V Aziýa oýunlarynyň terjimeçiler toparynda “Dalçyn” okuw we terjimeçilik merkeziniň hünärmenleri

“Aşgabat 2017" oýunlaryna taýýarlyk görmek ýurdumyzyň durmuşynyň derwaýys meseleleriniň birine öwrüldi. V Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa sebitinde müňlerçe tomaşaçylara we gatnaşyjylara gujak açjak iň iri sport baýramçylygydyr.

Oýunlaryň taýýarlyk işlerine döwlet edaralary bilen bilelikde hususy eýeçilik ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň taýýarlyk işine mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň biri hem “Dalçyn” okuw-terjimeçilik merkezi bolup durýar.

“Dalçyn” hususy kärhanasy Türkmenistanda giň göwrümli we ýokary hilli okuw we terjime hyzmatlary bilen tanalýan öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Ol 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň resmi maslahatçysy Beýik Britaniýanyň “Triwandi Çanzo Limited” kompaniýasynyň hyzmatdaşy boldy. Iki kompaniýanyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň netijesinde gysga döwrüň dowamynda ýokary derejeli terjimeçiler topary döredildi we çärelere taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işlerde aragatnaşyk köprüsi bolup hyzmat etdi.

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň mugallymlary we hünärmenleri “Triwandi Çanzo Limited” kompaniýasyna meýletinçileri taýýarlamakda hem goldawyny gaýgyrmaýarlar. Ýaş we ruhubelent meýletinçiler gelýän daşary ýurtly myhmanlary Aşgabadyň Halkara howa menzilinde garşy aljak ýurdumyzyň ilkinji wekilleridirler. Şonuň üçin hem biziň ýaş ýigitlerimize we gyzlarymyza örän uly jogapkärçilik düşýär. Olar diňe bir güler ýüzli myhmansöýerlik edeplerine eýe bolman, eýsem daşary ýurt dillerini hem ýokary derejede özleşdirmegi başarmalydyr.

“Hemmelere belli bolşy ýaly, meýletinçiler Oýunlaryň “ýüzüdir”. Sebäbi daşary ýurtly türgenlerde we janköýerlerde Türkmenistan, paýtagtymyz Aşgabat we Aziýa oýunlary hakynda ilkinji ýakymly täsirleri galdyrmak olara bagly bolup durýar. “Ilkinji ýyldyzlar” meýletinçilik maksatnamasynyň çäklerinde Oýunlarda ýardam bermek üçin 8000 meýletin ýardamçy saýlandy. Olar, esasan, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Topar ýolbaşçylary üçin ýörite tälimçilik okuwlary, şol sanda dil taýýarlyk okuwlary gurnaldy” diýip, “Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymy Döwlet Rejepow gürrüň berýär.

Aşgabat 2017 oýunlary “Dalçyn” kärhanasy üçin onuň alyp barýan işiniň ýokary hünär derejesinde çemeleşilýändiginiň we sentýabr aýynda garaşylýan çylşyrymly wezipeleriň öňünde toparyň agzybirliginiň düýpli barlagy bolar. Sebäbi kärhananyň ähli hünärmenleri daşary ýurtly wekiliýetleriň ýanynda iş alyp barmaklyga çekiler. Bu merkez dilden (sinhron we yzygiderli) terjime, resmi ýazmaça terjimeler we maglumat-maslahat beriş hyzmatlaryny hem öz içine alýar. Kärhananyň bu döwürde öňünde goýýan esasy wezipesi hyzmatlary ýokary hünär derejesinde, öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmekden ybarat bolup, alyp barýan işleriniň ileri tutulýan ugry Aşgabat 2017 oýunlarynyň dürli dilleriň aragatnaşygyna päsgelçilik bolmaýan we medeniýetleriň açyk aragatnaşygynyň ýola goýulýan sahnasyna öwrülmegi üçin ähli zerur bolan şertleri döretmekden ybaratdyr.

“Dalçyn” hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Nazar Atajanow: “Biziň üçin Aşgabat 2017 oýunlarynyň taýýarlyk işlerine gatnaşmak örän buýsandyryjydyr. Bu Oýunlar bize we ýurdumyzyň hususy eýeçilik ulgamynyň beýleki wekillerine iri halkara taslamalarynda işlemek bilen hünär tejribelerimizi baýlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Bedew batly depginler bilen belent ösüşlere sary barýan ýurdumyz köpsanly halkara forumlaryň, simpoziumlaryň, ylmy maslahatlaryň we syýasy çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşine maýa goýumlaryny goýýan, türkmen hünärmenlerini işe çekýän daşary ýurtly kompaniýalaryň sany hem günsaýyn artýar. Şeýlelik bilen ýyl geçdigiçe daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň zerurlygy ýüze çykýar” diýip belleýär.

“Dalçyn” okuw we terjime merkezinde bäş sany dil öwredilýär: türkmen, iňlis,rus, nemes we fransuz. Merkeziň diňleýjileriniň agramly bölegi iňlis dilini öwrenmäge ýykgyn edýärler, sebäbi ol milletara aragatnaşyk dili hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Dalçyn” hususy kärhanasy Beýik Britaniýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Kembrij uniwersiteti bilen hem ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýar we merkeziň diňleýjileri bu uniwersitetiň okuw kitaplary boýunça okadylýar.

“Dalçyn” okuw merkeziniň mugallymlarynyň öz öňünde goýýan esasy maksady gysga wagtyň dowamynda daşary ýurt dilini netijeli öwretmekden ybaratdyr. Mysal üçin, iňlis dilini täze öwrenýänler üçin maksatnamanyň dowamlylygy 18 aýdan köp bolmaly däl. Ýeterlik yhlas edilende iňlis dilini öwrenýänler we “Dalçyn” okuw merkezinde okuw tapgyrynyň altysyny hem doly okan diňleýjiler işe we halkara uniwersitetlere okuwa girmek üçin zerur bolan IELTS halkara synagyny hem tabşyryp bilýärler. Şu ýyl merkez 11-nji sentýabrda güýzki okuw tapgyryna täze diňleýjileri kabul etmäge taýýarlanýar.

“Dil öwren, dünýäni aç” jümlesi biziň merkezimiziň baş şygary bolup, diňleýijilere gysga wagtda aragatnaşygy ýola goýmak endiklerini öwretmek üçin döwrebap tehnologiýalary we usullary ulanýarys. Okuw sapaklarynyň berk gözegçilikde saklanmagy we bilim derejesiniň bahalandyrylmagy diňleýjilere ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döredýär. Şeýle-de aragatnaşyk endikleriniň kämilleşdirilmegine gönükdirilen okyjy toparlary, filmlere seretmek we ara alyp maslahatlaşmak, dürli bäsleşikleri gurnamak bilen goşmaça amaly sapaklar geçirilýär. Öňümizdäki “Aşgabat2017" oýunlary bizi işlerimizi kämilleşdirmäge höweslendirýär” diýip, okuw merkeziniň mugallymy Gunça Bagiýewa nygtaýar.

Kärhananyň adynyň çuňňur mana eýedigi hem ýatlanmaga mynasypdyr. Dalçyn türkmen dilinde dürli tagamlaryň gymmatyna baha berýänleriň halaýan we dürli iýmitleriň, içgileriň tagamyna üýtgeşik hoşboý tagam beriji ösümlikleriň biridir. Gündogarda dalçyn diňe bir saglygy berkidýän ösümlik hasaplanman, eýsem onuň tagamy uzak wagtlap duýlup, şähdiňi açýar.

Şeýlelikde, "Dalçyn” okuw merkeziniň uçurymlary olaryň zähmet bazarynda artykmaçlyk berýän daşary ýurt dilini bilýändigi barada öz terjimehalyna ýönekeý bir goşundy goşman, eýsem düýpli dil bilimlerine we endiklerine hem eýe bolýarlar.

Kärhana golaýda “Türkmengaz” döwlet konserninden Türkmenistanda nebit-gaz pudagynda iş alyp barýan inženerler üçin ýörite dil okuw maksatnamalarynyň döredilmegi babatdaky haýyşnamasyny aldy. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Dalçyn” hususy kärhanasy nebit-gaz pudagynyň hünärmenleri üçin daşary ýurt dil okuwlaryny döretmegi meýilleşdirýär. Olaryň okuw tapgyrlarynyň bäşisi Türkmenistanda, altynjy amaly okuw tapgyry bolsa Beýik Britaniýada geçiriler.

Kärhananyň Türkmenistanda Kembrij uniwersitetiniň resmi hyzmatdaşy hökmünde çykyş etmek babatda gepleşikleri alyp barmagy bolsa, “Dalçyn” okuw we terjime merkezine bu uniwersitetiň okuw kitaplaryny biziň ýurdumyzyň çäklerinde satmaga we ýaýratmaga mümkinçilik berer. Hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin maksatnamalarynyň biri okuw materiallarynyň Türkmenistanyň medeni-durmuş aýratynlyklaryna görä uýgunlaşdyrmaly bolýar. Uýgunlaşdyrylan okuw kitaplary ýurdumyzyň medeni, taryhy we dil aýratynlyklaryna laýyk gönükdirilip, öň dil öwrenmedikler üçin iňlis dilini has ýeňil özleşdirmäge mümkinçilik berer.

“Dalçyn” hususy kärhanasy geljekde işewürlik, hukuk, kompýuter sowatlylygy we buhgalterçilik hasabaty ugurlary boýunça iňlis dilinde ýöriteleşdirilen mekdebi açmaklygy meýilleşdirýär. Şeýlelik bilen bu okuw we terjime merkezi Türkmenistanda iş alyp barýan daşary ýurtly kompaniýalar bilen işleşmäge gönükdirilen hünärmenleri okadýan okuw merkezini döretmegi umyt edýär. Bu bolsa ýaş dalaşgärlere Türkmenistanyň çäginden çykmazdan, hususy daşary ýurtly kompaniýalar tarapyndan bildirilýän ülňülerde bilim almaga mümkinçilik döreder.