Milli Liderimiz Meksikada bolup geçen ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.