Türkmenistanda gazy Ýewropa ibermek boýunça dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi

Рaýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, şol sanda Ýewropa ugry boýunça köpugurly turbageçiriji düzümiň bilelikde döredilmegini göz öňünde tutýan gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika pudaklarynyň ýolbaşçylary hem-de Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, şol sanda transmilli üstaşyr gaz geçirijileri, hususan-da, energiýa serişdelerine deňhukukly we adalatly elýeterlilik hem-de energiýa serişdelerini halkara energiýa bazarlaryna çykarmagyň erkinliligi ýörelgelerine esaslanyp, tebigy gazy Türkmenistandan Ýewropa ibermek boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň bu möhüm ugurda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmasy Ýewropa ýurtlarynyň energiýa serişdelerine islegleriniň yzygiderli artmagy hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän energiýa howpsuzlygynyň täze ählumumy binýadyny döretmek boýunça ylalaşykly ädimleri işläp taýýarlamagyň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, şu duşuşyga gatnaşýan taraplaryň her biriniň deň derejede önüm öndürijileriň, üstaşyr geçrijileriň we energiýany sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan ygtybarly, durnukly we uzak möhletli halkara energiýa hyzmatdaşlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan has amatly şertleriň döredilmegi ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri birnäçe ýagdaýlar babatda, ilkinji nobatda, ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň bolmagy, ýurdumyzyň özüniň uly energiýa kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmak baradaky erk-islegi bilen baglylykda Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Hut şoňa görä-de, eksport ugruny diwersifikasiýalaşdyrmak we şunuň netijesinde, köpugurly turbageçiriji düzümi döretmek Türkmenistanyň üstünlikli amala aşyrýan energetika strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşan Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti jenap Maroş Şewçowiçiň belleýşi ýaly, Ýewropada bu öňdengörüjilikli strategiýa, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda öňe sürýän başlangyçlary giňden goldanylýar.

Soňky ýyllarda däp bolan strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklap galmak bilen birlikde, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta-Gündogar ugurlarda energiýa gatnaşyklaryny ep-esli giňeltdi, dünýäniň esasy nebitgaz kompaniýalary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Daşary ýurtly maýadarlar bilen uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýan döwletara ylalaşyklarynyň we şertnamalaryň ençemesiniň baglaşylmagy şol gatnaşyklaryň aýdyň netijesi bolup durýar.

Ýygnananlar tebigy gazy Türkmenistandan Ýewropa ibermek bilen baglanyşykly guramaçylyk, hukuk, täjirçilik, tehniki we beýleki meselelere garamak maksady bilen, dörttaraplaýyn gepleşikler görnüşde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň bu pudaklarynyň bilermenleriniň hem-de ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Taraplar hyzmatdaşlygyň bu ugruny ösdürmek boýunça Korporasiýany döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyp, şeýle Korporasiýany döretmek hem-de onuň netijeli işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan degişli şertleri we görkezijileri kesgitlemek boýunça barlaglar babatda halkara gaz kompaniýalary bilen geçirilen geňeşmeleri makulladylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar tebigy gazyň Türkmenistandan ygtybarly iberilmegini üpjün etmek üçin zerur bolan ulag düzümini döretmek meseleleri boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, şeýle ulag düzüminiň halkara kadalaryna hem-de ölçeglerine, şol sanda tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak babatdaky kadalara laýyklykda guraljakdygyna ünsi çekdiler hem-de Iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar.

Dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, bilelikdäki işde deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerini üpjün etmek üçin degişli täjirçilik çäklerini ýola goýmak maksadalaýyk bolar. Halkara hukuk namalaryna we Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyna laýyklykda, olar tebigy gazyň Türkmenistandan Ýewropa uzakmöhletleýin iberilmegine gönükdiriler.

Şu duşuşygyň netijeleri boýunça oňa gatnaşyjylar deslapdan Jarnama gol çekdiler, onda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler öz beýanyny tapdy hem-de Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň halkara guramalarynyň çäklerinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli gurallary döretmek meseleleri boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etmäge meýillidigi tassyklanyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ilkibaşdan deňhukuklylyk, uzakmöhletleýinlilik, özara bähbitlilik we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.