28 Noýabr 2014, 08:06



Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli matam çäresine gatnaşdy

12.01.2013

Şu gün Türkmenistanda Hatyra güni bellenilýär. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda döwlet baýdaklary aşak düşürildi—türkmen halky eziz Watanynyň azatlygy we garaşsyzlygy, milletiň namysy we mertebesi, onuň mukaddeslikleri üçin janlaryny gurban eden halk gahrymanlarynyň hatyrasyny tutýar. Metjitlerde Gökdepe galasynyň edermen gahrymanlarynyň ruhlarynyň aram tapmagy üçin doga-dilegler edilýär. Olaryň edermenligi ähli türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň we gahrymançylygyň nyşanyna öwrüldi.

Wagt bizi şol agyr ýyllaryň wakalaryndan näçe uzaklaşdyrdygyça, şonça-da geljek nesillerimiziň ýagty geljegi ugrunda öz janlaryny gurban eden eziz Watanymyzyň gahryman goragçylarynyň edermenligine bolan hormaty has-da artýar. Halk gahrymanlarynyň Hatyra güni—bu kynçylyklardan we synaglardan, şatlyklardan we hasratlardan, baýramçylyklardan we pajygalardan, şöhratly ýeňişlerden we işlerden doly bolan beýik taryhy ýoluň ençeme müňýyllyklaryny başdan geçiren halkymyzyň ägirt uly hormatynyň nyşanydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň gazanan üstünliklerimiz, türkmen halkynyň asuda we abadan durmuşy eziz Watanymyzyň ajaýyp ogullarynyň hormatyna goýuljak mynasyp ýadygärlik bolsa gerek. Olar öz zehinleri we edermenlikleri bilen Watanymyzyň şan-şöhradyny artdyryp, onuň berkararlygy, rowaçlygy, azatlygy we garaşsyzlygy hakynda arzuw edip geçdiler. Bu gün biz Gökdepe galasynyň şehitleriniň, Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň, Aşgabat ýertitremesiniň pidalarynyň müňlerçesini çuňňur hoşallyk bilen ýatlaýarys.

Şu gün 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda biziň watandaşlarymyzyň ene topragymyzda erkin ýaşamak hukugyny goramak bilen uly edermenlik we gaýduwsyz gahrymançylyk görkezen ýerinde bina edilen Gökdepe etrabyndaky Saparmyrat Hajy metjidinde däbe görä aýat-doga okaldy. Bu ýere ömür tanapy biwagt üzülen milli gahrymanlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, watandaşlarynyň hatyrasyny tutmak üçin türkmenistanlylaryň müňlerçesi geldiler. Gökdepe urşy öz ata-babalarynyň däp-dessurlaryna görä ýaşamak, öz ykbalyny kesgitlemek, öz ösüşiniň taryhy ýoly bilen öňe gitmek hukugy ugrunda biziň halkymyz üçin ýowuz synag boldy. Gökdepe galasynyň gahrymanlarynyň arasynda türkmen zenanlary, ýaşulular we çagalar hem bolup, olar deň bolmadyk uruşda şehit boldular. Bu gün olary tutuş dünýä bilýär, olaryň gahrymançylygy we edermenligi barada aýdym-sazlar düzülip, olaryň keşpleri ençeme sungat eserlerinde şekillendirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen metjidiň golaýynda ýadygärligiň bir bitewi binagärlik toplumynda gurlan “Gökdepe” milli muzeýi türkmen halkynyň öz edermen ata-babalaryna çuňňur hoşallygynyň, ruhubelentliginiň nyşanyna öwrüldi. Muzeýde rowaýata öwrülen wakanyň gahrymanlaryna bagyşlanan gymmatlyklaryň 1300-den gowragy göýä janly şaýatlar hökmünde biziň taryhymyzyň pajygaly sahypalarynyň biri hakynda gürrüň berýän ýaly bolup dur.

Hakyda-biziň milletimiziň durmuşynyň ruhy sütünidir. Ol nesilleri baglanyşdyrýan, göze görünmeýän, emma berk ýatlamadyr. Ol diňe gözbaşlary we däplerimizi aýawly saklamaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda täze durmuşy gurmaga, öz geljegiňi döretmäge ýardam edýär. Elbetde, öz halkynyň namys- mertebesini, Watanyň azatlygyny, ruhy gymmatlyklaryny şirin janlaryny gurban etmek bilen goran milli gahrymanlaryňa hormat goýmak we hatyralamak, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň subutnamalary bolup durýan milli mirasy, taryhy ýerleri aýawly saklamak asylly däpleriň biridir.

Öz gaýduwsyz edermenligi bilen ene topragymyzy goran eziz Watanymyzyň gahryman ogullaryny we gyzlaryny ýatlamak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Galanyň edermen gahrymanlarynyň binagärlik ýadygärligi hasaplanýan metjidiň öňündäki meýdança ir säher bilen Türkmenistanyň Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri, ministrilikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Tükmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, işewürler, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri, din işgärleri we talyp ýaşlar ýygnandylar.

Metjide alyp barýan ýoluň ugrunda elleri baýdakly hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.

Milli Liderimizi ýurdumyzyň müftüsi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Din işleri baradaky geňeşiň başlygy, Gökdepe etrabynyň ymamy, hökümet agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleri garşyladylar.

Hormat garawulynyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra ýurdumyzyň ýaş nesliniň wekili eziz Watanymyza wepalylyk kasamyny aýdýar, milli goşunymyzyň edermen esgerleriniň wekili bolsa eziz Watanymyzy goramak, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etmek kasamyny ýerine ýetirýär.

Metjidiň girelgesiniň öň ýanynda gahrymançylykly geçmişiň wakalaryny we Gökdepe galasynyň gaýduwsyz merdanlaryny janlandyrýan sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlanýar. Ata-babalarymyzyň beýik maksatlaryna wepaly bolmak, öz ene topragyňy janyň-teniň bilen söýmek we goramak baradaky çagyryşlar göýä asyrlaryň jümmüşinden gelýän owaz ýaly ýaňlanýar. Çykyş türkmen halkynyň gahrymançylykly we şöhratly däpleriniň nyşanlaryny ýaş nesle gowşurmak bilen tamamlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň howlusyna girip, bu ýerde Gökdepe etrabynyň ýaşululary bilen söhbetdeş bolýar, olaryň iş-aladalary we durmuşy bilen gyzyklanýar. Il sylagly ýaşulular hormatly Prezidentimize milleti ruhy taýdan galkyndyrmak babatda alyp barýan syýasaty, ýaşuly nesil barada edýän aladasy, eziz Watanymyzy has-da gülläp ösdürmegiň bähbidine tutuş ýurdumyz boýunça geçirýän beýik özgertmeleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.

Soňra döwlet Baştutanymyz we bu ýere ýygnanan adamlar doga-dileg etmek üçin metjide girýärler. Bu ýerde ene topragymyzda azatlygy, parahatçylygy we agzybirligi goran Gökdepe söweşiniň şehitleriniň, şeýle hem eziz Watanymyzyň bagtly geljegi ugrunda şirin janlaryny gurban eden adamlaryň hatyrasyna aýat-doga okalýar.

Doga-dileg edilenden soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sadaka berilýän ýere barýar.

Nahar çekilmezden öň tebärek çykylyp, Gökdepe galasynyň gahrymanlarynyň, şeýle hem eziz Watanymyzyň azatlygynyň, parahatçylygyň we agzybirligiň, ene topragymyzyň gülläp ösmeginiň we abadançylygynyň hatyrasyna şirin janlaryny gurban eden şehitleriň ruhlaryna bagyşlanyp doga-dileg edildi.

Sadaka tamamlanandan soň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biwagt aramyzdan giden watandaşlarymyzyň hatyrasyna berlen sadakalaryň we okalan aýatlaryň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny, türkmen topragynda bolsa hemişe parahatçylygyň, abadançylygyň höküm sürmegini arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Gökdepeden ugrady.

Hatyra güni mynasybetli sadakalar bu gün ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda berlip, aýat-dogalar okaldy.

Goý, okalan doga-dilegler we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Türkmen Döwlet habarlar gullugy