Goşunyň kuwwaty — esgerleriň watançylyk ruhunda

“Kelete” okuw türgenleşik merkezinde “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan mergen harby gullukçylar gatnaşdylar. Olar bu gün söweşjeň taýýarlyklarynyň ýokarydygyny görkezmegi öz öňlerinde maksat edindiler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli goşunymyzyň harby kuwwaty we söweşjeň ukyby Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurdaky yzygiderli tagallalary netijesinde barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, gury ýerde, howa we deňiz giňişliginde sazlaşykly hereket etmäge ukyply ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri ussat harby hünärmenleri taýýarlaýan kämil mekdebe öwrüldi.

Harby okuw-türgenleşikleriniň geçirilmeginiň maksady harby gullukçylarymyzyň hünär derejesini hem-de milli goşunymyzyň diňe parahatçylyk maksatlaryna hyzmat edýän goranyş kuwwatyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Harby okuw- türgenleşigini ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we howa hüjüminden goranmak goşunlary başlady. Häzirki wagtda tehniki taýdan üpjünçiligine aýratyn üns berilýän ýurdumyzyň Harby-howa güýçleri Türkmenistanyň deňiz çäkleriniň we gury ýer serhediniň howa giňişligini ygtybarly goraýar. Tejribeli uçarmanlarymyz howada uçuş tilsimlerini görkezdiler, olar asmandan hüjüm edip, top oklary bilen ýerdäki nyşanalary takyk urup, ot açdylar. Ussat uçarmanlar söweş uçarlaryna kämil erk edip, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirdiler.

Soňra howadaky nyşanany ýok etmek boýunça howa hüjüminden goranmak goşunlarynyň güýçleri görkezildi. Şunda 4500 metr beýiklikdäki we 12 kilometr uzaklykdaky howa nyşanasyny ýok etmek üçin Peçora-2BM asmana atyjy raketa toplumynyň şahsy düzümi ot açyp, wezipäni ýerine ýetirdi.

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşigini raketa we artilleriýa goşunlary dowam etdi. Söweşjeň tehnikalar uly meýdany eýeleýän nyşanalar boýunça zalp bilen ot açdylar. Tehnikalaryň mergen çeneýjileri ot açylanda bildirilýän talaplary berjaý edip, oklary dogry çenäp gönükdirdiler.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän harby özgertmeleriniň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly ýaraglar bilen üpjün edildi. “Smerç”, “Uragan”, “Grad” ulgamlary, söweş maşynlary, özi ýöreýän toplar, top-gaubisalar we mina agtaryjylar olaryň ygtyýaryndadyr.

Söweş hereketleri alnyp barlanda, top ýaraglary söweşe ilki başlap, garşydaşa uly zyýan ýetirmek bilen pyýada we tank goşunlarynyň şowly hüjüm etmeklerine amatly şertleri döredýär. Şonuň üçin hem top oklarynyň nyşanany dürs urup, olary hatardan çykarmagy örän möhümdir. Topçular bu wezipä häzirki okuw türgenleşiginiň dowamynda abraý bilen hötde geldiler.

Mälim bolşy ýaly, söweş hereketlerinde tanklar esasy urgy güýji bolup, gury ýerde agdyklygy gazanmakda olaryň ähmiýeti örän uludyr. Şol nukdaýnazardan hem garşydaşyň tanklaryna garşy göreşmek üçin MT-12 wzwody ot atyş sepgidini eýeledi hem-de 1000-2500 metr aralykdaky nyşanlara garşy ot açdy. Esgerleriň erjel we ussat hereketleri netijelerinde top oklary nyşana dürs urulýar. Şondan soň, MTLB kysymly zynjyrly çekijiniň üstünde oturdylan pulemýotdan 400 metr aralyga ot açylýar.

Soňra garşydaşyň pesden uçýan uçarlaryny we howa nyşanalaryny ýok etmek üçin niýetlenen Gury ýer goşunlarynyň asmana atyjy raketa toplumlary ot atyş sepgitlerini eýeläp, bellenen aralykdaky nyşanalara garşy ot açýar. Netijede howa nyşanasy raketanyň kömegi bilen ýok edildi.

Gury ýer goşunlarynyň iň kuwwatly harby tehnikalarynyň biri hem tanklardyr. Dolandyryş nokadynyň sag we çep taraplaryndan T-72 kysymly kuwwatly tanklar ot atyş sepgidi eýelemek üçin okgunly hereket etdiler. Olar hereketde ot açyp, bellenen aralykdaky nyşanany hatardan çykarýarlar.

Gury ýer goşunlarynyň BMP kysymly söweş tehnikalary herekete girýär. Bu tehnikalar pyýada goşunyň esasy söweş maşynydyr. Häzirki harby-okuw türgenleşigine gatnaşýan bu söweş tehnikalarynyň şahsy düzümi hem bellenen nyşanalara garşy ot açyp, özleriniň ýokary taýýarlygyny görkezýärler.

Soňra goranyşyň öňdäki hatarynda ýerleşen granatamýot atyjylar herekete başlaýarlar. Ilki bilen, SPG-9 tanka garşy granatamýotlardan, soňra RPG-7W hem-de AGS-17 granatamýotlar bilen bellenen nyşanalar boýunça ot açylýar we olar ýok edilýär.

“Watan gerçegi” atly şu günki harby okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Inžener goşunlarynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Olaryň wezipesi MTU-20 tanklar üçin köprüni hem-de PMZ-4 tirkegli mina goýujynyň kömegi bilen minaly meýdançany gurnamakdan ybarat boldy. Öňde goýlan wezipe üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Soňra iň kämil tanklaryň nusgasy hasaplanýan T-90 tanklary dolandyryş nokadynyň çep tarapyndan ýörite gurnalan meýdançada ýokary tizlikde hereket edip, onuň sürüjileri tehnikany dolandyrmakda ussatlygyny görkezýärler. Bu tanklar ýörite gurnalan dürli päsgelçiliklerden ýokary tizlik bilen geçip, islendik çylşyrymly şertlerde hereket etmäge ukyplydyklaryny görkezdiler.

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümi hem geçirilýän şu okuw türgenleşigine gatnaşdylar. Olar COBRA, SURVIWOR kysymly bronly söweş tehnikalarynda hem-de IVECO, HILUX kysymly awtoulaglarda söweş tertibine girişmek üçin hereket edýärler. Serhet goşunlarynyň harby tehnikalary bellenen sepgide ýetenlerinden soň, harby awtoulaglarda oturdylan ýaraglardan we beýleki söweş tehnikalaryndan ot açýarlar.

“Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşiginiň wezipesine laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-howa güýçleri we ýörite maksatly desant goşunlary, şeýle hem ýurdumyzyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Içeri işler ministrliginiň ýörite maksatly toparlary döwletimiziň jümmüşine oklanan diwersion toparlary zyýansyzlandyrmak we olary ýok etmek boýunça hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler.

Her ýylda geçirilýän harby-okuw türgenleşiklerinde hereketleriniň okgunlylygy bilen tapawutlanýan ýörite maksatly toparlar şu türgenleşik-söweş hereketleri wagtynda-da sazlaşykly hereket edip, diwersion toparlara aýgytly gaýtawul bermäge ukyplydygyny ýene-de bir gezek subut etdiler.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri goşunlaryň ähli görnüşleriniň söweşjeň taýýarlygynyň ýokary derejesini we Watanymyzyň mukaddes serhetlerini, parahatçylygyny hem-de öz watandaşlarynyň rahatlygyny sak goraýan harby gullukçylaryň hünär başarjaňlygyny görkezip, öňde goýlan wezipäni abraý bilen ýerine ýetirdi.

Asmanda uçara, deňizde gämä, gury ýerde guryýer goşunlarynyň dürli kysymly kuwwatly harby tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän Watanymyzyň edermen goragçylarynyň sazlaşykly hereketleriniň netijesinde, öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukybynyň we goranyş kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk etdi.

Okuw türgenleşiginiň ahyrynda Watan goragçylary geljekde hem mukaddes harby borja we harby kasama, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa, Garaşsyz Watanymyza hem-de bütin türkmen halkyna hemişe wepaly bolup, mukaddes topragymyzyň ygtybarly goragyny üpjün etmekde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik gazananlarynyň goragynda sak durup, ony janaýaman gorajakdyklaryna kasam etdiler.