21 Dekabr 2014, 18:09



Ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň häzirkizaman tehnologiýalary

22.04.2013

Şu gün Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde iki sany şanly waka – çapyksuwara tälim bermek üçin niýetlenen interaktiw türgenleşik enjamlar bilen üpjün edilen täze ýörite atçylyk okuw otagynyň açylmagyna hem-de ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy.

At çapmak ussatlygyny öwretmek üçin niýetlenen häzirkizaman enjamlar ýokary okuw mekdebine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşuryldy. Olaryň esasyny düzýän kompýuter ulgamy geljekki çapyksuwarlara eýerde dogry oturmakdan başlap, at çapyşygynyň barşynda bedewiň güýjüni kesgitlemäge çenli ähli zatlary netijeli we gysga möhletlerde öwretmäge ýardam edýär.

Ähli maglumatlary okuwlaryň barşynda uly monitorda synlap bolýar. Ol at çapyşygynda ýol berlen ýalňyşlyklary görkezýär we tälim alýana göwnejaý hereketleri salgy berýär.

Oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň çapylýan bedewleri taýýarlamakda ýeterlik tejribe toplandygyny bellemek gerek. Olar ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda ençeme gezek ýeňiş gazandylar. Indi bu ýokary okuw mekdebiniň täze tehnika netijesinde at çapyşyklaryna ussat çapyksuwarlary hem taýýarlamak üçin mümkinçiligi döredi.

Baýramçylyk çäresiniň maksatnamasy gyzykly we dürli öwüşgünli bolup, TOHU-nyň talyplarynyň “Altyn asyr” çeper höwesjeňler toparynyň çykyşlary, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda sportyň milli we häzirkizaman görnüşleri – ýaglyga towusmak, düzzüm, küşt, şaşka, stol üstünde oýnalýan tennis boýunça görkezme çykyşlary guraldy. “Galkynyş” estrada-sirk toparynyň çykyşlary dabara gatnaşýanlaryň ünsüni özüne çekdi. Toparyň agzalary çalasyn we çeýelik bilen at üstündäki oýunlaryň çylşyrymly tärlerini görkezdiler.

Ýaş türkmen suratkeşleriniň sergisi hem talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Olar baýramçylyk çäresine gatnaşýanlaryň gözleriniň alnynda behişdi bedewlerimize bagyşlanan eserleri döretdiler.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy