredijilik toparlary myhmanlary şadyýan aýdymlarydyr joşgunly tanslary bilen garşylaýar.

Ýygnananlara ýaşuly nesliň wekilleri — hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýüzlenip, hemmeleri, ilkinji nobatda, çagalary bu ajaýyp seýilgähiň açylmagy bilen gutladylar. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ösüşiň hem-de döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhynda her bir gün beýik işlere we ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynda şu günki dabara ýaly şanly wakalaryň köp sanlysy bar.

Halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleriň döredilmegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna ähli türkmenistanlylaryň adyndan çäksiz hoşallyk sözleri aýdyldy, barha gözelleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň täze keşbe yzygiderli eýe bolmagy munuň ajaýyp mysalydyr.

Akwaparkyň uly giňişliginde çagalar ruhubelentlik bilen suwa düşüp, suwa bökýärler, suwly depejiklerden typýarlar. Daş-töwerekde çaga gülküleri, şatlyk we begenç duýgulary asmana galýar.

Toplumyň umumy meýdany 30 gektara golaýdyr. Merkezi desga — 3 gatly ýapyk akwapark 41 müň inedördil metrden gowrak meýdany eýeleýär hem-de ýylyň ähli paslynda suwa düşmäge niýetlenendir. Bu binanyň merkezinde ýerleşdirilen ägirt uly emeli dag we şaglawuk tropiki landşafty döretmek pikiri bilen haýran galdyrýar.

Bu ýerde çagalar we ulular üçin dürli ölçegdäki howuzlar, şol sanda sörfing üçin howuz, ululy-kiçili päsgelçilikli suw attraksionlary, ýarym olimpiki ýüzülýän howuz, şeýle hem emeli deňiz kenary, çäge bilen ýörite örtülen woleýbol meýdançasy bar.

Çagalar üçin ýaşyna görä, dürli güýmenjeler göz öňünde tutuldy. Olaryň oýnamagy üçin ýerler, hiňňildikleriň we oýnawaçlaryň, suw pürküjileriň, suwa düşmäge gelen her dürli jandarlaryň keşpleri hem-de ertekileriň gahrymanlary ululygy bilen haýran galdyrýar. Şu gün baýramçylyga daglarda we suwuň ýakasynda gezelenç edip ýören multfilmleriň gahrymanlary hem geldiler.

Kenarda hem wagtyňy şadyýan geçirip bolýar, bu ýerde çäge bilen ýörite örtülen kenarýaka woleýbolyny oýnamak üçin meýdança bar. Binanyň töwereginiň we üstüniň ýörite aýnalar bilen örtülmegi açyk meýdançada Gün şöhlesiniň astynda dynç alýan ýaly duýgulary döredýär.

Bulardan başga-da, binada dürli görnüşli elektron oýun meýdançasy, 7D kinoteatr, kafeler we restoranlar ýerleşýär, şolarda milli tagamlarymyz hem-de dünýä halklarynyň tagamlary hödürlenilýär, dynç alyş ýerleri, sauna, hammam, gözellik salony bar.

Gaýa görnüşli basgançaklar bilen bezelen açyk akwaparkyň gözel keşbi gözüňi dokundyrýar, dynç alýanlar üçin dürli ýerlerde kenar saýawanlary hem-de telärler oturdylypdyr, oýnamak we suwa düşmek üçin ähli şertler döredilipdir. Üsti ýapyk görnüşli akwaparkda bolşy ýaly, bu ýerdäki attraksion howuzlary, belentlikden bökülýän howuz, suw topy sporty bilen meşgullanmak üçin howuz, emeli tolkunly howuzlar haýran galdyrýar.

Şeýle hem uzynlygy 800 metrden gowrak bolan emeli derýa bellärliklidir, ol gaýykly gezelenç etmäge niýetlenendir. Onuň ýene-de bir aýratynlygy syýahatçylarda şol birwagtyň özünde daglarda hem-de deňziň kenarynda dynç alýan ýaly duýgyny döredýänligidir. Gaýykda ýüzýänler üçin ýörite gowaklarda duralga we naharhana göz öňünde tutuldy.

Suw pürküji enjamlar, dürli reňkli suw depejikleri we beýleki oýun enjamlary körpeleriň dynç alşyny täsirli duýgulara beslär. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — bagtyýar çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy” diýen sözleriniň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Käbir suw attraksionlarynda gurnalan enjamlar, ýel berlen gaýyjyklar, maşgala ýa-da köpçülik bolup typmaga niýetlenendir. Desganyň çäginde ýerleşýän ähli howuzlar süzgüçler arkaly arassalanylýar. Şeýle hem deňiz suwuny süýjetmek üçin ýörite enjamyň peýdalanylmagynyň toplumyň howuzlaryny arassa suw bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýändigini bellemek gerek.

“Gowakly” atly kafe akwaparkyň ýene bir ajaýyplygydyr. Onuň binagärlik görnüşi gadymy dag gowaklaryny we kerwensaraýy ýatladýar. “Adajyk” kafesi öz adyna laýyklykda, daş-töweregi suw bilen gurşalan adany ýada salýar. “Çeşme” kafesi binagärlik aýratynlygy we bezegi bilen tapawutlanýar. Onuň çäginde ýerleşen emeli köl bu desga aýratyn öwüşgin berýär, kölüň kenarynda çadyryň kölegesinde çeşmäniň şildirdisine diň salyp, dynç almak aýratyn täsir galdyrýar.

“Körpejik” kafesiniň töwereginde çagalaryň oýnamagy üçin oýnawaçlaryň köp görnüşleri bar. “Köpetdag” kafesi myhmanlaryny emeli daglaryň arasynda garşylaýar, bu daglara gezelenje hem gidip bolýar. “Ýelken” kafesi bolsa emeli kölüň kenarynda ýerleşýär.

Dynç alýanlaryň ähli hasaplaşyklary ele dakylýan ýörite çipli bilezikler arkaly geçirip bilmegi toplumyň ýene bir aýratynlygydyr. Bu bolsa desgada ýokary innowasiýa enjamlarynyň peýdalanylyp, dynç alýanlar üçin amatly şertleriň döredilýändigini görkezýär.

Toplumyň çäginde bina edilen iki gatly söwda merkezi akwaparka gelýänler üçin hem, Awazada dynç alýanlaryň ählisi üçin hem aňrybaş amatly şertleri döredýär. Desganyň çäginde gije-gündiz işleýän söwda dükany hem-de kafe ýerleşýär, toplumyň eskalatorlar we liftler bilen enjamlaşdyrylmagy ilatymyz üçin döredilýän ýokary derejeli amatlyklaryň görkezijisidir.

Toplumyň düzümine girýän myhmanhanada iki otagly otaglar göz öňünde tutuldy. Şonda maşgala bolup we dostlaryň arasynda wagty gyzykly geçirmek üçin ähli şertler döredildi.

Bu ýerde konsertleri we baýramçylyk tomaşalaryny guramak üçin 1640 orunlyk amfiteatr bar, ol häzirki zaman enjamlary, şol sanda dünýä derejeli yşyklandyryş enjamlary bilen üpjün edilip, medeniýet ulgamynyň işgärleri hem-de tomaşaçylar üçin ähli şertler döredilendir.

Onuň sahnasynda açylyş dabarasyna bagyşlanan ilkinji konsert boldy. Ýurdumyzyň belli aýdymçylarynyň hem-de tans toparlarynyň gatnaşmagynda guralan sazly şüweleň döredijilik-etnografiýa alamatlary bolan aýdym-sazly çykyşlary, estrada aýdymlaryny hem-de milli nusgawy aýdymlaryň häzirki zaman görnüşlerini öz içine aldy.

Her bir artist konsert maksatnamasyna gaýtalanmajak aýratynlygyny goşdy, tomaşaçylar olary şadyýan goldap, el çarpyşmalary bilen sazlaşmany emele getirdiler, olar ajaýyp aýdym-sazlaryň heňine bendi boldular.

Öz döredijiligi bilen çykyş edenler watandaşlarymyzyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda beýik özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylan ajaýyp döwründe ýaşamak bagty üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Ertekiler dünýäsini ýada salýan “Awaza” akwaparky dynç almaga gelýänleri gujak açyp garşylaýar. Hormatly Prezidentimiziň özlerine bildirýän ynamyny ödemegi baş maksat edinen türkmen gurluşykçylarynyň söýgüsi, mähir-yhlasy, zähmetsöýerligi bilen döredilen toplumyň her bir desgasy milli binagärlik öwüşginini özünde jemleýär.

“Awaza” akwaparkynyň diňe bir ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ähli ýaşdaky adamlaryň däl-de, daşary ýurtly myhmanlaryň hem iň köp gelýän künjegine öwrüljekdigi şübhesizdir, olar bu ýerde öz wagtyny gyzykly we saglyk üçin peýdaly geçirip bilerler, bu bolsa, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkara abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyna ýardam berer.

Biz islendik sepgitleriň hötdesinden gelmegi başarýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn döredijilik başlangyçlaryny öňe sürmek we goldamak üçin ähli şertleri döredip, watandaşlarymyzy ýurdumyzyň durmuşyna işjeň gatnaşmaga hem-de möhüm döwlet çözgütlerini kabul etmäge çagyrýar. Munuň üçin “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy ajaýyp nusga bolup durýar.

Tomus möwsüminde açylan desgalar Awazada dynç alýanlaryň müňlerçesine ajaýyp sowgat boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek — bu diňe myhmanhanalar ulgamyny giňeltmek däl-de, eýsem, amatlyklaryň, sagaldyş hyzmatlarynyň ýokary hilli derejesidir. Munuň özi dynç almagyň döwrebap ulgamyna, adam saglygyny, onuň beden, aň-paýhas hem-de ruhy güýjüni dikeltmegiň ajaýyp şertlerine eýe bolan ülkäniň tebigy gözellikleriniň we serişdeleriniň sazlaşykly utgaşmasyna täzeçe çemeleşmedir.

Türkmenistanlylaryň abadançylygyny hemmetaraplaýyn üpjün etmegi ugur edinýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesi bolan bu ajaýyp taslama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlaýan we yzygiderli ýöredýän deňi-taýy bolmadyk özgertmeleriniň anyk nyşany bolup durýar.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze durmuş maksatly desgalaryň — Merkezi Aziýada iri köpugurly hassahananyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz şeýle desgalaryň gurluşygynyň barşyna şolaryň ähli möhüm tapgyrlarynda, şol sanda desgalar gurlanda we enjamlaşdyrylanda hut özi gözegçilik edýär.

Geçen ýylyň başynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Lebap welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenabatda şol köpugurly lukmançylyk merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Milli Liderimiz hassahananyň çäklerini synlap, bu özboluşly edaranyň diňe tutuş ýurdumyzdan däl-de, eýsem, daşary döwletlerden, ozaly bilen, goňşy ýurtlardan, şol sanda Owganystandan näsaglary kabul etmäge-de mümkinçilik berjekdigini belledi.

Asyrlarboýy türkmen halkyna mahsus bolan belent ynsanperwer gymmatlyklaryna eýe bolan ýurdumyz Owganystana ynsanperwer kömegini yzygiderli ugradýar, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge uly goldaw berýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda mekdep, saglyk öýi hem-de çaga dogrulýan öý gurlup, ýerli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamak üçin oňa lukmanlaryň we şepagat uýalarynyň topary, lukmançylyk hem-de beýleki zerur bolan serişdeler ugradyldy. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurtda bäbekhana gurmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň işlemegini hem öz howandarlygyna aldy.

Mundan başga-da, döwletara ylalaşyklaryň esasynda Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň onlarçasy bilim alýar. Olar dürli hünärlere eýe bolýarlar.

Häzir türkmen elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde Owganystan Yslam Respublikasynyň demirgazyk welaýatlaryna iberilýär. Goşmaça energiýa kuwwatlyklarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen bolsa ýurdumyz Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň mukdaryny ep-esli artdyrmaga taýýardyr.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ikitaraplaýyn gatnaşyklarda uly ähmiýete eýedir. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagy owgan ykdysadyýetini ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ileri tutulýan durmuş meselelerini çözmäge, täze iş orunlaryny döretmäge gös-göni ýardam eder.

Şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň we Hindistanyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryň düýbi tutuldy. Kerki — Ymamnazar — Akina täze demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy.

Mahlasy, türkmen halky hoşniýetli goňşy hökmünde doganlyk owgan halkynyň kynçylyklaryna raýdaşlyk bildirýär hem-de parahatçylygy we durnuklylygy gazanmakda onuň tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda daşary ýurtly näsaglaryň gelmegi, şeýle hem hassahanany ylmy-usulyýet we işgärler bilen üpjün etmek bilen bagly guramaçylyk meseleleri çözüldi. Lukmançylyk merkezinde işlemek üçin ýokary derejeli hünärmenler çekiler, şu maksat bilen paýtagtymyzdaky we daşary ýurtlardaky ugurdaş hassahanalar bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýlar.

Hassahananyň golaýynda saglygy goraýyş işgärleri üçin döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy bina edildi, onuň gurluşygyna 2016-njy ýylyň iýulynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda badalga berildi. Toplum 3 we 4 otagly öýleri, oňat enjamlaşdyrylan aşhanalary, eýwanlary bolan ýokary amatlykly 4 gatly jaýlaryň 6-syny öz içine alýar. Umuman, ýaşaýyş jaý toplumy 200-e golaý maşgalanyň ýaşamagy üçin niýetlenendir.

Gurluşyk-gurnama işlerini “Altyn bürgüt” we “Gadymy nagyş” hususy kärhanalarynyň hünärmenleri amala aşyrdylar. Gurluşlar we serişdeler bilen Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” önümçilik birleşigi üpjün etdi.

Ýaşaýyş jaý toplumynyň çäkleri oňat hilli abadanlaşdyrylyp, bu ýerde dynç alyş zolaklary, çagalar oýun we sport meýdançalary guruldy, agaç nahallarynyň ýüzlerçesi oturdyldy. Şolar owadan çyralar, ýodalar, oturgyçlar bilen bilelikde, ajaýyp seýilgäh zolagyny emele getirýär.

Saglygy goraýyş şäherçesiniň açylyş dabarasy uly baýramçylyga öwrülip, oňa şäher we welaýat häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenabadyň hormatly ýaşululary, köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Howa şarlary we dürli reňkli toý baglary, çarçuwaly şygarlar bilen bezelen bejeriş binalarynyň ýanynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmelerini wasp edip ýaňlanan aýdymlar we sazlar toý şowhunyny döretdi, döredijilik toparlary joşgunly tanslary ýerine ýetirdiler.

Döwrebap lukmançylyk toplumy 50 müň inedördül metre golaý ýa-da 8 gektar meýdany eýeläp, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Irlandiýanyň, Şweýsariýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy kärhanalarynyň lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köpugurly hassahanany we ýokanç keselleri hassahanasyny, lukmanlar üçin ýaşaýyş jaý toplumyny öz içine alýar. Bu iri maýa goýum taslamasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy — “NAHAL” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

676 orunlyk 5 gatly baş binada gaýragoýulmasyz tiz kömek, anesteziologiýa-reanimasiýa, angiografiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, fizioterapiýa, gemodializ, rentgenologiýa, oftalmologiýa, hirurgiýa, kardiologiýa, otorinolaringologiýa, nefrogematologiýa, neýrohirurgiýa, newrologiýa, merkezi we periferiki nerw ulgamynyň keselleri, oňurga patologiýasy, rewmatologiýa, toksikologiýa, trawmatologiýa hem-de ortopediýa, urologiýa, trawmatologiýa bölümi, gan banky, barlaghana we beýlekiler bar.

Gije-gündiz işleýän gaýragoýulmasyz tiz kömek bölüminde syrkawlary barlamak üçin otaglar, keseli dessin we takyk anyklamak, hassalara kardiologiýa, newrologiýa, pulmonologiýa, endokrinologiýa, gastroenterologiýa, hirurgiýa ýaly ugurlar boýunça ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin otaglar bar.

Bu ýerde ulanmak üçin ykjam, ygtybarly we amatly reanimasiýa hem-de anyklaýyş enjamlary oturdyldy. Lukmanlaryň ygtyýarynda “Nihon Kohden Europe GmbH” ykjam defibrillýator, “Oxylog 2000 Plus” kysymly göçme emeli dem alyş enjamy we beýleki tehnikalar bar. Şeýle hem “Tiz kömek” gullugy bilen hassahana getirilen örän agyr ýagdaýdaky adamlar üçin tiz bejeriş ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.

Trawmatologiýa bölüminiň operasiýa otagy hem täze döwrebap lukmançylyk abzallary, ýagny “Drager” kompaniýasynyň (Germaniýa) “Fabius Tiro” narkoz beriji enjamlary, köpugurly operasiýa stoly bilen üpjün edildi. Hassahanada syrkawlary hasaba almagyň elektron ulgamy ornaşdyryldy. Hassalar kesellerine baglylykda, zerur hünärmeniň ýanyna hem-de gündizki bejergiler üçin degişli bölüme ugradylýar.

Hassahananyň rentgenologiýa bölüminde oturdylan öňdebaryjy enjamlar, şol sanda dünýä belli “Toshiba” kompaniýasynyň öndürýän “Aguilion ONE Vision” kompýuter tomografy keselleri takyk anyklamaga ýardam eder, ol 4D görnüşdäki suraty almaga mümkinçilik berýär.

“Magnetom Essenza Siemens” magnitli rezonans ulgamynyň kömegi bilen keselleriň birnäçesini ýüze çykarmak bolýar. Olar dürli sowuklama hem-de çişler, gan-damar we nerw ulgamlarynyň, oňurga hem-de bogunlaryň keselleri we beýlekilerdir. Bu usul, köplenç ýagdaýda, keseli diňe irki döwründe ýüze çykarmaga däl-de, eýsem, onuň gelip çykyşyny kesgitlemäge, öz wagtynda dogry bejergini bellemäge mümkinçilik berýär.

“Siemens” kompaniýasynyň “Luminos Fusion” flýuoroskopy — bu öýken kesellerini anyklamak üçin sanly enjamdyr. Adaty flýuroskoplar bilen deňeşdireniňde, ol näsagyň bedenine rentgen şöhlelenmäniň ýaramaz täsirini doly diýen ýaly aýyrýar. Şeýle hem bölümde ykjam rentgen ulgam —“Mobilett Mira Max Siemens AG, Siemens Healthcare GmbH” sanly ulgam ornaşdyryldy, ol süňk bogun ulgamynyň, aşgazan-içege, garyn boşlugy we beýleki keselleri anyklamakda möhümdir.

Maslahat beriş we anyklaýyş bölüminde näsaglary ýokary hünärli kardiolog lukmanlar, rewmatologlar, endokrinologlar, psihiatrlar, oftalmologlar, akuşer-ginekologlar, otolaringologlar we pediatrlar kabul edýärler. Bu ýerde lukmançylygyň soňky gazananlaryna laýyklykda üpjün edilen belli bir ugurly anyklaýyş otaglary bar.

“Toshiba Aplio-500” ultrases barlag enjamy oturdyldy. Bu enjam düýpgöter täze, döwrebap usula esaslanyp, kliniki taýdan takyklygy boýunça özboluşly we ýokary derejedäki şekilleri oňat hilde görkezmäge ukyplydyr. Enjam sensor dolandyryş paneline, kabul ediş-geçiriji ýaýlymlaryň onlarça müňüsine, datçikleriň 30-dan gowrak görnüşine eýe bolup, garyn boşlugyny, kiçi beden agzalaryny, damar-skelet ulgamyny, iýmit geçiriji beden agzalaryny, kardiologiýa barlaglaryny geçirmek üçin niýetlenendir.

«Toshiba Aplio 500» UZI-skaneriň kömegi bilen ýüregiň morfologiýasyny we üýtgemelerini hem-de onuň klapan enjamynyň (EHO-KG usuly), şeýle hem beýniniň ultrases barlaglaryny, şol sanda täze doglan çagalarda (bir ýaşa çenli) geçirmek mümkindir. Bu anyklaýyş usuly magnit-rezonans tomografiýasynyň usulyny çalyşdy.

Anesteziologiýa — reanimasiýa bölümi 24 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi keseli agyrlaşan näsaglara güýçlendirilen bejergi we dikeldiş çärelerini amala aşyrmakdan, hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional barlaglarda agyrysyzlandyrmanyň dürli usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden we hassahana gyssagly getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk kömegini bermekden ybaratdyr.

“Drager” kompaniýasynyň işläp taýýarlan “Infiniti Omega” atly ýörite kompýuter programmasy näsaglaryň ýagdaýy baradaky görkezijileri özünde jemleýär hem-de olary ýazyp saklaýar we arhiwleşdirýär. Statistika maglumatlary ylmy-barlaglar geçirilende hünärmenler tarapyndan peýdalanyp bilner.

Näsagyň beden agzalarynyň görkezijileri “Infiniti Delta” kardiomonitorlaryň kömegi bilen anyklanýar, olar näsaglaryň ýagdaýyna, arterial gan basyşyna, dem alşyna, ýüregiň urşuna, ganyň düzümindäki kislorodyň derejesine, bedeniň temperaturasyna gözegçilik etmäge ýardam edýär.

Bölümde oturdylan “Drager Sawina 300” emeli dem alyş enjamlar häzirki wagtda öňdebaryjy we ygtybarly enjamlar hasaplanýar. Olaryň kömegi bilen dem alyş beden agzalarynda hem-de öýkenlerinde keseli bolan adamlarda bejeriş geçirilýär.

“TES-5631” kardiodefibrillýatory näsagyň ýürek işjeňliginiň bozulan halatynda, aritmiýalaryň dürli görnüşlerinde gyssagly gaýragoýulmasyz kömek bermäge niýetlenendir. Güýçli täsirli derman serişdelerini takyklanan mukdarda damara goýbermek üçin “Injectomat MC Agilia” hem-de “Volumat MC Agilia” perfuzomatlary ulanylýar.

Bulardan başga-da, bölümde näsaglarda goşmaça barlag geçirmek hem-de bejeriş mahaly keseli anyklamak, şol sanda häzire çenli bar bolan enjamlaryň arasynda has kämil hasaplanýan “Aplio 500 TUS-A500/WA” ultrases enjamlary, “Mobilet Mira Max” ykjam rentgen enjamy bolup, ol agyr ýagdaýda ýatan ýa-da hereketi çäklendirilen näsaglarda rentgenografiýa barlagyny geçirmek üçin niýetlenendir.

Iş orunlarynyň awtomatlaşdyrylmagyna hem-de operasiýalaryň geçirilýän mahaly hirurglaryň we anesteziologlaryň lukmançylyk gurallary bilen üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Narkoz üçin “Drager” kompaniýasynyň “Fabius Plus XL” we “Fabius Tiro” enjamlary häzirki zaman anesteziýa we öýkeni emeli ýagdaýda howalandyrmak usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýörite monitorda grafiki tablisa görnüşinde gan basyşy, ganyň düzüminde kislorodyň möçberi, näsagyň ýürek urşunyň ýygylygy, kömürturşy gazy, azodyň we näsagyň anesteziýa wagtynda dem alanda howanyň anestetiki derejesi baradaky maglumatlar peýda bolýar. Bu maglumatlar kardiohirurga, anesteziologa we beýleki hünärmenlere näsagyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Gany ýygnamak, arassalamak we guýmak üçin “Fresenius Kabi” nemes kompaniýasynyň “CATS Plus” enjamy, gany, onuň düzümleriniň, şeýle hem infuzion erginleri näsagyň bedenine goýbermezden ozal doň ýagdaýdan eretmek hem-de gyzdyrmak üçin ýörite enjamlar — “Barkey S-line” we “SAHARA-III” göz öňünde tutulandyr, olar içki gan urmalary tiz saklamak üçin zerurdyr.

Angiografiýa — hassahananyň işiniň ýene-de bir ugry. Bölümde “Toshiba” ýapon kompaniýasynyň önümi bolan “Infinix VF-i” angiografi oturdylyp, ol anyklaýyşda, şeýle hem ýürek-damar ulgamynyň kesellerini irki wagtda bejermekde, çylşyrymlaşmalaryň öňüni almakda, damarlaryň işjeňligini dikeltmekde ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Köpugurly barlaghana klinika-biohimiýa, sitologiýa, bakteriologiýa we beýleki barlaglary geçirmek üçin niýetlenen enjamlar bilen üpjün edilip, olar “EliTechGroup”, “Fresenius Kabi Deuschland”, “Glaswa-renfabrik kari Hecht”, “Horiba ABX SAS”, “SIEMENS”, “Tcoag Ireland Limeted” kompaniýalarynyň getiren enjamlarydyr.

Hususan-da, olar «VIDAS PC» aýratyn kompýuterli awtomatiki immunoanalizator, “ABX MikrosES60” kysymly gematologiki analizator bolup, ol 18 ölçeg boýunça ganyň seljermesini geçirmäge ukyplydyr, 4 tolkunly mehaniki analizator-“KC-4 Delta” koagulometri bolup, onuň kömegi bilen ganyň goýalmagynyň seljermeleri geçirilýär, “Mikrolab300” bolsa biohimiýa seljermesini geçirýär.

Bu enjamlar ganyň dürli keselleri — leýkoz, gemofiliýa, Werlgofyň keselleri, şeýle hem osteoporoz, epilepsiýa, şeýle hem azganlylygyň birnäçe görnüşleri barlananda ulanylýar. Barlaghanada ulanylýan immunologiýa analizatorlary galkan görnüşli mäziň gormonlaryna seljerme geçirilende, şeýle hem wiruslaryň birnäçe görnüşleri barlananda ýakyndan ýardam edýär. Biohimiýa seljerijileriniň kömegi bilen bagyr, böwrek, aşgazanasty mäz keselleri kesgitlenilýär.

Fizioterapewtiki bölümiň enjamlary amatly seçilip alnypdyr. Hususan-da, bu ýerde elektrik we magnit terapiýasy, lazer, ultramelewşe we ultrases terapiýasy üçin abzallar bar. Parafin we ozokerit applikasiýalary, refleksoterapiýa, owkalamak ulanylar, dem alyş ýollary keselli näsaglar üçin bolsa, dürli dermanlyk serişdeleriniň ingalýasiýasy ulanylar.

Ýokary basyşly kislorod kamerasy ýürek-damar we endokrin ulgamlarynyň, dem alyş we iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerini bejermek üçin ulanylýar. Ol maddalaryň alyşmagyny hem-de damarlarda gan aýlanyşyny, dezintoksikasiýany gowulandyrmaga ýardam edýär, trofiki ýaralaryň bitmegini hem-de operasiýadan soňky ýaralaryň bitmegini, şeýle hem döwük-ýenjiklerden we şikeslerden soň, süňkleriň bitmegini çaltlandyrýar, dokumalarda çişleriň azalmagyna we öýjükleriň täzelenmegine ýardam edýär.

Gastroenterologiýa bölüminde näsaglaryň 30-sy birwagtda bejergi alyp biler. Bu ýerde döwrebap enjamlary peýdalanmak bilen irki anyklaýyş hem-de aşgazan-içege we bagyr kesellerini bejermek üçin ähli şertler döredildi.

Lukmanlaryň ygtyýarynda sensor ekranly awtomatiki 3 tolkunly «CARDIOVIT MS-2010 SchillerAG» elektrokardiografy bar. Bu planşet ykjam EKG enjamy ýokary basyş şertlerinde işlemek üçin niýetlenip, esasan, näsagyň saglyk ýagdaýyna gije-gündiz gözegçilik etmek üçin niýetlenendir.

Fitoterapiýa burçunda dermanlyk ösümliklerinden dürli melhemlik çaýlary we beýleki däri-dermanlar taýýarlanar.

Gemodializ bölüminde ussat hünärmenler işleýär. Bejeriş tapgyryny geçirmek üçin “Fresenius FMC” kompaniýasynyň (Germaniýa) “emeli böwrek” “5008S” ýokary tehnologiýaly enjamy ulanylar. Häzirki döwürki ol ýiti we ötüşen böwrek ýetmezçiligi keselini bejermek, gany toksinlerden we zyýanly galyndylardan arassalamak üçin has netijeli usullaryň biri bolup durýar.

Toksikologiýa bölümi öz nobatynda “Multifiltrate” enjamlarynyň ikisi bilen üpjün edilip, olaryň kömegi bilen näsaglara himiki maddalar, derman serişdeleri, kömelekler bilen zäherlenmelerde, ýylan we mör-möjekler çakanda, iýmite bolan allergiýa reaksiýalarynda we dürli intoksikasiýa bilen emele gelen beýleki ýiti kesellerde gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berler.

Merkeziň beýleki bölümleri, şol sanda oftalmologiýa bölümi hem kyn operasiýalary geçirmäge, döwrebap hyzmatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän innowasion üpjünçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň düzüminde stasionar bolup, ol terapewtiki oftalmologiýa üçin niýetlenendir. Lukmanlaryň ygtyýarynda döwrebap kompýuterleşdirilen abzallar bolup, olar gaşlaryň, ýaş çykaryjy ýollaryň, gözüň görejiniň we düýbüniň kesellerini anyklamak we bejermek üçin ulanylýar.

«QUANTEL MEDICAL» fransuz kompaniýasynyň «Aviso» UZI enjamy, «HEIDELBERG» nemes kompaniýasynyň «Spectralis OCT» tomografy gözüň bardasynyň, onuň damarlarynyň kesellerini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Döwrebap kompýuter we lazer tehnologiýalary näsaglaryň ozal umytsyz hasaplanan gözlerini saklamaga mümkinçilik berýär. Bu usul gözleriň damar sowuklamasyny we çişmesini anyklamak üçin örän ähmiýetlidir.

Mikrohirurgiýa oftalmologiýasynyň operasiýa bölümi iki otagy öz içine alýar: olaryň biri lazer bejergileri, beýlekisi gözlerde çylşyrymly operasiýalary etmek üçin niýetlenendir. Bu ýerde «TAKA GI Seiko» mikroskoplary, «QERTLI» fakoemulsifikatorlary we witreotomlary, «QUANTEL MEDICAL» we «EXELSIUS MEDICAL» lazer enjamlary bolup, olar göz ümezlenmesini aýyrmak, linzalary goýmak, görejiň lazer korreksiýasyny geçirmek, gözlere gara suw inmesini, göz çaşylygyny, ýakyndan we uzakdan görmezligi we beýleki keselleri netijeli bejermek boýunça operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bulardan başga-da, merkezde fizioterapewtiki oftalmologiýasy otagy hereket edýär, bu ýerde “LAST” we “LOT” geliý-neon lazeri, lazer stimulýatorlary, “KROT” elektrostimulýatory, magnitoterapiýasy üçin “AMOATOS” we “Amblikor” enjamlary ornaşdyryldy.

Lebap welaýatynyň köpugurly hassahanasynda hirurgiýa bölümlerini üçüsi göz öňünde tutuldy. Olaryň her birinde aýratyn operasiýa zaly bar. Mundan başga-da, kiçi operasiýa, funksional barlag we anyklaýyş otaglary bar. Otaglarda elektrik hereketlendirijileri bolan “LINET” köpugurly krowatlary goýuldy, olar merkezleşdirilen aragatnaşyk ulgamlary hem-de kislorod geçiriji ulgamlar bilen üpjün edildi.

Infarkt bölüminde ýürek-damar ulgamynyň kesellerine, hususan-da, işemiýa, gipertoniýa, kardiomiopatiýa, miokardit ýaly kesellere sezewar bolan näsaglar tiz we takyk anyklamany, netijeli bejergini hem-de lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we enjamlaryň gözegçiliginde dikeldiş idegini alyp bilerler. Hünärmenler näsaglaryň angiografiýa barlagyny geçirip, olary doga ýürek keselleriniň dürli görnüşlerinde açyk we endowaskulýar usullary bilen dessin bejergä, şeýle hem ýüregi iýmitlendiriji damarlary, aorto iýmitlendiriji damarlary şuntirleme usullary bilen bejergä ugradýarlar.

Otorinolaringologiýa we äň-ýüz hirurgiýasy bölüminde gulak, bokurdak we burun keselleri bilen bagly operasiýalar, şol sanda polipleri aýyrmak, dem alşy we eşidişi dikeltmek, sowuklama we wirus kesellerinden, gaýmorotomiýa, burun kentlewügini dogrulamak, ýüzüň süňkleri, aşaky äň döwlende, şeýle hem burnuň plastikasy, traheostomiýa, bokurdakda papillomlary lazer bilen aýyrmak ýaly operasiýalar ýerine ýetirilýär. Şunda döwrebap gurallar we enjamlar, şol sanda gulak, burun, bokurdak kesellerini anyklamakda we bejermekde täze enjamlaryň biri — “Otopront” wideoendoskopy ulanylýar.

Operasiýalar bölüminde ýokary tehnologiýaly “Coblator II” elektrohirurgiýa enjamy ornaşdyryldy. Ol “Arthro Care” kompaniýasynyň (ABŞ) önümi bolup, onuň kömegi bilen badam şekilli mäzleri gan çykarmazdan aýyrmak mümkin bolar. Bu usul sowuk plazmanyň ulanylmagyna esaslanyp, näsagyň tenini operasiýadan soň, gysga möhletde bitişmegi we agyrysyz kesmäge ýa-da aýyrmaga mümkinçilik berýär. LOR-da sowuk plazmaly hirurgiýa ABŞ-nyň, Ýewropanyň we Russiýanyň hassahanalarynda üstünlikli ulanylýar.

Nefrogematologiýa bölüminiň stasionarynda hereket edýän krowatlary, sowadyjylary we telewizorlary bolan iki orunlyk otaglardyr. Bu ýerde böwregiň ýiti we ötüşen kesellerini, şeýle hem anemiýa, gemafiliýa, gan damarlaryny bejermek işleri amala aşyrylar. Bulardan başga-da, lukmançylygyň bu ulgamynda ylmy-barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär.

Kelle, boýunoňurga şikeslerini we çişlerini, osteohondrozlary, neýropatiýa, skolioz, kifos kesellerini kesgitlemek, oňurgaara disklerinde operasiýalary geçirmek we beýlekiler neýrohirurgiýa bölüminiň esasy ugry bolup durýar.

Bulardan başga-da, hassahanada oňurganyň newrologiýasy we patologiýasy bölümi göz öňünde tutulyp, bu ýerde näsaglary bejermek üçin ýörite enjamlar bilen bir hatarda iglorefleksoterapiýa, bejeriş blokadalary we manual terapiýa ulanylar.

Beýni gan aýlanyşygy, pulmonologiýa we urologiýa bölümlerinde näsaglar bejerginiň innowasion usullaryny alarlar.

Bu ýerde «Dornier Compact Sigma» nemes kompaniýasynyň önümi bolan litotripter ornaşdyryldy. Böwrekde we peşew haltasynda daşlary ýüze çykarýan we owradýan ýokary tehnologiýaly bu enjam elektromagnit urgy tolkunlary arkaly bejergi geçirmäge mümkinçilik berer. «Dornier Medilas” kompaniýasynyň ýene-de bir döwrebap enjamy daşlary lazer bilen owratmak üçin niýetlenendir.

Rewmatologiýa bölüminde bogunlaryň sowuklama we degeneratiw kesellerini bejermek, rewmatoid artriti, glýukokortikosteroitleriň bogun içre sanjymlary, gialuron kislotasy, hondroprotektor derman serişdeleri, puls-terapiýa, plazmaferez, autoplazmoterapiýa, autoimmune keselleriň irki kesgitlenmesi we beýlekiler ýerine ýetiriler.

Trawmatologiýa we ortopediýa bölüminde «KARL STORZ» artroskopy giňden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Onuň kömegi bilen dyz bogunlarynda dürli operasiýalar geçiriler. Artroskopiýa arkaly egin, tirsek, çanaklyk-but ýanjyk we daban-injik bogunlarynda dürli bejergileri geçirmek mümkindir. Pes inwaziw operasiýalary netijesinde näsaglar stasionar bejergisinde az wagt bolup, saglygyny we işe ukyplylygyny tiz dikeldip bilerler.

Bulardan başga-da, bölüm dürli fiksatorlaryň, şol sanda Ilizarowyň enjamy bilen açyk we ýapyk döwüklerde osteosintez hem-de näsagyň özünden alnan süňk transplantatlar üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edildi.

Türkmenistanda ýokanç keselleriň ösmegine we ýaýramagyna ýardam edýän töwekgelçilik ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmaga uly üns berilýär. Şol kesellere garşy göreş işjeň bejergi almak, öňüni yzygiderli almak we gözegçilik etmek boýunça çäreleriň geçirilmegini talap edýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna görä, indokrin keselleriniň arasynda süýji keseli we galkan mäziniň keselleri köp duş gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze hassahananyň endokrinologiýa bölüminde şolaryň öz wagtynda kesgitlenilmegi hem-de bejerilmegi düýpli agyrlaşmalardan gaça durmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem näsaglar bilen süýji keseliň aýratynlyklary, dogry iýmitlenmegiň we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti baradaky meseleler boýunça maslahatlaşmalar geçiriler.

Köpugurly hassahananyň üç gatly binasynda ýokanç kesellerini bejeriş we öňüni alyş merkezi ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda näsaglary kabul etmek üçin hassahananyň kabul ediş bölümi bar hem-de her näsagy güman edilýän ýokanjyna laýyklykda, aýratyn otaglarda kabul etmek we zerur bolanda, gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini bermek üçin ähli şertler bar. Şeýle hem şu gatda howa-damja ýoly arkaly geçýän keselli näsaglary bejermek üçin niýetlenen bölüm ýerleşdirildi.

Reanimasiýa bölümi ýokanç keselleriň agyr görnüşlerini bejermäge niýetlenendir. Ol “Babylog-8000 plus” görnüşli dem alyş enjamlary, ulular üçin “Drager Savina 300” respiratorlary, operasiýa otagy bolsa “Drager Fabus Tigo” narkoz enjamy bilen üpjün edildi.

Hassahanada barlaglaryň ähli görnüşleri geçirilýär, şolar beden agzalarynyň ýagdaýyny anyklamaga kömek edýär. Barlaghanada Germaniýa döwletiniň önümi bolan “Rotor Gene Q5 Plex” kysymly «QIAGEN GmbH» öndürijiniň enjamy oturdyldy. Bu enjam barlag materialynda (gan, suwuklyk) wiruslaryň, bakteriýalaryň ujypsyz mukdarda bolan ýagdaýynda hem olary takyk tapmaga mümkinçilik berýär.

Barlaghananyň bakteriologik bölüminde ýokary derejeli enjamlar ornaşdyryldy. Şolar gysga wagtyň dowamynda mikroorganizmleriň bardygyny ýa-da ýokdugyny ýüze çykarmaga hem-de infeksiýany döredijileriň görnüşini kesgitlemäge kömek edýär.

Molekulýar genetiki barlaghana wirusly gepatitleri we peşew çykaryş ýollarynyň kesellerini anyklamaga, şolaryň kliniki alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda hem kesgitlemäge mümkinçilik berýär.

Döwrebap endoskopiki otag belli “Fujifilm Corporation” ýapon şerekediniň “EG 530 WR” gastroskopy hem-de “ES conta530WL3” kolonoskopy bilen enjamlaşdyryldy.

“Fibroskan” enjamy bagyr kesellerini we patologik ýagdaýda bagryň dokumasynda ýüze çykýan üýtgeşmeleri anyklamakda ýokary mümkinçilikli enjam bolup durýar. Bu enjam 3-5 minudyň dowamynda bagyr dokumalarynda bolup geçýän patologik we fiziologik üýtgeşmeleri kesgitläp, bejergide takyk netijäni kabul etmäge ýardam edýär.

Hassahanada ornaşdyrylan ýokary basyşly kislorod kamerasy ylmyň iň soňky gazananlaryny öz içine alýan ýokary tehnologik enjam bolup durýar. Näsagyň ýürek, gan-damar ulgamynyň işjeňligine ýöriteleşdirilen monitoryň üsti bilen gözegçilik geçirilýär. Bu kamera arkaly geçirilen bejergi dokumalarda ganaýlanyşygyny we madda çalşygyny, dezintoksikasiýany gowulandyrýar, umuman, ulgamyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Ýokanç keseller hassahanasynyň 2-nji gaty wirusly gepatit keselli näsaglary bejermäge niýetlenendir. Bu ýerdäki dispanserde ýiti we dowamly wirusly gepatit keselinden ejir çekýän näsaglar lukmanlaryň gözegçiliginde bolar.

Binanyň 3-nji gatynda içege ýokanjy bölümleri bolup, kiçi ýaşly, uly ýaşly çagalar hem-de ulular bölümlerini öz içine alýar.

Bölümlerde çagalar üçin «HORIZON 300» elektrik çaga krowatlary, otaglarda kiçi ýaşly çagalar üçin “ZERO1120” kysymly “Favero Health Projects Spa” (Italiya) önümi bolan gundamak üçin niýetlenen stollar goýuldy.

Köpugurly hassahanada näsaglary gyssagly ýagdaýda ugratmak zerurlygy ýüze çykan halatynda lukmançylyk awiasiýasyny peýdalanmak üçin dikuçar meýdançasy gurnaldy, ýörite aragatnaşyk ulgamlaryny, lukmançylyk işgärleri tarapyndan näsaglaryň çagyryşlaryna öz wagtynda seslenmegi üpjün etmek üçin gepleşik enjamlary, bejeriş işleriniň hem-de näsaglara hyzmat etmegiň hilini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr.

Baýramçylyk dabaralarynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hassahana tiz lukmançylyk kömegini bermek üçin flýuorografiýa, gan almak üçin we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglar sowgat berildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öň ýanynda Maryda çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasynyň bolandygyny hem bellemek gerek.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşi täze, döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, hassahanalaryň, bejeriş-keseliň öňüni alyş edaralarynyň, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleriniň gurluşygynda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Bular döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň saglygy baradaky aladasynyň ajaýyp subutnamasydyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak hem-de olary öňdebaryjy tilsimatly bejeriş-öňüni alyş hyzmatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Mary şäherinde çagalar hassahanasyny gurmak barada Özara düşünişmek hakyndaky ähtnamany ýerine ýetirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň 30-njy aprelinde Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ýer serişdeleri gullugyna, Mary welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde, bu hassahanany gurmak üçin ýer bölegini bermek boýunça namalary bellenen tertipde resmileşdirmek tabşyryldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini bellemek gerek. Soňky ýyllarda netijeli döwletara gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Muňa türkmen Lideriniň hem-de BAE-niň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň ýokary derejesi ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürmekde möhüm waka boldy. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al-Nahaýýan özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini hem-de Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygynyň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasyna ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gatnaşýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Ine, şu günler bolsa döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Mary şäherinde welaýatyň körpelerine hyzmat etjek täze dört gatly çagalar hassahanasy işläp başlady.

Hassahananyň esasy wezipesi keselleriň öňüni almakdan we bejermekden ybaratdyr. Bu bejergi ygtybarly we iň täze usullar arkaly amala aşyrylýar. Hassahana öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilip, halkara ölçeglere doly kybap gelýär.

Saglygy goraýyş edarasynyň düzümine hirurgiýa, gastroenterologiýa, newrologiýa hem-de rewmokardiologiýa, reanimasiýa, anesteziologiýa, anyklaýyş we maslahat beriş, kabul ediş, barlaghana, radiologiýa, gan banky bölümleri girýär. Bu ýerde näsaglary dürli ugurly hünärmenler — oftalmolog, otolaringolog, endokrinolog, kardiolog, urolog, trawmotolog-ortoped, surdology we beýlekiler kabul eder. Çagalaryň her birine döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleri hödürlener.

Hünärmenleriň ygtyýarynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bar. Hususan-da, anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, elektroensefalograf, rentgen, tomograf, wideofibrobronhoskop, fibrogastroskop, EKG hem-de beýleki iň täze enjamlar bilen üpjün edilendir. Fizioterapiýa otagynda elektro, ýylylyk we yşyk terapiýasynyň dürli usullaryny (UWÇ, elektroforez, kwars hem-de beýlekiler) ulanmak üçin iň täze enjamlar bar. Bejeriş bedenterbiýesi otagynda dürli sport enjamlary ornaşdyryldy.

Kabul ediş bölüminde hem gaýragoýulmasyz ýagdaýda agyr keselleri bejermek üçin ähli şertler döredildi. Bu ýerdäki otaglar kislorody bermegiň merkezleşdirilen ulgamy, elektrosorujy enjamlar we beýlekiler bilen üpjün edildi. Zerur bolan halatynda näsaga emeli dem bermek üçin Germaniýanyň “Drager” kompaniýasynyň enjamlary gurnalan monitorlaryň üsti bilen näsag çaganyň arterial gan basyşyny, ýürek urgusyny, ganyň kislorod we kömürturşy gazy bilen üpjünçiligini, beden gyzgynlygyny takyk barlamaga mümkinçilik bar.

Dermanlary takyk ölçeýän ýörite gurallaryň bolmagy çagalara agramyna görä dermanlary goýbermäge mümkinçilik döredýär. Operasiýa bölüminde ýörite otag narkoz enjamlary, monitorlar, ulaldyp görmek üçin wideokameralar hem-de beýleki gerek bolan enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde ýokanç keselli näsaglary beýleki näsaglardan aýry ýerleşdirmäge niýetlenen ýörite otag bar. Bu ýerde hem näsag çaga ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin hemme şertler döredildi.

Barlaghana bölüminde ornaşdyrylan “Siemens”, “ELITE Tech Group”, “Horiba ABX”, “Thermo Fisher Scientific”, “BioMerieux” ýaly ýewropa kompaniýalarynyň döwrebap analizatorlarynyň kömegi arkaly ýaglaryň, uglewodlaryň, beloklaryň we minerallaryň çalşygyndaky özgerişlikleri ýüze çykaryp bolýar. Olar içki mäzleriň, gemostas ulgamynyň görkezijilerine baha berip, barlaglary halkara ölçeglerine kybap getirmäge mümkinçilik berýär.

Hassahanada çaganyň irki ösüşi we goşulyşma otagy hem bar. Munuň özi pediatriýanyň ösüşinde döwlet derejesinde täze ugurdyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar hassahanasynyň öňünde çaganyň ösüşindäki näsazlyklary ir ýüze çykarmak, maşgala usulyýet kömegini bermek, şahsy maksatnamalary, çagalar üçin okuw we oýun sapaklaryny işläp taýýarlamak ýaly wezipeleri goýdy.

Bu ýerde bejerişiň dürli usullary bilen birlikde, dermanlyk ösümlikleri ulanmak arkaly fitoterapiýanyň göz öňünde tutulandygy bellärliklidir. Hassahanada bolýan çagalaryň her biri melhemlik içgilerden, bejeriş çaýlaryndan we beýleki içgilerden peýdalanyp biler.

Hassahanada diňe bir ýokary takyklykdaky keseli anyklaýyş we bejeriş enjamlary bolman, eýsem, beýleki ýörite gurallar hem bar. Bir we iki orunlyk otaglarda ähli şertler döredildi. Şepagat uýasynyň merkezi bölümi göz öňünde tutuldy.

Enäniň we çaganyň saglygyny goramak, sazlaşykly ösýän nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwletimiziň durmuş ugurly syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Bu babatda esasy ýörelge, öňküsi ýaly, üýtgewsiz galýar — enäniň saglygy — bu sagdyn nesildir we ýurdumyzyň bagtyýar geljegidir.

Döwrebap çagalar hassahanasynyň açylyş dabarasy nurana baýrama öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýýan adyndaky gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça baş direktory Muhammet Al Huri boldy.

Şeýlelikde, Awazada, Türkmenabat we Mary şäherlerinde açylan täze desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, anyk durmuş ugurly syýasatynyň netijesidir, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar bu syýasatyň esasyny düzýär hem-de Türkmenistanda halkyň saglygy we abadançylygy barada içgin alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.