24 Oktýabr 2014, 00:33



Alym-seýsmologlar ileri tutulýan wezipeleri belleýärler

13.08.2012

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutynyň alymlary häzirki zaman usullary boýunça ýurduň ähli çägini umumy seýsmiki taýdan raýonlaşdyrmagyň täze kartasyny işläp taýýarlaýarlar.

Türkmenistan üçin ilkinji sapar örän uly giňişligiň çykyş we giriş maglymatlary sanly elektron görnüşde Geografiki maglumatlar formatynda amala aşyrylar. Şunuň netijesinde hem ähli kartalar we olaryň goşundylary islendik proýeksiýada hem-de islendik masştapda grafiki taýdan hödürlenip biliner.

Hünärmen-seýsmologlaryň işinde ýene-de bir ileri tutulýan ugurlaryň biri hem nebitgaz geçirijileriniň çekilýän böleklerinde hökmany suratda geodinamiki monitoringini geçirmek bolup durýar. Geodinamiki monitoringi, ilkinji nobatda, tebigy we tehnogen seýsmilikliligi ýüze çykarmak üçin seýsmologiki gözegçiligini geçirmekdekligi, ýatagyň çäkleriniň üstüniň dikligine we keseligine süýşmegine geodeziki gözegçiligini geçirmekligi, ýatagyň içki ýagdaýyna geofiizki (grawimetriki, geomagnit, geoelektriki), şeýle hem gidrogeologiki, gidrohimiki we ulanyş gözehçiligini geçirmekligi öz içine alýar.

Seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk işleri Türkmenistan üçin täze usulda alnyp batylar. Ýöne bu usul dünýä iş tejribesinde synagdan geçirilendir, gurluşyk meýdançalarynyň topragynyň seýsmiki aýratynlyklary, ýerli seýsmiki netijeliligi öwrenilendir hem-de gurluşyk meýdanlarynyň tebigy bolup geçýän seýsmiki sesleri öwrenmek arkaly „belent jaýlaryň“ we „saýt effektleriň“ hususy yrgyldylarynyň tizligini ýüze çykarmakdyr.

Seýsmologiýa institutynda Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň buýurmasy boýunça dört sany normatiw resminamalary işläp taýýarlamak tamamlandy, şeýle hem „Gurluşykda radiometriki gözlegleri geçirmek üçin metodiki gollanma“ işlenilip taýýarlanyldy. Elektrogözleg gözleg işlerini peýdalanmak, georadiolakasion profilirleme, mikroseýsmiki yrgyldylaryň ýazgysyny etmek we inžener-gözleg işleri toplumynda çuň bolmadyk seýsmiki gözleglerini geçirmek Türkmenistan üçin ilkinji sapar teklip edildi we synagdan geçirildi.

Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmogen zolaklarynda geofiziki monitoringi geçirmegi kämilleşdirmek – institutyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugur boýunça eýýäm gollanmalryň sekizisi ornaşdyrmaga taýýar edildi.

Myrat ÇARYÝEW, Türkmenistanyň YA Seýsmologiýa instituty