Sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy giňeldilýär

Gubadag etrabynyň obalarynyň birnäçesiniň ilaty döwrebap we ýokary hilli telefon aragtnaşygy bilen üpjün edildi. „Daşoguztelekom“ kärhanasynyň hünärmenleri optika-süýümli kabeliň birnäçe kilometrini geçirdiler we dürli belgi sygymly sanly awtomatik telefon bekedini oturtdylar. Şu ýyl Daşoguz welaýatynyň etraplarynyň ählisinde müşderiler ulgamyny giňeltmek, telefon aragatnaşygnyň we internet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Şu güne çenli demirgazyk sebitde optika-süýümli kabel bäş ýüz kilometriden gowrak ýere çekildi.

Türkmenistanda ähli ýerde telekommunikasiýa ulgamyny ösdürmek we eletroaragatnaşyk ulgamyny iň ýokary dünýä ölçeglerine laýyk gelýän derejä çykarmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu wezipeler milli özgertmeler maksatnamasynda göz öňünde tutulandyr, onuň çäklerinde demirgazyk sebitde 2015-2020-nji ýyllarda stasionar we ykjam aragtanaşyk ulgamyny giňeltmek, telefon liniýalarynyň bir müň kilometrden gowragyny çekmek göz öňünde tutulýar. Şeýle uly möçberli işler diňe bir ýurduň aragatnaşyk we maglumatlar ulgamyndaky uly mümkinçiligni görkezmän, eýsem sebitleriň ykdysady ösüşiniň geljegi we ilatyň artmagy bilen baglanşyklydyr.