Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda 2015-nji ýylyň 4 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň geçiren işleriniň netijelerine, ýurdumyzda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge degişli meseleleriň birnäçesine, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaldy.

Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi. Ol ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna başyny başlan, milli goşunyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna we maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hünärli harby hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem-de harby gullukçylaryň we olaryň maşgalalarynyň gullugy we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriniň öňe ilerledilişiniň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanylan üstünlikleri kanagatlanmak bilen belläp, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine hemişe ygrarly boljakdygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şu ýyl Bitaraplygyň 20 ýyllygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň birnäçesinde hem bellener. Ýurdumyzyň alyp barýan Harby doktrinasy hem türkmen Bitaraplygynyň esasynda durýan ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde gurulýar. Ol diňe parahatçylyk söýüji, goranyş häsiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň alyp barýan işleriniň möhümdigine ünsi çekip, içerki durnuklylyga berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň döwletimizi yzygiderli ösdürmegiň, milletimiziň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmagyň özenidigini nygtady.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow şu ýylyň geçen dört aýynda gulluk tarapyndan döwlet serhediniň mizemezligini üpjün etmek we serhet goşunlarynda tertip-düzgüni güýçlendirmek boýunça alnyp barlan çäreler barada hasabat berdi. Serhet goşunlaryna jogapkärli wezipe—Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durmak, diýmek, ýurdumyzyň parahatçylygynyň we abadançylygynyň goragynda durmak wezipesi ynanylandyr. Şeýle hem gulluga degişli desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň, hususan-da, döwrebap serhet galalarynyň gurluşyklarynyň barşy barada hasabat berildi. Şol serhet galalarynyň hatarynda Atamyrat serhet birikmesiniň “Sähralyk” serhet galasy hem-de Hazar deňiz serhet birikmesiniň iki sany köp öýli ýaşaýyş jaýy ýakyn wagtda açylar.

Milli Liderimiz Watanymyzyň mukaddes araçäkleriniň eldegrilmesizligini üpjün edýän serhetçileriň üstüne ýüklenen wezipeleriň wajypdygy we jogapkärçiliklidigi barada aýdyp, olaryň hemişe serhetdeş ýurtlar bilen diňe hormat goýmak gatnaşyklarynda bolmak ýaly üýtgewsiz ýörelgelerden ugur almalydygyny aýtdy. Şol ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk özara gatnaşyklary tutuş sebitde amatly ýagdaýyň girewi bolup hyzmat edýär. Döwlet öz tarapyndan serhet gullugynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, serhetçileriň üstünlikli gulluk etmegi we oňaýly ýaşamagy üçin has amatly şertleriň döredilmegine mundan beýläk hem uly üns berer.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol şu ýylyň 4 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmak, harby-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de ýokary hünärli milli harby hünärmenleri taýýarlamak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem “Watan gerçegi” harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçirilendigi barada aýdyldy. Onuň barşynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň dürli kysymlarynyň harby gullukçylary ussatlygyny we söweşjeň başarnyklaryny görkezdiler.

Belent Serkerdebaşymyz hasabaty diňläp, soňky ýyllarda iň döwrebap harby tehnikalar bilen üpjün edilen milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde, terbiýeçilik-watançylyk işlerine, harby gullukçylaryň söweşjeň we hünär taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmaga, şeýle hem geçirilýän harby özgertmeleriň beýleki ugurlaryna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow öz gezeginde ministrligiň we onuň garamagyndaky düzümleriň 2015-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlaryndaky işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini saklamak hem-de hukuk bozulmalarynyň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

IIM-niň ýolbaşçysy aprelde geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen işler, şeýle hem ýurdumyzyň ýollarynda ulag hereketini düzgünleşdirmek, ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň durnuklylygy, ýurdumyzyň raýatlarynyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy üpjün etmek işinde aýratyn möhüm ornuny nygtap, içeri işler edaralarynyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň guralyşyna hemişe gözegçilik etmegiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz IIM-niň we beýleki jogapkär düzümleriň ýolbaşçylaryna jemgyýetçilik tertibini üpjün etmäge, şeýle hem ýangynyň döremeginiň öňüni almak boýunça görülýän çäreleri kämilleşdirmek babatda aýratyn tabşyryklary berdi.

Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew 4 aýyň içinde geçirilen işler baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Ol prokuratura edaralarynyň döwletimizde we jemgyýetimizde kanunçylygyň birkemsiz berjaý edilmegine gözegçiligiň amala aşyrylyşy boýunça alyp barýan anyk çäreleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz prokuraturanyň alyp barýan işleriniň wajypdygy barada aýdyp, hukuk goraýjy edaralaryň işiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelmelidigine, döwletimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykarylan adamyň abadançylygy baradaky alada bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny hereket edýän dünýä ölçeglerine pugta laýyk getirilmegini kanunçylyk taýdan kämilleşdirmek boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz kazylaryň üstüne ýüklenen uly jogapkärçilik barada aýdyp, ýokary hünärli işgärleri saýlamak ýaly möhüm meselelere mundan beýläk hem aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilişini üpjün etmäge gönüden-göni jogap berýän bu düzümde öz işine ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşýän, kanuny ähli zatdan belentde tutmak ýörelgelerine ygrarly adamlar işlemelidir.

Hormatly Prezidentimiz işgärleri seçip almak, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak meselelerine örän düýpli çemeleşmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň başlygy A.Osmanow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda gözegçilik edýän düzüminiň alyp baran işleri hem-de ýurdumyzda neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna we sarp edilmegine garşy alnyp barylýan barlyşyksyz göreşiň çäklerinde beýleki hukuk goraýjy edaralar, bilim we saglygy goraýyş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde görülýän anyk çäreler hakynda hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, hasabat döwründe geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzyň içinde neşeleri bikanun ýaýratmak synanyşyklarynyň öňi alyndy. “Göknar — 2015”atly ýöriteleşdirilen çäreler döwründe gadagan edilen ösümlikleriň bikanun ösdürilmeginiň öňüni almak boýunça bellenen ugurlarda gözegçilik we dessin-agtaryş işleri dowamly alnyp baryldy.

Aprel aýynda geçirilen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäreleriniň biraýlygynyň çäklerinde sport ýaryşlary, wagyz-nesihat duşuşyklary, sergiler, neşekeşlik, çilimkeşlik we arakhorluk ýaly ýaramaz endiklerden saplanan raýatlaryň arasynda islegiň gaýtadan döremeginiň öňüni almak maksady bilen, maslahat beriş duşuşyklary guraldy.

Bellenilişi ýaly, neşeleriň dolanyşygyna gözegçilik etmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksadynda Gullugyň işgärleri ýurdumyzyň içinde we daşynda guralýan çärelere, şeýle hem halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklara işjeň gatnaşdylar.

Biz tutuş adamzada, şeýle hem her bir maşgala uly zyýan ýetirýän bu howply nägehana garşy ygtybarly böwet goýmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz ýöriteleşdirilen düzümler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagyň we ilat bilen yzygiderli işleri geçirmegiň möhümdigini belledi. Şol işleriň barşynda ilat neşe serişdeleriniň döredýän uly howpy we olary sarp etmegiň elhenç netijeleri, şeýle hem bu belany ýaýradýanlar babatda temmi çäreleriniň berkidilendigi hakynda giňden habarly bolmalydyr.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowyň hasabaty diňlenildi. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň başyndan bäri işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, gulluk we durmuş şertlerini gowulandyrmak maksadynda görlen çäreler hakynda habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna gullugyň işgärleri üçin niýetlenen täze ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň sazlaşykly, utgaşykly işleri bilen Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edip, ýurdumyzyň halkara giňişliginde abraýyny berkidýändiklerini nygtady. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslama bilen tanşyp, täze desgalary, hususan-da, ýaşaýyş jaýlaryny çalt we ýokary hilli gurmagyň möhümdigini belledi. Olar bildirilýän ähli talaplara laýyk gelip, ýaşaýjylar üçin oňaýly we amatly bolmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew çykyş edip, hasabat döwründe geçirilen işleriň netijeleri we ozal berlen tabşyryklaryň, şol sanda gözegçilik edýän düzüminiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça tabşyrygyň ýerine ýetirilişi hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gullugyň ýolbaşçysyna berlen görkezmeleriň, şol sanda Türkmenistanyň serhedinden geçýän ýükleri ykjam barlamagy üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmek hem-de ýurdumyza getirilmegi gadagan edilen önümleriň öňüne ygtybarly böwet goýmak, ähli gümrük terminallarynyň takyk işlemegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmek bilen bagly görkezmeleri takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň başyny başlan, ýurdumyzyň kanunçylygyny berkitmäge we kanunlaşdyrmaga gönükdirilen hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşynda şu ýylyň dört aýynda durmuşa geçirilen işler barada hasabat berdi.

Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da ösdürmek, ony halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmek boýunça işleriň möhümdigini belläp, bu babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmegiň möhümdigini aýtdy. Şol tejribäniň esasynda döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýän täze kanunlar işlenip taýýarlanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň netijelerini jemlemek bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni Ýaragly Güýçleriň düzümlerini yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmelerini geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigine çekdi. Şunda milli Liderimiz şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy berkitmegiň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, olary watançylyk hem-de öz halkyňa we mukaddes harby borjuňa birkemsiz gulluk etmek ruhunda terbiýelemegiň zerurdygyny aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasata we goranyş häsiýetli Harby doktrina laýyklykda, döwletimiz geljekde hem hukuk goraýjy we harby edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidip, eziz Watanymyza gulluk etmek, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň netijeli gulluk etmegi we amatly ýaşamagy üçin zerur bolan şertleri döreder.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda “Kelete” okuw-türgenleşik merkezinde Ýaragly Güýçlerimiziň düzümlerinde ot atyş taýýarlygyny geçen, söweşjeň taýýarlykda aýratyn tapawutlanan harby gullukçylaryň gatnaşmagynda geçirilen “Watan gerçegi” atly harby okuw-türgenleşik barada durup geçdi. Bu okuw-türgenleşigiň geçirilmeginiň maksady Ýaragly Güýçlerimiziň söweşjeň taýýarlygyny has-da ýokarlandyrmakdan hem-de milli goşunymyzyň diňe parahatçylyk maksatlaryna eýerýän goranyş kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybaratdyr.

Bu okuw-türgenleşik goşunymyzyň söweşjeň taýýarlygynyň ýokarydygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi. Okuw-türgenleşigiň oňat guralandygy üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşan harby gullukçylary dabaraly ýagdaýda höweslendiriji sylaglar bilen sylaglamagy hem-de olaryň arasyndan has tapawutlanan harby gullukçylary nobatdaky harby atlary dakmak üçin hödürlemegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy, şeýle hem şunuň ýaly okuw-türgenleşikleriň geljekde hem yzygiderli geçiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, uzak ömür we eziz Watanymyzda parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, ýurdumyzyň edermen goragçylarynyň geljekde hem üstlerine ýüklenen borçlary takyk ýerine ýetirjekdigine hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mynasyp goşantlaryny goşjakdygyna ynam bildirdi.