Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energetiklerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli bu ulgamyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi

Hormatly energetika senagatynyň işgärleri!
Gadyrly watandaşlar!


Sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.

Indi birnäçe ýyllardan bäri özbaşdak baýram hökmünde bellenip gelinýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni Garaşsyz Watanymyzyň senenamasyny bezeýän baýramlaryň biridir, zähmetde gazanylýan üstünlikleriň nyşanydyr.

Ýurdumyzyň energetika senagatynyň işgärleri özleriniň hünär baýramyna zähmetde üstünlikleri gazanmak bilen sowgatly gelmegi indi asylly däbe öwürdiler. Pudagyň işgärleriniň çekýän asylly we halal zähmeti netijesinde, geçen ýyllarda ýurdumyzyň çäklerinde ençeme täze elektrik stansiýalarynyň, elektrik geçirijileriniň gurluşygy tamamlanyp, ulanmaga tabşyryldy.

Aşgabat şäheriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde paýtagtymyzda köp sanly transformator beketleri, paýlajy ulgamlar, şeýle hem döwrebap «Paýtagt» dolandyryş merkezi işe girizildi. Gysga wagtyň içinde gazanylan şeýle üstünlikler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň alyp barýan işleriniň depgininiň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz döwletimiz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, bu serişdeleri ilkinji nobatda mähriban halkymyzyň durmuş-hal ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirmek hem-de dünýäniň ykdysady hojalygyna işjeň gatnaşmak üçin halkara energetika bazarlaryna çykarmak ýaly asylly maksatlara eýerýär.

Içerki sarp edijilerimizi elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, onuň artykmaç bölegini daşary ýurtlara barha artýan möçberlerde ibermek ýurdumyzda alnyp barylýan energetika syýasatynyň esasy ugruny kesgitleýär. Häzirki döwürde täze gurlan we durky täzelenen elektrik stansiýalarynyň hem-de paýlaýjy ulgamlaryň kömegi bilen içerki sarp edijilerimize berilýän elektrik energiýasynyň möçberi artyp, hili ep-esli gowulandy. Ýurdumyzyň alysdaky şäherdir obalarynyň hem elektrik energiýasy bilen üpjünçilik derejesi has ýokarlandy.

Doganlyk Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini has-da artdyrmak üçin bu ugurda ýokary woltly elektrik geçirijileri we beketler guruldy, Häzirki döwürde goňşy Eýran Yslam Respublikasyna tarap hem şeýle desgalary gurmagyň üstünde işler alnyp barylýar. Türkmen elektrik energiýasyny Owganystandan üstaşyr Täjigistana, Pakistana we Hindistana ibermegiň hem uly mümkinçilikleri bar.

Hormatly energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärleri!

Türkmenistan diňe bir energiýa serişdelerini daşary ýurtlara iberýän ýurt hökmünde däl-de, eýsem ýokary derejeli, haikara ähmiýetli çäreleriň geçirilýän merkezi hökmünde hem giňden tanalýar.

Ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän, sport durmuşymyzda öçmejek yz galdyrjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde başlanmagy, onuň yzysüre noýabr aýynda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk etmegi Garaşsyz Watanymyzyň abraýynyň dünýä ýüzünde barha artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Energetika pudagynyň işgärleriniň Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetiren işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyktyk etmegi bilen baglylykda pudagyň işgärleriniň geçirýän işleri bu halkara ähmiýetli çäräniň ýokary derejede guramaçylykly geçiriljekdigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Men elektrik energetikasy pudagynyň işgärleriniň geljekde hem arassa we halal zähmet çekip, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, V Aziýa oýunlarynyň we Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.

Berkarar döwletimiz elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek ugrunda mundan beýläk hem yzygiderli alada eder.

Hormatly energetika senagatynyň merdana işgärleri!
Gadyrly watandaşlar!


Men sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginin hatyrasyna alyp barýan asylly işlermizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow