16 Aprel 2014, 18:18



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň arasyndaky gepleşikler

14.05.2013

Türkmenistanyň we Latwiýanyň geoykdysady mümkinçilikleri ikitaraplaýyn we ählumumy hyzmatdaşlygyň bähbidine gönükdirilendir

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň arasyndaky gepleşikler

Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda bellenen kabulhanasyndan çykyp, “Oguzhan” Köşkler toplumyna geldi. Bu ýerde, esasy girelgäniň öňünde Latwiýanyň Prezidenti Andris Berzinşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylady. Iki döwletiň Baştutanlary dostlarça görşenlerinden soň, “Oguzhan” zalyna bardylar. Bu ýerde belent mertebeli myhmany garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi iki ýurduň Prezidentlerine hasabat berýär. Latwiýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna hormatyny bildirýär. Iki ýurduň Liderleri hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary hem-de biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen tanyşdyrýar. Latwiýanyň lideri öz gezeginde Türkmenistanyň Baştutanyny öz ýany bilen gelen hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde däbe görä, resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz latwiýaly kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar. Bu ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda belent mertebeli myhmany tüýs ýürekden mübärekläp, Latwiýa Respublikasynyň baştutanyna Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Türkmenistana şu saparyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat etjekdigine hem-de netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirip, onuň ýurdunda bu sapara täze, anyk mazmuna eýe bolýan türkmen-latwiýa gatnaşyklarynyň taryhyndaky möhüm waka hökmünde garaýarlar diýip belledi. Netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, jenap Andris Berzinş Latwiýa Türkmenistany geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar diýip nygtady. Belent mertebeli myhman Aşgabat şäherine saparynyň täsirleri barada gürrüň bermek bilen, türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbine haýran galandygyny aýtdy. Türkmenistanyň şunuň ýaly ösüşe eýe bolmagynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belläp, Latwiýanyň Prezidenti öz türkmen kärdeşi bilen täze duşuşygyna örän şatdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini bellemek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Andris Berzinş taraplaryň bu hyzmatdaşlygy döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, ozaly bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklarynyň çäklerinde has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleri özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyna degişli möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar.

Iki ýurduň ýolbaşçylary terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga hem-de neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldaýandyklaryny aýdyp, häzirki döwrüň bu howplaryna we wehimlerine garşy ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara guramalarynyň we konferensiýalarynyň çäklerinde göreşmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Iki ýurduň Liderleri türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyny ara alyp maslahatlaşyp, häzirki döwürde onuň ileri tutulýan ugurlaryny anykladylar. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-latwiýa toparynyň, özara geňeşmeleri geçirmegiň, parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň barşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, türkmen-latwiýa işewürler maslahatlaryny guramak boýunça tejribe alşylýar.

Özara düşünişmek we ynanyşmak, işewür ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi uly täze ugurlaryny gözläp tapmagyň möhümdigini bellediler. Şol ugurlaryň hatarynda söwda-ykdysady ulgamy, ulag-aragatnaşyk, energetika, beýleki birnäçe senagat pudaklary, syýahatçylyk we sport, oba hojalygy, şeýle hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gumanitar – medeni ugurlar görkezildi.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” zalynda Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmany we Latwiýanyň wekiliýetiniň agzalaryny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, Prezident Andris Berzinşe Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we 2012-nji ýylyň sentýabrynda Latwiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda Rigada geçirilen duşuşygy kanagatlanmak bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Türkmenistan şu günki duşuşyga türkmen-latwiýa dostlukly gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm tapgyr hökmünde baha berýär diýip, milli Liderimiz gepleşikleriň barşynda belledi. Bu gün netijeli döwletara gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar, onda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri takyk kesgitlendi. “Bu barada biz edil ýaňy Latwiýanyň hormatly Prezidenti bilen pikir alyşdyk, men ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna umumy garaýşyň bolmagynyň iki döwletiň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin esas bolup durýandygyna ynanýaryn” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany belledi.

Häzirki döwrüň möhüm meselelerini, ozaly bilen parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmek bilen bagly meseleleri çözmekde Türkmenistanyň we Latwiýanyň nukdan nazarlarynyň meňzeşdigi barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurtlaryň ikisiniň hem ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny, köptaraply döwletara gatnaşyklarynyň uzak möhletleýin we netijeli usullaryny döretmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Dünýäniň syýasy giňişliginde Latwiýa biziň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde baha bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki guramalaryň çäklerinde iki ýurduň gatnaşyklaryny berkitmegiň geljeginiň uludygyny aýtdy.

Latwiýanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hemişe işjeň goldaýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanmak bilen, Prezident Andris Berzinşe biziň döwletimiziň daşary syýasy ugruny hem-de ýurdumyzyň halkara giňişliginde öňe sürýän tekliplerini goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň 2013-2015-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň düzümine saýlanmagy, şu ýylyň aprelinde bolsa, BMG-niň 66-njy mejlisiniň işlejek iki ýyllyk döwründe Ýewropanyň Ykdysady toparynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

Biz öz gezegimizde, halkara syýasatynyň meseleleri boýunça Latwiýanyň başlangyçlaryna uly hormat bilen garaýarys we geljekde hem syýasy gepleşikleri döwletara gatnaşyklarynyň esasy bölegi hökmünde giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan we Latwiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň depginlerini we möçberlerini has-da artdyrmak üçin uly kuwwata eýedir diýip belledi. Ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi iki ýurduň geoykdysady mümkinçilikleriniň bolmagy bilen hem şertlendirilendir.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň kuwwatly ösen ykdysadyýetleri bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurtlarymyzyň senagatlary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýär. Türkmen we latwiýa kompaniýalary hem-de kärhanalary dünýä bazarynda ulag, aragatnaşyk, telekommunikasýa ýaly ugurlarda hyzmatlaryň giň görnüşini hödürleýärler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz özara ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur bolan ähli şertleriň bardygyny kanagatlanmak bilen belledi. Mysal üçin, 2012-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdireniňde, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 43 göterime deň boldy we ýakyn geljekde bu görkezijiniň iki esse artmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň we Latwiýanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň we edaralarynyň, şeýle hem kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça başy başlanan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli ugurlaryny işläp düzmäge we amala aşyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi. Bu babatda Ykdysady, senagat we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-latwiýa toparyna uly orun degişlidir. Onuň birinji mejlisi 2012-nji ýylyň sentýabrynda Rigada geçirildi. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz toparyň nobatdaky mejlisini şu ýyl Aşgabat şäherinde geçirmegi teklip etdi.

Maýa goýum işleri üçin hem oňat mümkinçilikler bar. Ol ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki taslamalar üçin gyzyklanma döredip biler. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmäge gatnaşmagyň geljegi uly bolup durýandygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan senagatlaşdyrmaga tarap ugur aldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şonda tutuş ykdysadyýetiň ösüş depginini kesgitleýän esasy senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga esasy ugur degişli bolup durýar. Mysal üçin, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk düzümi, gurluşyk pudagy, dokma senagaty, gaýtadan işleýän senagat we beýlekiler çalt depginler bilen ösýär.

Ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Latwiýanyň kärhanalary Türkmenistanda öz tejribesini netijeli ulanyp bilerdi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygy halkara ulag düzümini ösdürmekde, söwda-üstaşyr geçelgelerini, hususan-da, “Demirgazyk-Günorta” ugur boýunça geçelgeleri döretmekde esasy orun eýeläp bilerdi diýip nygtady.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň türkmen-gazak böleginiň açylyş dabarasy boldy, ol Russiýanyň, Hytaýyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Hazarýaka sebitiniň polat ýollaryny Günorta we Gündogar Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň döwletleri bilen birleşdirer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Täze demir ýoly örän gysga ugur boýunça Baltikanyň deňiz portlaryndan Hindi ummanyna çykarýan Pars aýlagyna çenli ýükleri daşamaga mümkinçilik berer.

Geljekde “Gündogar-Günbatar” ugur boýunça daşalýan ýükleriň möçberleriniň ep-esli artmagyna garaşylýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Hazar, Gara we Baltika deňizlerini birleşdirýän täze ulag ugruny döretmek hakynda başlangyç bilen çykyş etdi. Bu ugurda geljegi uly taslamalary amala aşyrmakda Latwiýanyň ulag kompaniýalarynyň gatnaşmagy goldanar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gürrüňi dowam edip, Aşgabadyň we Riganyň arasynda göni uçar gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi. Şunda Türkmenistan bu gün öz milli awia kompaniýasy üçin gatnawlaryň ugruny giňeldýär we şunda Türkmenistan üçin günbatar ugur geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň özara bähbitli boljakdygy aýdyňdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Riga Ýewropada ulag ýollarynyň merkezi bolup, ol türkmen howa ýollarynyň hödürleýän hyzmatlaryny ilerletmäge ýardam edip biler, beýleki tarapdan, Latwiýanyň awia kompaniýalary Türkmenistanda syýahatçylygyň işjeň ösdürilmegini nazara almak bilen, Ýewropa ýurtlaryndan syýahatçylar toparlaryny Türkmenistana getirip biler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň degişli ulag edaralaryna şu meseläni jikme-jik öwrenmegi tabşyrmagy teklip etdi.

Şeýle hem maglumat-aragatnaşyk ulgamynda özara hereket etmek üçin has amatly mümkinçilikler açylýar. Mälim bolşy ýaly, ýakynda Rigada dokma, egin-eşik, gön önümleriniň we önümçilik enjamlarynyň “Moda we dokma -- 2013” atly 18-nji halkara sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň dokma senagatynyň gazananlarynyň görkezilişi üstünlik bilen geçirildi. Ol tejribeleri netijeli alyşmakda, şol sanda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda, hünärmenleriň gatnaşyklaryny ýola goýmakda we häzirki zaman bazarynyň islegleriniň öwrenmekde özboluşly meýdança öwrüldi.

“Şol sergä gatnaşmagy Türkmenistan üçin ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazanan ýokary netijeleri we üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga, işewür gatnaşyklaryň giňeldilmegine, tejribeleriň alşylmagyna we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasion işläp düzmeleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Aşgabatda şu gün açylýan bilelikdäki türkmen-latwiýa işewür maslahatyny gutlap, türkmen döwletiniň Baştutany ýokarda agzalan ugurlaryň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň we döwlet edaralarynyň hem-de ykdysady düzüminiň wekilleriniň arasyndaky söhbetdeşlikleriň esasy meseleleri bolup biler diýip nygtady. Mälim bolşy ýaly, onuň işine netijeli tejribe alyşmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik aljak örän köp sanly firmalar we kompaniýalar gatnaşar. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, hususan-da, biziň ýurdumyz üçin Riganyň we Wentspiliň erkin deňiz portlaryny ösdürmek boýunça, Liepaý ýörite ykdysady zonasyny ösdürmek boýunça, senagat toplumlaryny, şeýle hem bank we maýa goýum işleri boýunça Latwiýanyň tejribesi gyzyklydyr diýip belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ertir belent mertebeli myhmanlaryň Türkmenbaşydaky deňiz portuna baryp görjekdiklerini habar berdi. Ol ýerde özara pikir alşyp bolar we praktiki nukdaýnazardan deňiz port hojalygyny we deňizde ýük daşamak düzümlerini ösdürmek boýunça özara hereket etmegiň anyk tekliplerini ara alyp maslahatlaşyp bolar.

Döwlerara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda medeni-gumanitar ulgamynda, hususan-da, ylym we bilim, edebiýat we sungat we beýleki ulgamlarda özara hereket etmegiň ýollary boýunça hyzmatdaşlyklar agzaldy. Munuň özi biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişilmegini we dostlugy berkitmäge ýardam eder.

“Şunuň bilen baglylykda geljegi göz öňünde tutýan medeni we gumanitar häsiýetli çäreleriň bilelikdäki meýilnamasyny işläp düzmek möhümdir. Onuň çäklerinde iki ýurduň döredijilik birleşmeleriniň arasyndaky gatnaşyklary, medeniýet günlerini, kino we sungat we beýleki çäreleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi göz öňünde tutup bolar. Şeýle hem sergileri, festiwallary, döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny, kino günlerini hem-de medeni özara gatnaşygyň beýleki görnüşlerini guramak maksada laýyk bolar” diýip Türkmenistanyň Baştutany aýtmak bilen, 2014-nji ýylda Türkmenistanda Latwiýanyň halk döredijiligi festiwalyny we degişlilikde Latwiýada Türkmenistanyň halk döredijiliginiň festiwalyny geçirmegi teklip etdi. Munuň özi döwletleriň medeniýetini özara baýlaşdyrmaga, iki halkyň milli däp-dessurlary bilen ýakyndan tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.

Medeni-gumanitar ulgamda, hususan-da, bilim we ylym ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Baştutany geçen ýylyň sentýabrynda Riga sapar bilen baran mahaly, Latwiýanyň ylmynyň we biliminiň iri merkezleri bolup durýan Paul Stradinş adyndaky Riga uniwersiteti we Riga uniwersitetiniň stomatalogiýa instituty bilen tanşandygyny ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hünärmenleri taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň we türkmen hem-de latwiýa lukman alymlarynyň arasynda tejribeleriň alşylmagynyň, şeýle amallaryň anyk mazmun bilen üstüniň ýetirilmeginiň iki ýurduň alymlarynyň we hünärmenleriniň arasynda giň ugurlarda möhüm ylmy barlaglar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyklaryna ýardam etjekdigini belledi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa tarapyna Türkmenistana hormat bilen garaýandygy we hyzmatdaşlyga tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýändigi üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň latwiýaly kärdeşine berk jan saglygyny we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Latwiýanyň ähli halkyna bolsa, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş öz çykyşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge çakylyk we mähirli kabul edişlik hem-de myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Latwiýanyň Lideriniň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda örän işjeňleşen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösüşine ýardam etmäge gönükdirilen bu sapara Latwiýa möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda Latwiýanyň Prezidenti 2013-nji ýylyň 5-nji fewralynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 20 ýyl dolandygyny nygtady.

Prezident Andris Berzinş öz ýurdunda Türkmenistana resmi sapara iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda häzirki wagtda täze hil bilen baýlaşdyrylýan möhüm waka hökmünde garalýandygyny aýtdy. Dünýä jemgyýetçiligine halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine örän jogapkärli çemeleşmäni görkezýän Türkmenistanyň ýorelgelerine ýokary baha berip, Latwiýanyň Lideri syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň globallaşma asyrynda munuň özi aýratyn möhümdir diýip belledi.

Türkmenistanyň Owganystanyň ykdysady ösüşine goşandyny belläp, Latwiýa Respublikasynyň Baştutany Latwiýanyň Owganystandaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işlerde halkara hyzmatdaşlygyna öz goşandyny goşmaga taýýardygyny belledi.

Energoserişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak meselelerine degip geçmek bilen, belent mertebeli myhman sebitleýin we has giň möçberlerde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etjek köpgörnüşli turba geçirijiler düzümini döretmegiň bähbidine çykyş edýändigini aýtdy. “Munuň özi aýratyn-da energiýany sarp edijiler bolup durýan Latwiýa we Ýewropa Bileleşigi üçin örän möhümdir” diýip, Prezident Andris Berzinş aýtdy hem-de 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda Latwiýanyň Ýewropa Geňeşinde başlyklyk etjek döwründe alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmakdan ybarat boljakdygyny nygtady.

Söwda-ykdysady hazmatdaşlygynyň meseleleri barada durup geçmek bilen Prezident Andris Berzinş kuwwatly mümkinçiligi bolan bu ugurlarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge Latwiýanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Dostlukly ýurduň Baştutany şeýle hem has ýygjam gatnaşyklara we bilelikdäki işiň netijeliligine mümkinçilik döretjek türkmen-latwiýa işewür gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we giňeltmäge tarapdardygy barada pikirini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Latwiýanyň Baştutany iki ýurduň kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň arasynda göni işewür gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdarydygyny aýtdy.

Ygtybarly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlary hökmünde senagat pudagynda we önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmakda özara hereketler görkezildi. Hususan-da, özara gyzyklanma bildirilýän pudaklar dokma senagaty, gurluşyk, habarlar tehnologiýasy, şypahanany öwreniş, syýahatçylyk, azyk senagaty, şeýle hem oba hojalygy bolup durýar diýip, Latwiýanyň Prezidenti aýtdy.

Ulag-aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hemme amatly şertleriň bardygy barada aýtmak bilen, Latwiýa Respublikasynyň ýolbaşçysy möhüm bolan bu ugurlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň derwaýysdygyny belledi. Bu pudakda Türkmenistan bilen özara hereket etmäge Latwiýanyň gyzyklanma bildirýändigini belläp, Prezident Andris Berzinş türkmen kärdeşleri bilen Latwiýa tarapynyň port hojalygyny we logistikany ösdürmek pudagynda öz tejribelerini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda Latwiýanyň Baştutany türkmen tarapyny Aziýany dünýäniň beýleki ýurtlary bilen baglanyşdyrjak ulag geçelgeleriniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanan maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, Prezident Andris Berzinş bilim ulgamynda giň gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Latwiýanyň Baştutanynyň pikirine görä, ulag, deňizçilik, bank, maliýe, tehniki ylymlar, lukmançylyk, awiasiýa fakultetlerinde we beýleki ugurlarda talyplary okatmak hem-de Latwiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okajak mekdep uçurymlary üçin ýörite maksatnamalary işläp taýýarlamak babatda tagallalary birleşdirmek üçin oňat mümkinçilikler açylýar.

Medeniýet ulgamynda däp bolan hyzmatdaşlyk meselelerini gozgamak bilen, Prezident Andris Berzinş 2014-nji ýylda Riganyň Ýewropanyň medeni paýtagty boljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Latwiýanyň Lideri Türkmenistany bu şanly waka gabatlanyp geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Öz çykyşyny tamamlap Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejede geçirilen şu günki duşuşygyň netijeliligini ýene-de bir gezek nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we bütin türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtmak bilen tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanansoň, “Seljuk han” zalynda Türkmenistanyň we Latwiýa Respublikasynyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Türkmenbaşy şäheriniň (Türkmenistan) häkimligi bilen Ýurmala şäheriniň (Latwiýa Respublikasy) dumasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga, Bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Latwiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, Terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň bikanun dolanyşygyna hem-de jenaýatlaryň beýleki görnüşlerine garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Latwiýa Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Andris Berzinş “Baýram han” zalyna barýarlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edýärler.

Žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti ilki bilen Latwiýanyň Prezidentiniň Türkmenistana şu saparynyň möhüm ähmiýetli waka bolandygyny we iki döwletiň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejede ösýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysaly bolandygyny belledi.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, dostluk we birek-birege hormat goýmak ýagdaýynda geçirilen şu günki gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazanylan ylalaşyklaryň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge düýpli itergi berjekdigini bellenip geçildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Gürrüňini dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň döwletlerimiz häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýärler, geçirilen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Latwiýanyň halkara derejesinde, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde özara, giň gerimli hyzmatdaşlyk etmegi bilen bagly meselelere seredildi diýip nygtady. Şunuň bilen birlikde, häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça garaýyşlarymyzyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ykdysady pudakda hyzmatdaşlyk barada söz açyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz şu günki duşuşygymyzyň netijelerine söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin esas hökmünde garaýarys, şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda, ulag we kommunikasiýalar, syýahatçylyk ulgamlarynda we beýleki geljegi uly bolan ugurlarda özara bähbitli türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek isleýärin diýip nygtady.

Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyşyny dowam edip, hormatly Prezidentimiz biz özara eksport we import edilýän önümleriň sanawyny giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdyk diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gün biz iki ýurduň kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary mundan beýläk-de höweslendirmek barada ylalaşdyk diýip nygtady.

Milli Liderimiz ulag-kommunikasiýa ulgamynda türkmen-latwiýa özara hyzmatdaşlygy üçin oňat mümkinçilikler bar diýip sözüni dowam etmek bilen, Türkmenistan «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ugurlary boýunça bütindünýä ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär. Latwiýanyň halkara ýük geçiriş ulgamynyň netijeli işlemeginde uly ähmiýete eýe bolan deňiz menzilleri boýunça oňat üpjünçilik ulgamlary bar diýip belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň kontinentara söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmekde we giňeltmekde möhüm halkara ähmiýetiniň bardygyny hormatly Prezidentimiz nygtady.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmagy möhüm wezipe hasap edýäris diýip belläp, biz ikitaraplaýyn işewürlik duşuşyklaryny we ykdysady maslahatlary yzygiderli esasda geçirmegiň tejribesini netijeli usul hökmünde dowam etmek barada ylalaşdyk diýip nygtady. Milli Liderimiz ikitaraplaýyn medeni-gumanitar aragatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge degişli möhüm meseleler boýunça pikir alşylandygyny aýdyp, bu ugurda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmegiň zerurdygyny belläp geçdi.

Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde eden çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşe hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant goşýandygy we iki döwletiň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga tüýs ýürekden çalyşýandygy üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi hem-de belent mertebeli myhmanyň şu saparynyň we geçirilen duşuşyklaryň netijeleriniň iki ýurduň we halklarynyň abadançylygyna hyzmat etjekdigine pugta ynam bildirdi.

Žurnalistlere ýüzlenmek bilen, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş öz adyndan we resmi wekiliýetiň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine myhmansöýerlik we birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ýollaryny kesgitlemek üçin döredilen mümkinçilige hoşallygyny bildirdi.

Türkmenistana häzirki resmi saparynyň ähmiýetini nygtamak bilen, iki ýurduň gatnaşyklaryny mundan beýlägem ähli taraplaýyn ösdürmek nukdaýnazaryndan, şol sanda Türkmenistan-Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde ösdürmek babatda Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeliligini aýratyn belledi.

Ýokary derejede geçirilen bu duşuşyklaryň barşynda ykdysady ulgamy we beýleki esasy ugurlary goşmak bilen, şol sanda üstaşyr ulag pudagynda, şeýle hem ynsanperwer we bilim ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygynyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Latwiýanyň lideri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Andris Berzinş gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň taraplaryň bähbitlerine gabat gelýän işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňat binýat bolup hyzmat etjekdigini nygtady.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mümkinçiligini has doly peýdalanmak we ösdürmek meselelerine ünsi jemlemek bilen, Latwiýanyň Prezidenti şu işlerde türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň işiniň möhüm ähmiýetini belledi.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň köp babatda ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegine baglydygy barada aýtmak bilen, Prezident Andris Berzinş häzirki geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplaryň Türkmenistan bilen Latwiýa Respublikasynyň üstaşyr ulag kuwwatynyň berkemegine, ulag düzümleriniň ösdürilmegine, Hazar we Baltika deňizleriniň portlarynyň mümkinçiliklerini ygtybarly peýdalanmak arkaly Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ýük daşalyşyny üpjün edýän halkara ulag geçelgelerini döretmegi höweslendirmäge, şeýle hem konteýner otlulary bilen ýükleri daşamaga ählitaraplaýyn ýardam etmegi ylalaşandyklaryny nygtady.

Latwiýanyň Prezidenti şeýle hem taraplaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyna iki ýurduň pudaklarynyň, kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň hem-de telekeçilik düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň mümkinçiligini has işjeň goşmagy ylalaşandyklaryny belledi. Bular barada nygtamak bilen, Latwiýanyň lideri şu gün Latwiýa tarapynyň köpsanly wekilleriniň türkmen–latwiýa işewür maslahatynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşjakdyklaryny aýtdy hem-de özara bähbitlilik esasynda ikitaraplaýyn hereketiň mümkinçiligini tapjakdyklaryna ynam bildirdi. Şu babatda jenap Andris Berzinş Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmäge bolan gyzyklanmasyny Latwiýanyň goldaýandygyny we öz tejribesini paýlaşmaga hem-de zerur bolan kömegi bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Şu günki gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň birnäçesiniň hatarynda ýangyç-energetika ulgamynda özara hereketi görkezmek bilen, Latwiýanyň baştutany bu pudakda Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara, şol sanda Ýewropa ugurlaryna tarap köpugurly şahalarynyň döredilmegine gönükdirilen Türkmenistanyň amala aşyrýan syýasatyny Latwiýanyň goldaýandygyny beýan etdi. Bu barada aýtmak bilen, jenap Andris Berzinş öz ýurdunyň we bütinleýin alnanda, Ýewropa Bileleşiginiň energoüpjünçiliginiň durnuklylygyna ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Munuň özi tebigy gazy Türkmenistandan dünýä bazarlaryna çykarmagy upjun edip biler. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň möhümdigini bellemek bilen, Latwiýanyň 2015-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýewropa geňeşinde ýolbaşçylyk etjek döwründe özüniň ileri tutulýan daşary syýasat ugurlarynyň biri hökmünde Ýewropa Bilelelişigi bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy öňe sürjekdigini Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti ynandyrdy.

Gepleşikleriň dowamynda şeýle hem ylym, bilim we medeniýet pudaklarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemek bilen, Latwiýanyň baştutany bu babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda iki ýurduň döwlet edaralary üçin hünärmenleriň derejesini ýokarlandyrmakda we olary taýýarlamagy guramakda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam etmegiň möhümdigi bellenip geçildi.

Aýdylanlary jemlemek bilen, Latwiýa Respublikasynyň baştutany baý serişdelere we umuman ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge öz ýurdunyň gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtap belledi. Latwiýanyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň islendik amatly wagtda Latwiýa Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ugurlar boýunça ylalaşylar.

Netijeleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilen gepleşikleriň ýokary netijeliligini ýene bir gezek nygtap, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti olaryň türkmen-latyş döwletara hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň esasyny düzjekdigini we Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň we dostlukly gatnaşyklaryň barkemeginde uly ähmiýete eýe bojakdygyny belledi.

Metbugat maslahaty tamamlanansoň, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow latwiýaly kärdeşi Andris Berzinş bilen mähirli hoşlaşyp, oňa Türkmenistan bilen tanyşmagy üstünlikli dowam etmegini arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň awtomobil kerweni Gypjaga bardy. Ol ýerde jenap Andris Berzinş kümmede gül desselerini goýmak bilen, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentine hormatyny beýan etdi we Türkmenbaşynyň ruhy metjidi bilen tanyşdy.

Şol gün Latwiýanyň Baştutany Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna hem gül desselerini goýdy. Paýtagtymyzyň Garaşsyzlyk binasynyň ýanyndaky hormatly myhmanlar seýilgähinde ýola goýlan däp boýunça Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş ýaşajyk agaç nahalyny oturtdy.

Soňra myhman Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine baryp gördi. Ol ýerde Andris Berzinş Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy hem-de hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Soňra Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinş “Mizan” işewürlik merkezinde şu gün geçirilen türkmen-latwiýa işewürler maslahatynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy.

Agşam belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň barşynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Agşamlyk naharyndan soň belent mertebeli myhman üçin gijeki Aşgabat boýunça tanyşlyk gezelenji guraldy.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Andris Berzinşiň awtoulag kerweni türkmen paýtagtynyň günorta bölegine tarap ugur aldy. Bu ýerde şäherimiziň dolandyryş – işewürlik we medeni merkezi kemala gelýär.

Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat gijelerine has-da gözel keşbe eýe bolýar. Ilki Konstitusiýa binasyna baryldy. Ol gojaman Köpetdagyň eteginde seleňläp görünýär. Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň hormatyna gurlan bu bina biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mäkämliginiň we mizemezliginiň, eziz Watanymyza bolan buýsanjyň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň ýurdumyzyň abraýyny we şan-şöhratyny berkitmegiň we artdyrmagyň hatyrasyna beýik işleri amala aşyrmaga taýýardygynyň özboluşly beýanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň taryh muzeýini, kitaphanany, Maslahatlar zalyny we beýleki otaglary öz içine alýan bu bina paýtagtymyzyň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Konstitusiýanyň esasynda goýlan parahatçylyk, oňyn hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri anyk maksatlara eýe bolan biziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasyny düzýär. Bu syýasat Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende galdyrmaga mümkinçilik berdi we onuň tutuş dünýäde ykrar edilemgini üpjün etdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň häzirki döwründe geçmişiň we şu günüň üznüksiz arabaglanyşygyna göz ýetirip hem-de dünýäniň ähli ýurtlarynyň we halklarynyň oňyn ösmeginiň hatyrasyna ýagty geljege tarap öz ýoluny gurup, häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşmek bilen, wajyp ähmiýetli başlangyçlary ynamly öňe sürýär we durmuşa geçirýär.

Latwiýanyň Lideri Konstitusiýa binasynyň seýilgähinden çykyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugrady. Gözel paýtagtymyzy synlamaga mümkinçilik berýän iri halkaly bu desga Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilip, ýurdumyzyň baş şäheriniň gözellikleriniň sanawyny artdyrdy. Ýeri gelende ýatlap geçsek, 2011-nji ýylyň ahyrynda “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň Oguzhan ýyldyzy, ondan öň bolsa, Oguzhanyň suw çüwdürimler toplumy we belent flagştok şeýle hormata eýe boldular.

Adamlar hakynda, şol sanda ýaş nesil barada alada, häzirki zaman düzümli şäher gurşawyny döretmek, türkmenistanlylaryň oňaýly ýaşamagy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Bu babatda täze “Älem” medeni-dynç alyş merkezi milli Liderimiziň şu meselelere berýän uly ünsüniň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Soňra Latwiýanyň baştutany türkmen paýtagtynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen hem-de türkmen döwletiniň parahatçylyk sütünleriniň we döredijilikli ýörelgeleriniň, ata-babalarymyzyň wesýet eden milletiň belent ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň mizemezliginiň öboluşly nyşanyna öwrülen Bitaraplyk binasyna baryp gördi. Onuň keşbinde milli şähergurluşygyň gadymdan gelýän däpleri häzirki zaman binagärligiň we inžener-tehniki pikiriň meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Paýtagtymyzda bolup geçýän özgertmeler tutuş türkmen topragyny gurşap alan deňi-taýy bolmadyk özgerişlikleriň gerimini aýdyň şöhlelendirýär. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, parahatçylyk söýüjilik we döredijilik ýörelgelerine esaslanan hem-de ýurdumyzyň ykdysady, döredijilik we medeni mümkinçiliklerini amala aşyrmaga, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesi bolup durýar.

Latwiýa Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary dowam edýär.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy