Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň möhüm desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin aňrybaşy amatly şertleri döretmek, şeýle hem Aşgabat—2017-ni ýokary derejede guramak we geçirmek bilen baglanyşykly meseleler milli Liderimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulýan täze binalary yzygiderli gözden geçirmek bilen, Aşgabadyň ähli durmuş üpjünçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çärelere hemişe üns berip, bu ýerde amala aşyrylýan ähli işleriň iň häzirki zaman talaplara we ülňülere, şol sanda hil, estetiki görnüşi we ekologiýa babatynda gabat gelmeginiň, geljegi nazarlaýan innowasiýa çemeleşmeleriniň esasy ölçeg bolup durýandygyny nygtaýar.

Watanymyzyň ak mermerli paýtagty sebitiň we dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini has ynamly eýeleýär. Aşgabat ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alan ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryna aýratyn depgin we sazlaşyk berýär, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy hem-de ýolbaşçylygy boýunça Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň aýdyň alamatyna öwrülýär.

Netijede dürli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň abraýy belende göterilýär. Muňa Aşgabadyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmek hormatyna eýe bolandygy hem şaýatlyk edýär. Aşgabat—2017-niň üstünlikli geçirilmegi Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň pugtalanmagyna ýardam berer, şeýle hem ýurdumyzyň baý döredijilik kuwwatyny äşgär etmäge mümkinçilik berer. Şol sebäpli hem döwlet Baştutanymyz hakyky parahatçylyk, dostluk we doganlyk baýramyna öwrüljek bu Oýunlara taýýarlyk görmegiň ähli tapgyrlaryna hut özi gözegçilik edýär.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz V Aziýa oýunlarynyň bäsleşikleriniň geçiriljek ýerine—Olimpiýa şäherjigine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de bu ägirt uly toplumyň gurluşygy ynanylan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy garşyladylar.

Bu köpugurly toplumyň oýunlara taýýarlyk derejesi döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns beren meselesi boldy, şäherjigiň çäklerinde sport we beýleki maksatly desgalaryň ençemesi ýerleşýär, olar ähli ölçegler babatynda ýokary halkara ülňülere hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talaplaryna laýyklykda ýaryşlary, şol sanda ýeňil atletika, welosiped sporty, tennis, suwda ýüzmek, sportuň dürli toparlaýyn görnüşleri, başa-baş tutluşyklar we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur şertler döredildi, şeýle hem ýörite türgenleşik zallary bar.

V Aziada gatnaşýan türgenler, tälimçiler hem-de wekiliýetleriň beýleki agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ajaýyp olimpiýa ýaşaýyş toplumy guruldy, ol jemi 12 müň adama niýetlenendir. Bu ýerde bina edilen belent jaýlar daşky görnüşi, içerki abadanlaşdyrylyşy we amatlylygy babatynda abadanlaşdyrylan şäher ýaşaýyş jaýlaryna laýyk gelýär. Ýaşaýyş toplumy on iki gatly ýigrimi binadan ybaratdyr, olar toplumlara birleşdirilendir, toplumlaryň her birinde, şeýle hem mümkinçilikleri çäkli adamlaryň ýaşamagy üçin şertler göz öňünde tutulandyr. Şeýlelikde, ak mermerli binalar ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga öwrülen tutuş ýaşaýyş toplumyny emele getirdi.

Mundan başga-da, Olimpiýa şäherjiginiň düzümine tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk toplumy girýär, ol dikeldiş merkezini we okuw merkezli ylmy-barlag barlaghanany öz içine alýar, şeýle hem bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan halkara media-merkezi we beýleki degişli desgalar ýerleşýär. Türgenleriň dynç almagy we boş wagtyny gyzykly geçirmegi üçin medeniýet merkezi göz öňünde tutulandyr.

Monorels ýoly şäherjigiň giň çäklerini gurşap alýar, onuň ugry boýunça aýratyn görnüşde bezelen stansiýalaryň birnäçesi gurnalandyr. Estakada ulagynyň bu görnüşiniň üýtgeşik aýratynlygy onuň ýerüsti herekete päsgelçilik döretmeýän, ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün edýän artykmaçlygydyr. Polat ýoluň belentliginden ägirt uly sport toplumynyň, şeýle hem gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň hem-de onuň köp sanly täze binalarynyň ajaýyp görnüşi açylýar.

Olimpiýa şäherjigi Aşgabadyň binagärlik keşbine hem-de onuň häzirki zaman şäher düzümine sazlaşykly utgaşmak bilen, paýtagtymyzyň aýdyň “ýüzüne” hem-de türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjyna öwrülýär.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyna baryp görmeginiň dowamynda münberleri 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionyna geldi. Milli Liderimiz Oýunlaryň baş meýdançasyny synlap, stadionyň enjamlaşdyrylyşyna hem-de onuň Aziada—2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk derejesine ünsi çekdi, oýunlara badalga berilmegine iki aýdan hem az wagt galdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda şeýle ýokary derejeli we giň gerimli sport ýaryşlary ilkinji gezek geçiriler. Müňlerçe daşary ýurtly myhmanlar — sport wekiliýetleri, janköýerler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri türkmen paýtagtyna gelerler, şonuň üçin hem Oýunlary ägirt uly we köp öwüşginli sport baýramyna öwürmek üçin ähli zerur çäreler geçirilmelidir, Aziada oýunlara gatnaşýanlaryň ählisiniň hakydasynda hemişelik galar we Ýer ýüzüne Türkmenistany özleri üçin täzeden açmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz şeýle hem Oýunlaryň alawyny ýakmak dabarasyna göwnejaý taýýarlyk görmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi, alawyň ýalkymy 17-nji sentýabrda özboluşly bezegli çanakda asmana nur saçar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna geljek hormatly myhmanlar üçin sport lybaslarynyň sowgatlyk toplumlary görkezildi. Lybaslaryň toplumlarynyň iki görnüşi – gyşky we tomusky görnüşleri işlenip taýýarlanyldy, gyşky lybaslar toplumy Gökdepäniň dokma toplumynda, tomusky lybaslar bolsa Aşgabadyň Modalar öýünde taýýarlanyldy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzyň belliklerine hem-de maslahatlaryna laýyklykda täzeden işlenen, V Aziadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna gatnaşjak türkmen türgenleri üçin adaty we dabaraly ýagdaýlarda geýmäge niýetlenen bir kysymly lybaslaryň nusgalary görkezildi. Paýtagtymyzyň Modalar öýüniň dizaýnerleri tarapyndan zenanlar we erkekler üçin sport lybaslar toplumynyň iki görnüşi taýýarlanyldy, olaryň bezeginiň her düzüminde milli öwüşgin we häzirki zaman nysak meýilleri sazlaşykly utgaşdyryldy.

Zenanlar üçin niýetlenen lybaslar toplumynyň birinji görnüşi keltekçeden, köýnekden, papakdan we sport aýakgabyndan ybaratdyr, ikinji görnüşi hem keltekçeden başga ähli lybaslary öz içine alýar. Onuň ýerine lybaslar toplumyna penjek girizildi. Erkekler üçin niýetlenen lybaslar toplumynyň iki görnüşi hem degişli futbolkany, jalbary, papagy we sport aýakgabyny öz içine alýar, onuň tapawutly aýratynlygy birinji görnüşde keltekçäniň we ikinji görnüşde penjegiň bolmagydyr. Ähli sport lybaslary ýurdumyzyň ýokary hilli dokma önüminden taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen lybas toplumlary bilen tanşyp, türkmen türgenleriniň lybaslarynyň halkymyzyň özboluşly medeni däplerini alamatlandyryp, şonuň bilen bir wagtda häzirki zaman meýillerine laýyk gelmelidigini, estetiki taýdan özüne çekiji we peýdalanmak üçin amatly bolmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, şeýle hem V Aziadanyň nyşanlarynyň sport lybaslarynyň bezeginde maksadalaýyk peýdalanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz taýýarlanylan nusgalary umuman makullap hem-de olara käbir üýtgetmeleri girizmek bilen, ýurdumyzyň türgenleri hem-de Oýunlaryň geçirilmegini guraýan işgärler üçin lybaslaryň nusgalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna çynlakaý we döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi. Oýlap tapylan çeper çözgütler, olaryň aýratynlyklary hem-de döredijilik taýdan ýerine ýetirilişine baglylykda, daşary ýurtly myhmanlarda biziň ýurdumyz barada täsirler galar, olaryň türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine, onuň gadymy gymmatlyklaryna gyzyklanma derejesi hem şuňa bagly bolar. Şunda önümleriň ýokary hil derejesi üýtgewsiz talap bolmagynda galýar.

Hormatly myhmanlar üçin sowgatlyk toplumlary barada aýdylanda bolsa, olar hem milletimiziň taryhy-medeni ýörelgelerini we häzirki zaman meýillerini özünde utgaşdyrmalydyr hem-de bu sowgatlary alan adamlarda Aşgabat we myhmansöýer Türkmenistan barada ýakymly ýatlamalar galdyrmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şeýle hem bu ýerde myhmanlar üçin dürli serişdeler, sowgatlyk önümleri, torbalar, türkmen alabaýynyň, ahalteke bedewiniň şekilleri, milli keşdeler salnan torbalar, tahýalar, alajalar, V Aziadanyň nyşany ýerleşdirilen sport aýakgaplary, köýnekçeler, ýazuw depderçeleri, ruçkalar, göwnejaý bezelen maglumat neşirleri we beýlekiler görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz Oýunlara taýýarlyk görmegiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, olaryň çözgüdine örän oýlanyşykly hem içgin çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady.

Biziň örän möhüm wezipämiz taryhda iň iri möçberli we giň gerimli Aziýa oýunlaryny mynasyp, ýokary derejede geçirmekdir, ol özüniň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygarynyň doly derejede beýanyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar, şol sanda Olimpiýa şäherjiginiň ähli desgalarynyň bu möhüm waka doly taýýarlygy, paýtagtymyzyň öňdebaryjy tehnologiýalary herekete getirmek arkaly bezelişi , hususan-da, daşary ýurtly myhmanlar üçin dikuçarda gezelençleri guramak bilen tanyşdyryş çärelerini geçirmek, olara ýokary derejeli hyzmaty üpjün etmek bilen bagly tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyndan çykyp, bu ýerde goýlan awtoulag serişdeleriniň nusgalaryny synlady, olar Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýolagçylara hyzmat eder. Täze ulaglaryň hatarynda taksiler, kiçi we uly göwrümli awtobuslar bar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ulaglaryň hemmesiniň ýurdumyzyň howa şertlerine laýyk gelmegi we olarda ýolagçylar üçin aňrybaş mümkinçilikleriň döredilmegi esasy talap bolup durýar. Şunda, ulaglarda oturdylan monitorlarda ýolagçylara niýetlenen degişli maglumatlaryň berilmegi, olarda mahabatlandyryş görnüşleriniň görkezilmegi hem-de ýolagçylar üçin bähbitli bolan maglumatlaryň we beýlekileriň eşitdirilmegi bilen baglanyşykly işlere maksatnamalaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Milli Liderimiz sürüjiler bilen bolan gürrüňdeşligiň dowamynda olaryň ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary nusgasyny görkezmelidiklerini, bu ugurda ýörite taýýarlyk işlerini geçmelidiklerini belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde has-da ähmiýetlidir.

Sürüjiler ähli amatlyklary özünde jemleýän täze awtoulaglary alyp berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdyp, ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek boýunça öz öňlerinde goýlan anyk wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny ýörite awtobusda dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz ýüzugra Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasynyň ýanynda saklandy we onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri mähirli garşyladylar.

Ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy K.Babaýew milli Liderimize täze binanyň taýýarlyk işleri, onda döredilýän şertler, üpjün edilen mümkinçilikler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, durky täzelenen binanyň enjamlaşdyrylyşy, onda döredilen şertler, otaglaryň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Bu ýerde işlemek üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan häzirki zaman kompýuter we edara enjamlary bilen enjamlaşdyrylan we döwrebap iş mebelleri bilen üpjün edilen iş otaglary bar. Binanyň içinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň 6-sy — Demokratik partiýa, Agrar partiýa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda “tegelek stollary”, duşuşyklary, ýygnaklary, maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan 5 sany 20 orunlyk, 2 sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda ajaýyp şekilde bezelen dürli maslahatlary geçirmek üçin uly mejlisler zaly bar. Binanyň üçünji gatynda hormatly Prezidentimiziň görnükli eserleri, şeýle hem beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär. Edara binasynyň içki bezegi üçin ýurdumyzyň suratkeşleriniň eserleri we döwrebap bezeg gymmatlyklary ulanylypdyr.

Binanyň abadanlaşdyrylan ýanaşyk çäklerinde bassyrmaly açyk awtoduralga hem göz öňünde tutulypdyr. Onuň ýerzemin gatynda awtoduralga, arhiw we ammar jaýlary ýerleşýär.

Döwlet Baştutanymyz täze edara binasy bilen tanyşlygyň barşynda jemgyýetçilik guramalarynyň käbir otaglaryna baryp gördi. Olarda netijeli iş alyp barmak, şeýle hem medeni-köpçülik çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň maslahat geçirilýän zalyna baryp, onuň bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen oňyn şertler bilen tanşyp, uly maslahat zalynda giň möçberli çäreleri geçirmek üçin üpjün edilen mümkinçilikler, olaryň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

Milli Liderimiz edara binasy bilen tanşyp, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda, döwletimizde we jemgyýetimizde giň gerimli demokratik özgertmeleri ýaýbaňlandyrmakda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň we toplumlaýyn ösüş maksatnamalarynyň many-mazmunyny we asyl maksatlaryny düşündirmek boýunça köpçülikleýin aň-bilim işlerini alyp barmakda jemgyýetçilik guramalarynyň möhüm orun eýeleýändiklerini belledi.

Türkmenistanlylaryň agzybirligini we jebisligini mundan beýläk-de berkitmek, ilatyň ähli gatlaklarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, halkymyzyň öňden gelýän ahlak gymmatlyklaryny ýaýmak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milletimiziň baý döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, olaryň alyp barýan işlerine uly ähmiýet berilýär.

Birleşikleriň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary barada edýän ýadawsyz aladasy we berýän goldawy, olaryň işini kämilleşdirmekde döredýän ähli şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek ugrunda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Bu düzümleriň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň, ýokary derejeli täzeçil tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz olaryň alyp barýan jogapkärçilikli işlerinde uly üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr. Tutuşlygyna alnanda, taslama boýunça iki gatly kottejleriň 208-sini, 12 gatly jaýlaryň 18-sini we 3-4 gatly jaýlaryň 16-syny, şeýle hem öz içine söwda merkezlerini, çagalar bagyny, mekdebi we beýlekileri alýan durmuş düzümli birnäçe degişli desgalary gurmak göz öňünde tutulandyr. Täze binalary gurmak üçin paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginden giň meýdan bölünip berildi. Häzirki wagtda bu ýerde hil taýdan täze şäher gurşawy döredilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan başy başlanan bu dürli görnüşdäki we gatlardaky jaýlary gurmak işi raýatlaryň amatly we mynasyp jaýlary saýlap almak mümkinçiliklerini has-da giňelder. Bu jaýlar täze döwrüň talaplaryna, türkmenistanlylaryň şahsy ýüz tutmalaryna we isleglerine doly gabat gelýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 15-nji tapgyryň desgalarynyň gurluşygyny alyp barmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Kottejler babatda aýdylanda bolsa, olaryň gurluşy iki ugurda — taslama boýunça ýa-da geljekki jaý eýesiniň isleglerine görä ýerine ýetirildi. Ähli jaýlarda döwrebap garaž, degişli tehniki desgalar we beýleki jaýlar bar.

Her biri 350 inedördül metrden gowrak kottejler özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýar, olaryň gurluşygynda döwrebap ekologik gurluşyk, keramzit we gaz beton bloklary ýaly bezeg we üçeklik materiallar, keramogranit, bassyrmalyk we beýleki serişdeler ulanyldy. Jaýlar ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen bir hatarda zerur bolan ähli durmuş üpjünçilik ulgamlary bilen özbaşdak enjamlaşdyrylandyr.

Döwlet Baştutanymyz ýörite awtobusda kottej jaýlar toplumynyň daşyndan aýlandy. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy täze bina edilen kottej jaýlaryň biriniň ýanynda saklandy, bu ýerde milli Liderimizi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew garşylady. Kottej jaýa girip, hormatly Prezidentimiz onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi, enjamlaşdyrylyşy we olaryň ölçegleri bilen gyzyklandy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň belleýşi ýaly, bu ýerde peýdalanylan gurluşyk serişdeleri täze tehnologiýalar esasynda taýýarlandy. Şeýle hem aşhanada goýlan mebeller birleşigiň agzalary bolan hususy kärhanalarda taýýarlanyldy.

Täze jaý bilen tanyşlygyň dowamynda, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe otaglary, şol sanda myhman otagyny, birinji gatda ýerleşen aşhanany we ikinji gatdaky ýatylýan otagy hem-de çagalar otaglaryny synlady. Otaglaryň birinde eýwana çykalga döredilipdir. Milli Liderimiz özboluşly äheňde bina edilen eýwany synlap, ony dürli maksatlar, şol sanda iş otagy hökmünde ulanmagyň boljakdygyny aýtdy.

Ähli amatlyklary bolan 48 we 72 öýli belent jaýlar ähli ölçegleri boýunça ýokary derejeli rahatlyk şertleri bilen üpjün edilipdir. Bu täze salnan 12 gatly jaýyň öýleri belent potoloklary we giň ýaşalýan otaglary bilen tapawutlanýar. Öýleriň ýyladylyşy we sowadylyşy merkezleşdirilen ulgama birikdirilendir. Meýdançanyň ýanaşyk ýerlerinde köpçülikleýin dabaralary geçirmek üçin ýerler bilen üpjün edilen we çagalar üçin oýun meýdançalary gurnalypdyr.

Döwrebap enjamlar toplumy bilen ähli amatlyklary bolan üç otagly hem-de dört otagly jaýlaryň ýaşaýjylary üçin döwrebap amatlyklaryň doly toplumy kepillendirilýär. Olaryň her birinde lift gurnalandyr. Üç gatly sekiz jaýda umumy meýdany 222 inedördül metrden gowrak ýokary amatlykly alty sany giň öýler ýerleşdirilendir. Ýerzemin gatda giň türgenleşik otagy ýa-da goş saklamak üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutulypdyr. Dört gatly jaýlarda her biri 253 inedördül metrden gowrak sekiz sany öý ýerleşdirilendir. Jaýlaryň ýanynda gurlan awtomobil duralgalary hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda bolar.

Şeýlelikde, paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Munuň özi milli Liderimiziň gurluşyk pudagynyň hünärmenleriniň öňünde goýýan möhüm wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli gurluşyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi. Paýtagtymyzda döredilýän gök zolaklaryň çäginiň artdyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň ekologiýa abadançylygynyň, şäher ulaglarynyň bökdençsiz we sazlaşykly hereketiniň, şeýle hem ilatyň amatly ýaşaýşy we dynç alşy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmeginiň esasy şertini emele getirýändigini aýtdy.

Binagärleriň we taslamaçylaryň pikirleri boýunça paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň merkezi böleginde täze seýilgäh zolagyny gurmak göz öňünde tutulýar. Ulag düzüminiň göz öňünde tutulmagy bolsa ýaşaýyş jaýlaryna amatly barmagy hem-de şäheriň beýleki künjeklerine amatly gitmek mümkinçiligini üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumy hem-de onuň täze ýaşaýjylary kabul etmäge taýýarlyk derejesi bilen tanşyp, Aşgabatda amala aşyrylýan hem-de adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň üpjün edilmegine we oňaýly şäher gurşawynyň kemala getirilmegine gönükdirilen şähergurluşyk konsepsiýasynyň durmuş ugurly häsiýete eýedigini nygtady. Soňky ýyllarda aşgabatlylaryň müňlerçesi ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndaky amatly öýleriň eýeleri boldular, ol jaýlar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini düýpli özgerdýär.

Täzeçil tehnologiýany we dünýäniň iň gowy tejribesini ornaşdyrmak, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy ugurlary bolup durýar. Şeýle özgertmeler Watanymyzyň beýleki şäherlerini we ilatly ýerlerini hem gurşap aldy. Häzir paýtagtymyzda toplanan tejribe ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem durmuş taýdan ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilende üstünlikli peýdalanylýar.

Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ägirt uly häzirki zaman şäherine öwrülen Aşgabadyň keşbiniň onuň ilatynyň durmuş ýörelgeleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirmelidigini belledi. Gök zolaklar şäheri abadanlaşdyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar, olar döredilende landşaft we bag-seýilgäh bezegçiligi ulgamyndaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň milli bezegçilik aýratynlyklary, kiçi binagärlik şekilleri öz içine alýan bezeg görnüşleri peýdalanylmalydyr, pyýada we welosipedliler üçin ýodajyklar gurnalmalydyr. Täze seýilgäh toplumlarynda Türkmenistanyň tebigy howa şertlerinden ugur alnyp, dürli agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň nahallary oturdylmalydyr, şeýle hem netijeli suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly suwaryş ulgamlarynyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşilmelidir.

Şeýle hem paýtagtymyzyň çäkleriniň giňelýändigi hasaba alnyp, ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilmelidir. Şunda paýtagtymyzda täze ýaşaýyş toplumlarynyň hem-de şäheri ösdürmegiň uzakmöhletleýin meýilnamalary bilen bagly meseleler göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz iş saparynyň jemlerini jemlemek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we şäher jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, ähli bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de olary ulanmaga bermegiň bellenilen möhletleriniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabadyň öňde boljak ägirt uly sport baýramçylygyny ajaýyp gözelligi bilen garşylamalydygyny aýtdy we bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde we alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.