Türkmenistanyň Prezidentiniň «Sifal» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Нormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýada iş saparynda bolmagynyň çäginde meşhur fransuz kompaniýasy “Sifalyň” ýolbaşçysy jenap Žil Remi bilen duşuşyk geçirdi.

Işewür söhbetdeşlik üçin wagt tapandygyna hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Milanda açylan “EXPO — 2015” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününi guran ilkinji ýurt bolandygy bilen gutlady. Bu bolsa ýurdumyza hem-de täze eýýamymyzyň üstünliklerine dünýäde barha artýan gyzyklanmanyň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Türkmen Lideriniň alyp barýan “Açyk gapylar” hem-de ägirt uly ykdysady kuwwat we daşary ýurt işewürligi üçin açylýan uly mümkinçilikler bilen utgaşyklylykda giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin amatly ýagdaýlary döredýär.

Döwlet Baştutanymyz özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzy depginli senagatlaşdyrmak boýunça häzirki uly taslamalary durmuşa geçirmekde bu iri ýewropa kompaniýasynyň işewür gyzyklanmasyny mübärekleýändigini nygtady.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Sifalyň” ýolbaşçysy mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, onuň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ýangyç-energetika toplumyny, gurluşyk düzümini, ulag pudagyny, hususan-da, raýat awiasiýasyny atlandyrdylar.

Öz ösüşinde dünýäniň ylmy-tehniki pikirleriniň iň soňky gazananlaryna hem-de innowasion tehnologiýalara daýanýan Türkmenistan bütin dünýä meşhur kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de beýleki bir “Thales Alenia Space” fransuz kompaniýasynyň Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 520 E” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny döretmäge gatnaşandygy muňa aýdyň şaýatlyk edýär diýip belledi. Şol aragatnaşyk hemrasy geçen aýyň aýagynda uçurylyp, örän uly tehnologik böküşi alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny kanagatlanma bilen nygtap, fransuz hyzmatdaşlar bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň eýýäm örän ýakyn wagtda öz mynasyp dowamyna eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Jenap Žil Remi bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, birnäçe esasy ugurlarda ýöriteleşýän özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň buýrujynyň talaplaryna we isleglerine pugta eýerip, öz üstüne alan borçlaryny mundan beýläk hem uly abraý bilen ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz we “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, bir-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, häzirki zaman Türkmenistanynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazarda tutmak bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň meýilnamalarynyň durmuşa geçiriljekdigine hem-de köptaraply döwletara gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna hyzmat etjekdigine özara umyt bildirdiler.