Rozy Rejebow: grek-rim usulynda göreşýän pälwanlaryň Oýunlarda ýeňiş gazanmaga mümkinçiligi bar

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň öňüsyrasynda habarçymyz grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndymyzyň türgenleşigine baryp gördi we toparyň halypasy- Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebow bilen söhbetdeş boldy.

-Rozy Rejebowiç, „Aşgabat 2017“ Oýunlarda pälwanlarymyzň mümkinçiligne nähili baha berýärsiňiz?

-Toparda soňky ýyllarda geçirilen dünýä we Aziýa çempionatlarynda, beýleki halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelän türgenler bar. Ýöne Ýapyk binalrdaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Eýrandan, Günorta Koreýadan, Hytaýdan, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan iň güýçli pälwanlar gelerler. Diýmek, tutluşyklar çekeleşikli, bäsdeşlik barlyşyksyz geçer. Türgenlerimiziň öňünde jogapkärli wezipe durýar –bar ünsüňi bir ýere jemläp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek üçin aňryçäk gowy netije görkezmeli.Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň artykmaçlygy—ýaryşyň öz ýurdumyzda geçirilýänligi we köpsanly janköýerleriň goldawydyr, bu bolsa şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde hemmä deň mümkinçilik berýän möhüm höwesdir.

-Aziadada kimler Türkmenistana wekilçilik eder?

-Halkara derejeli sport ussady, ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony, 2014-nji ýylda geçirilen Aziýa oýunlarynyň we 2017-nji ýylda geçirilen Yslam oýunlarynyň bürünç baýragynyň eýesi Şermet Permanow. Toparymyzda iň tejribeli, 26 ýaşly bu türgen şu ýyl Milli sport we syýahatçylyk institutyny tamamlady, indiki ykbalyny tälimçilige bagş etmegi arzuw edýär. Şeýle hem ýurdumyzda geçiriljek Azidada sport ussady Süleýman Belliýew tutluşyk meýdançasyna çykar. Ol halkara derejsindäki ýaryşa --2012-nji ýylda ýetginjekleriň (ýaşy 17-ä çenli pälwanlaryň) arasynda Mýanmada geçirilen Aziýa çempionatyna ilkinji gezek gatnaşyp, bürünç baýraga mynasyp boldy. 2015-nji ýylda Bişkekde geçirilen ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda hem şeýle üstünlik gazandy. Ýygyndymyzyň ýene bir agzasy 19 ýaşly Seýdylla Täzäýew geçen ýyl Fransiýada geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda 60 kg agramda üçünji ýeri eýeledi. Şu ýyl hem Hytaýyň Taýbeý şähreinde geçirilen Aziýa çempionatynyň altyn medalyna we Bakuwda geçirielen Yslam ýurtlarynyň raýdaşlygy oýunlarynyň bürünç medalyna mynasyp boldy. Toparymyzda başga-da zehinli pälwanlar bar.

-Pälwanlaryň şowly çykyş etmeginiň şerti nämede?

-Ozaly bilen, janaýaman türgenleşmeli, maksada okgunly, ruhuň güýçli, psihologik taýdan taýalykly bolmaly, onsoňam Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri, zehinli halypalr- Ýagşymrat Kürräýew, doganlar Timur we Ali Farzaýewler bar.

Grek-rim göreşi häsiýetiňi taplamaga, öňbaşçylyk häsiýetleriniň kemala gelmegine, toparyň bähbidini aramaga ýardam edýär, duýgurlygy, çydamlylygy, çakganlygy kämilleşdirýär.

„Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň maksatnamasyndaky grek-rim ýaryşynyň janköýerleri çekelşikli tutluşyklar we ýeňişli çykyşlar bilen begendirjekdigine umyt edýärin. Türgenlerimiz güýçli pälwanlar bilen tutluşarlar, biz olary her bir anyk bäsleşige diňe ýeňşe höweslendireris. Aziýa oýunlarynyň öň ýanyndaky günlerde tälimçilerimiz tagalallaryny pälwanlarymyzyň beden we ilsim taýýarlygyna, pälwanlaryň psihilogik taýdan durnuklygyny saklap galmaga gönükdiýärler.