25 Aprel 2014, 04:56



Resmi habarlar

10.12.2012

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik baradaky ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Milli baýramy-- Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Milli baýramy-- Bitaraplyk güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekip, günäsi geçilenleri mundan beýläk esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşatdy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binagärlik –şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek hem-de Türkmenistanyň nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konsernine nebitgaz, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň Aşgabat şäheriniň Ankara köçesiniň ugrunda ýerasty awtoduralgasy bolan 12 gatly 72 öýli üç sany döwrebap ýaşaýyş jaýynyň hem-de jemgyýetçilik desgalar toplumynyň, şol sanda sport merkeziniň, söwda merkeziniň, jemagat çärelerini geçirmek üçin niýetlenen binanyň we gurluşyk meýdançasynyň çäginden daşarky galan ýerleri abadanlaşdyrmak işleriniň taslamasyny düzmek we olary ýanyşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “VISOR Mühedislik Inşaat Turizm Gida ve Mehanik Elektrik Taahhüt Ticaret Limited” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny we desgalary 2015-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da ösdürmek, ruhy baýlygymyz bolan milli neşir önümleriniň, ata-babalarymyzyň ruhy siňen golýazmalaryň we gadymy kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Balkan welaýatynyň häkimligine Balkanabat şäherinde welaýat kitaphanasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Gündogdy” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli golýazmalaryň we gadymy kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Daşoguz welaýatynyň häkimligine Daşoguz şäherinde welaýat kitaphanasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Myradym” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan milli neşir önümleriniň, ata-babalarymyzyň ruhy siňen milli golýazmalaryň we gadymy kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitaba, okamaga höwesini artdyrmak we ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde welaýat kitaphanasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Nahal” we “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýetleri bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, milli syýahatçylyk pudagymyzy mundan beýläk-de ösdürmek we welaýat merkezinde myhmanlaryň ýokary derejede dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Mary welaýatynyň häkimligine “Sedaş Inşaat Anonim Şirketi” türk kompnaiýasy bilen Mary şäherinde 350 orunlyk myhmanhananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we binany 2014-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini gorap saklamak we pugtalandyrmak hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda berk we uzak möhletli parahatçylygy, strategik durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryna işjeň ýardam bermek, şeýle hem daşary ýurtlar bilen deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2013-2017-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen söwda-ykdysady aragatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 24-nji aprelinde çykaran 9776-njy we 2012-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran 12476-njy kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň (Moskwa şäheri) ýanynda Türkmenistanyň Söwda wekilçiligini açmak bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen söwda-ykdysady aragatnaşygyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 24-nji aprelinde çykaran 9776-njy we 2012-nji ýylyň 3-nji awgustynda çykaran 12476-njy kararlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň (Pekin şäheri) ýanynda Türkmenistanyň Söwda wekilçiligini açmak bellenildi.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy