03 Sentýabr 2014, 07:26



2011-nji ýylyň ezber türgenleri kesgitlendi

15.01.2012

Iň ezber türgenleriň toparyna ýaş ýigitleriň we gyzlaryň 17-si girdi.

Olar geçen ýylda öz üstünlikleri bilen halkara derejelerindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistanyň abraýyny belende göterdiler. Bu abraýly sanawda ilki bilen agyr atletikaçylar Ümürbek Bazarbaýewiň, Daniýar Ismaýilowyň we Tolkunbek Hudaýbergenowyň atlary görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Parižde geçirilen dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçylarynyň topary ýurdumyzyň sport taryhynda ilkinji gezek 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga üç ýollanma gazandy. Ö. Bazarbaýew bolsa şol ýaryşda 62 kilograma çenli agramda çykyş edýänleriň arasynda iň güýçli türgenleriň bäsligine girdi. Dünýä çempionatyna ilkinji gezek gatnaşan 19 ýaşly Türkmenabatdan D. Ismaýilow üçün hem 2011-nji ýyl örän şowly boldy, ol ýetginjekleriň arasynda Pinangede (Malaýziýa) geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Bu türgenlerden başga-da, iň ökdeleriň hataryna Arslan Oraşýew (grek-rim göreşi), Hojamuhammet Toýçyýew (agyr atletika), Kyýas Esenow, Amanaly Ataýew (ikisi-de grek-rim göreşi), Nursähet Pazzyýew (boks), Gülnar Haýytbaýewa (dzýudo), Guwanç Atabaýew, Döwletmyrat Sapargeldiýew, Ihtiýer Mätkerimow, Seýitjan Mirzoýew (dördüsi-de agyr atletika), Şameret Hallyýew, Çary Çaryýew (ikisi-de kikboksing), Tirkeş Aýazow we Ýagşymyrat Annamyradow (ikisi-de guşakly göreş) hem girdi.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy