19 Sentýabr 2014, 07:06



At çapyşygynyň ýazky möwsüminiň ikinji güni

14.04.2013

Şu gün Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň ikinji güni geçirildi.

Möwsümiň ikinji güni çapyşyklara başlanmazdan öňürti toplumyň öňündäki meýdançada dürli medeni-sport çäreleri, sergileri guraldy. Joşgunly ýaňlanan aýdym-sazyň owazy astynda türkmen sportunyň dürli görnüşlerine wekliçilik edýän türgenler futbol, woleýbol, gylyçlaşmak, küşt, karatä boýunça görkezme çykyşlary bilen öz başarnyklaryny görkezdiler. Sportuň milli görnüşleri bolan ýaglyga towusmak, göreş boýunça bäsleşikler has-da gyzykly boldy. Toý-baýramlarymyzyň bezegi bolan ýaşulularymyz bolsa aýdym-saz diňläp, özaralarynda söhbet guraýarlar. Meýdançanyň ýene bir ýerinde bolsa dürli azyk önümleriniň, gelin-gyzlaryň uz barmaklaryndan çykan milli el işleriniň sergileri guraldy.


Soňra at çapyşyklaryna başlandy. Çapyşyklaryň şu gün jemi 12 çapyşyk geçirildi. Atlar 1200, 1400, 1800, 2000, 2400 metr aralyklarda öz ýyndamlyklaryny görkezdiler. Ýaryşlara dördünji topardan çykan üç ýaşar atlar, üçünji topardan çykan üç ýaşar atlar, dört we uly ýaşar atlar gatnaşdyryldy.

Çapyşyklaryň hemmesem biri-birinden gyzykly boldy. Birinji çapyşyga 1200 metr aralyga dördünji topardaky uly ýaşar atlaryň 13-si goşuldy. Şonda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan Kesearkaç diýen dor at pellehana birinji bolup geldi. Onuň görkezen wagty 1 minut 23,3 sekunda deň boldy.

Ikinji çapyşyk özüne çekiji boldy. Onuň bu aýratynlygy ýaryşa goşulan 13 atyň içinden bellenen 1200 metr aralygy 1 minut 21,9 sekuntda geçmegi başaran Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň Gaýrat diýen dor atynyň bäsdeşlerinden arany açyp gelmeginden ybarat boldy.


Üçünji çapyşykda dördünji topardan çykan üç ýaşar atlaryň arasyndaky bäsleşigiň örän dartgynlylygy we çekeleşikli bolandygyny bellemek gerek. Bedewleriň ýyndamlylygy biri-birinden peslär ýaly däl. Janköýerleriň şowhunyndan göýä bat alýan ýaly bolup ýaryşa goşulan nur kamatly görkana ahalteke bedewleriniň aýak uruşlary has-da batlandy. Olaryň haýsynyň ýeňiji boljakdygyny aýtmak çetindi. Netijede, Ýeňiş diýen at pellehanadan ilkinji bolup geçip, ýeňiji bolmagy başardy. Onuň görkezen wagty 1 minut 24,0 sekunt boldy.

Dördünji çapyşyk hem şowhunly boldy. Ol hem 1200 metr aralyga goşulan 13 sany bedewiň ýyndamlylygyny görkezişinden döredi. Şonda Göwher diýen gara dor at beýlekilerden turuwbaşdan öňe saýlanyp, 1 minut 22,6 sekunt wagtyň içinde pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy..

Bäşinji çapyşyk hem örän dartgynlylygy bilen ünsi çekdi. Muňa pellehana tas deňeçer diýen ýaly bolup gelen ilkinji üç atyň görkezen wagtlary-da güwä geçýär. Bu çapyşygyň ýeňijisi bolan Perhat diýen gara at bu aralygy 1 minut 24,4 sekuntda geçmegit başardy.

Ýazky möwsümiň ikinji gününiň 11-nji çapyşygy barada-da durlup geçilse ýerlikli bolar. Bu ýaryşda dört we uly ýaşar atlar 2400 metr aralyga güýç synanyşdylar. Bedewleriň çydamlylygyny we ýyndamlygyny saýhallan bu çapyşykda bäsdeşlerinden arany ep-esli açyp, pellehanadan ilkinji bolup Dorsekil II diýen dor at geçdi. Ol 2400 metr aralygy 2 minut 46,4 sekuntda geçmegi başardy.

Umuman, ýazky at çapyşyk möwsüminiň ikinji gününde geçirilen bedew bäsleşikleriniň ählisi-de dartgynly boldy. Janköýerler çapyşyklara uly höwes bilen tomaşa etdiler. Ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramyna ajaýyp öwüşgin çaýýan şeýle çapyşyklar bolsa biziň toý baýramlarymyzyň bezegidir.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy