Milli žiwopisiň halypalry: Bäşim Nuraly

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanda nusgawy nakgaşlygyň kemala gelmegi Aleksandr Wladyçuk, Ilýa Mazel, Olga Mizgirýowa, Sergeý Beglýarow, elbetde Bäşim Nuraly ýaly tanymal şahsyýetleriň ady bilen baglanşyklydyr, heniz diri wagtam, pajygaly wepat bolandan soňam onuň zehini barada çekeleşikli jedel edilýärdi. Nakgaşlyk sungatynyň muşdaklarynyň we sungaty öwrenijileriň ýene ençeme nesli Bäşim Nuralynyň üýtgeşik surat çekiş tilsimi barada jedel ederler.

Ol ХХ asyr bilen ýaşytdaşdy—1900-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda doglupdy. Atadan ir galyp, baýyň elinde batrak bolardy. Soňra Hazydark obasynda dowar bakdy. Gyşyna öýlerindäki ýekeje sygryň süýdüni satyp güzeran aýlamak üçin Aşgabada taýharlyja gaýdardy...

Bir gezek ykbal oňa gülüp bakdy. Bazarda ençe wagtlap getiren süýdüni satyp bilmän kösenip otyrka harby deňizçi biri: „süýdüňi UŞIW-e eltip berseň –baryny alaýyn“-diýdi. Bäşim rus dilini bilmese-de, hoşamaý kişä ynandy. Gaplaryny taýharyna atardy-da, UŞIW diýilýän geň ýere ugrady. Ol penjireleri ullakan owadan jaý eken. Içine girenden Bäşim aljyrady. Diwarlarda Köpetdagyň eteginde mal bakanda höwes edip synlaýan manzarlary dürli reňklerde beýan edilendi. Bu zatlar Bäşime şeýle bir güýçli täsir etdi welin, ol tizara Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebine okuwa girdi.

1925-nji ýylyň martynda mekdep ýapylandan soň has zehinli diňleýjiler okuwyny dowam etmek üçin Moskwa we Leningrada iberildi. Halkdan çykan nakgaş üçin kyn hem möhüm döwür başlandy. Onuň ozalky mugallymy Iýa Mazel WHUTEMAS- a okuwa girmäge taýýarlyk hökmünde Moskwanyň halk magaryf bölüminiň işçiler mekdebine ýerleşdirdi. Emma rus dilini bilşi gowşak bolansoň, ol umumy taglymat derslerini özleşdirip bilmedi. Onsoňam Bäşim Nuralynyň surat çekiş tilsimine düşünmeýärdiler. Ony nakgaşa mahsus ýeňilligiň ýetmeýänlignde we adam süňňüni sazlaşykly çekmeýänlikde ýazgararýardylar. Başga biri kynçylyklardyr özüne düşünilmezliginden müzzerip, yza teserdi, ýöne Bäşim Nuraly beýle pisint adamlardan däldi. Ol kejeşip, özüniňkini dogry etjek bolýardy, gepini gögerdýärdi.

Dogrudanam, Bäşim Nuralynyň surat çekiş usuly iliňden üýtgeşikdi. Onda Gündogaryň miniatýuralarynyň täsiri, sadalyk we haly bezegleriniň äheňi duýulýardy. Sungaty öwreniji Pawel Popowyň pikirine görä, her ýurtda-da Bäşim Nuraly ýlay halkdan çykan nakgaşlar duş gelýär. Germaniýada olaryň döredijiligine „sada ýürekleriň žiwopisi“, Şweýsariýada „ýekşenbe žiwopisi“, Amerikada „sada žiwopis“, Fransiýada „halk žiwopisçileriniň sungaty“ diýilýär.

1930-njy ýylda Aşgabada gaýdyp gelenden soň oňa täzelikde açylan „Türkmenfilm“ kinostudiýasynyň direktory wezipesini teklip edýärler. Täze zatlaryň bary Bäşim Ýusubowiçi edil jadysy bar ýaly özüne çekýärdi. „Ýedi ýürek“ filminde çopanyň keşbini döretmäge artist gerek boldy. Şonda ol: „Artist nämä gerek? Ony çopanyň özünden gowy oýnan bolmaz!“ - diýdi. Şeýdibem ilkinji türkmen artistleriniň biri boldy.

Şondan bir ýyl soň öz göwün bereni –halyçy gyz Amansoltan bilen durmuş gurdy. Ol „Aýalymyň portreti“ eserinde onuň owadanlygyny, ýaşlygyny, iň esasy-da bagtyýar gözlerini şekillendirdi. Gijelerine haly dokaýan Amansoltana garanda Bäşim Ýusubowiçiň köňlünde ýene-de täzelikçi oýandy, ol: „Halyda öňden galan göllere derek gara öýleriň ornuna gurlan kerpiç öýleri ýa-da otlulary çiteňde ne bor?“ --diýip pkir etdi. Amansoltan ýanýoldaşyny goldady, onsoň olar mowzukly haly döretmäge başlap, beýleki halyçy nakgaşlara nusga boldylar.

Bäşim Ýusubowiç zynatly-bezemen geýinmäni halaýardy. Onuň bu häsiýeti UŞIW-iň direktory Aleksandr Wladyçukdan geçen bolaýmasa. Aşgabadyň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde gonjy dar, ýokarsy giň jalbarly we aýakgabyň üstünden geýilýän aşagy tasmaly ýyly gonçly bezemen geýnen ilkinji türkmen nakgaşynyň äpet portreti bar. Aslynda birneme hilelije Bäşim öz lybasyna siňňin serederdi. Ol Moskwa gidende telpekdir don geýse, gaýdanda bolsa, eli naşyja hasalyja ýüpek bilen nah gatyşyk dykyz matadan tikilen kostýumly dolanar eken. Ýagny, Moskwada türkmençe, öz ilinde Ýewropa eşikli gezipdir.

Aleksandr Wladyçuguň oýlap tapan rulepedi bilen türgenleriň bir toparynyň Aşgabat-Moskwa welosipedli ýörüşi Bäşim Ýusubowiçe güýçli täsir eden borly. Onuňam täzelik tapasy gelipdir. Birnäçe ýyldan ol Kompozitorlar birleşmesine gyjakdyr dutaryň we taryň garyşmagyndan emele gelen saz guralyny görkezipdir. Emma ol ýerde muňa Bäşim Nuralynyň täze hokgasydyr öýdüp, oňa goldaw bermändirler.

Agyr uruş ýyllary ol häzirki öz adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebinde sapak beripdir, bu ýerdäki muzeýde onuň üýtgeşik zehininden dörän saz gurallary goýlupdyr. Onuň ozalky okuwçylarynyň biri Lýudmila Pawlowna Ulakina: „ Ol daşyndan göräýmäge gazaply mugallymy, biz-gyzlar-a ondan çekinerdigem, ýöne garagol oglanlar onuň sapakdan soň milli eşik geýip, bazara kişmiş satmaga gidýänini bilip, hamala, tötänden Bäşim Ýusubowiçiň söwda edýän ýeriniň golaýyndan geçseler, ol uruş döwründe elýetmez nygmat bolan kişmişden bir gysym berip goýbär eken“—diýip ýatlaýar. Bu hem onuň rehimlidigini we telekeçil oba adamsy bolanlygyny görkezýär.

Bäşim Nuralynyň döredijiligi 1923-nji ýylda Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebinde okaýan döwri çeken „Gurban baýramy“ atly eserinden başlanýar. Onda bezemen milli lybasly zenanlaryň ýaşajyk obadaşynyň hiňňillik uçuşyna syn edýän pursady şekillendirilipdir. Surat reňki we çekiliş tilsimi babatda gündogar miniatýurasy ýörelgelrinde çekilipdir. Ýöne ol ýaňy döredijilige başlan nakgaşyň türkmen zenanlaryna garaýşyny görkezýär.

Onuň şondan soňky suratlarynda ýagty reňkler peýda bolýar. Bu babatda onuň „RÝÝE-de“ diýen eserinde bägül desseli mawy reňk giň jaýda ýaş çatynjalar bar. Bäşim Nuraly ýaşlara halany bilen durmuş gurmaga mümkinçilik beren täze döwri mübärekleýär. Bu gaýtlanmajak pursady awtor nepislik bilen beýan edipdir.

Demokratik pikirli nakgaş Gündogar zenanlarynyň azatlgynyna begenjini eserlerinde çeper beýan edipdir. Ol aýratynam „Çopan goşuna gelen bagşy“ atly suratynda aýal bagşynyň keşbini öňe çykarypdyr. Onuň kämil döwri çeken suratlarynda ilkinji eserlerindäki ýaly zenanlar ýüzüni kişi nazaryndan gizlemeýärler-de, özüni erkekler bilen deň duýýarlar.

1947-nji ýylda halkdan çykan nakgaşa „Türkmenistanyň halk nakgaşy“ diýen at dakylýar.

Bu zehinli adamyň durmuşy ykbalyny düýpli özgerden pursatlardan doly: ol bir görseň çopan, soň nakgaş, artist, mugallym, oýlap tapyjy. Ol bütin ömrüne täzeligiň gözlegindedi. Hat-da Bäşim Nuralynyň ajaly-da üýtgeşik boldy—Garagumyň merkezinde, Derweze obasynyň golaýynda onuň döredijilik saparyndan gaýdyp gelýän uçary heläkçilige uçrady.

Bäşim Nuralynyň üýtgeşik mylaýymlygy şeýle güýçli bolansoň türkmen nakgaşlary öz eserlerinde onuň keşbine ýüzlenip, nakgaşyň şahsy we döredijilik özüne çekijiligine düşünjek bolýarlar. Bäşim Nuralynyň iň şowly heýkelleriniň birini Aman Jumaýew döretdi. Aşgabadyň nakgaşyň adyny göterýän çagalar çeperçilik mekdebindäki heýkelinde Bäşim Nuraly eli gyjakly oglanjygňy golundan tutup dur, özi bolsa, geljekki suratlynyň ýordumynyň pikirini edýär...