Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.

Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar we aýry-aýry ugurlarda baýrakly orunlary eýeläpdiler. Emma ýurdumyzyň döwlet neşirýat gullugynyň wekilleri hiç haçan şu ýylky ýaly üstünlikler gazanmandylar. Bu gezek bäsleşige Türkmenistandan 2016-njy ýylda çap edilen neşirleriň dördüsi hödürlenildi. Olaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.

“Meniň ýurdum” ugry boýunça bäsleşikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan” atly kitaby birinji orny eýeledi. “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly eseri bäsleşigiň emin agzalarynyň ýörite diplomyna mynasyp boldy. Ol hem döwlet Baştutanymyzyň galamyndan çykandyr.

Türkmen dilçi alymlarynyň toparlaýyn zähmetiniň netijesi — “Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi” “Okuw kitaby we bilim” ugry boýunça neşirleriň arasynda ýeňiji boldy.

Türkmen neşiri ilkinji gezek bäsleşigiň Gran-pri baş baýragyna mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gadamy batly bedew” atly kitabyna şeýle hormatly baýrak berildi.

Bu kitabyň kitap neşirýaty sungaty ulgamynyň bilermenleriniň ýokary bahasyna ilkinji gezek mynasyp bolmandygyny bellemek gerek. Geçen tomusda bu kitap Russiýanyň çaphanaçylarynyň hem-de neşirçileriniň “Gyzyl meýdan — 2017” iri forumynda ol Türkmenistanyň özboluşly milli medeniýetini wagyz edýändigi üçin “2016-njy ýylyň iň gowy kitaby” diýen ýörite diploma mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň esasy milli miraslarynyň biri bolan ahalteke bedewi baradaky tolgundyryjy hekaýatlar bäsleşigiň emin agzalarynda uly täsir galdyrdy. Ýokary çaphana usulynda täsir galdyryjy suratlar bilen bezelen bu kitap diňe bir atşynaslar üçin däl-de, eýsem, gözellige sarpa goýýan ähli adamlar üçin arzyly sowgat boldy.

“Kitap sungaty” bäsleşiginiň nobatdaky ýokary sylagy bu täsin neşiriň örän uly medeni gymmatlyga eýediginiň iň gowy subutnamasydyr.

Ýeňijilere sylaglary RF-niň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň halkara komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý hem-de GDA ýurtlarynyň ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Anatoliý Iksanow gowşurdylar.

Kitap neşir etmek ulgamynda görnükli halkara bilermenleri bäsleşigiň jemlerini teswirleýärler.

Dimitriý Makarow, “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy (Belarus Respublikasy):

— Aşgabatda halkara kitap sergilerinde köp gezek boldum, Türkmenistandan kärdeşlerim bilen öňden bäri dostluk gatnaşyklaryny saklaýaryn we şonuň üçin hem olaryň bu gezekki üstünliklerine tüýs ýürekden şatlanýaryn. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurduňyzda neşirýat sungaty ozal görlüp-eşidilmedik derejelere çykdy, munuň özi iri halkara kitap sergilerinde, şol sanda biziň geçirýän bäsleşigimiziň netijeleri boýunça mynasyp bolan baýraklarda öz beýanyny tapýar.

Emin agzalary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan her ýyl bäsleşige hödürlenýän neşirleriň düşündiriş-wagyz ediş ugurlydygyny belleýärler. Şeýle maglumatlaryň elýeterliligi, netijede bolsa özüne çekijiligi örän ýönekeý ýagdaý bilen düşündirilýär: indi köp ýyllardan bäri her bir neşiri üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde çap etmek türkmen neşirýatçylarynyň tapawutly aýratynlygydyr. Neşir işine şeýle çemeleşilmegi okyjylaryň gerimini giňeldýär, ýurdy daşary ýurtlaryň köp sanly adamlary üçin has düşnükli we ýakyn edýär. Ýatda galyjy, häzirki zaman ýokary çaphana talaplaryna laýyklykda döredilen kitaplar ýurduňyza halkara giňişliginde üstünlikli wekilçilik etmek bilen, Türkmenistanyň özboluşly ajaýyp keşbini açyp görkezýär.

Aleksandr Nabokow, “Knižnoýe obozrenie” gazetiniň baş redaktory (Russiýa):

—“Gadamy batly bedew” atly suratlar bilen bezelen kitap mende iň bir tolgundyryjy täsirleri galdyrdy. Bu kitabyň Gözellik hakynda baş harp bilen ýazylandygy sebäpli hem geljekki okyjylary biperwaý galdyrmasa gerek. Gürrüň diňe bir ahalteke bedewleriniň tebigy kämilligi hakynda däl-de, eýsem, milli nyşan derejesine çykarylan gözellik hakyndadyr. Kitapda beýan edilýänleriň düýp manysy filosofiýa taglymaty bolup, tutuş bir halkyň dünýägaraýşynyň tebigatyny açyp görkezýär. Şol bir wagtda hem munuň özi halkyň çäksiz söýgüsi hem-de yhlasy bilen asyrlaryň dowamynda saklanyp galan kämilligiň ajaýyp beýany bolan ahalteke bedewi baradaky şahyrana aýdymdyr. Gözelligiň we kämilligiň mynasyp orun alýan üýtgewsiz medeni baýlyklara berk ygrarly bolmak bilen, kitabyň awtory ahalteke bedewine bolan çäksiz milli buýsanjyň ynandyryjy delillerini getirmek bilen türkmen halkynyň taryhy dünýägaraýşynyň ösüş aýratynlyklaryny beýan edýär.

Çaphana tarapyndan ajaýyp bezelen kitapda awtoryň çeper beýan edijiliginiň ynamdarlygy hem-de delillendirilendigi aýdyň görünýär. Soňky ýyllaryň dowamynda halkara neşirýat sergilerinde Türkmenistana wekilçilik edýän köp sanly kitaplaryň içinde şunuň ýaly neşirýat ussatlygy anyk beýan edilen ýekeje kitap hem bolmandy. Çeper bezelen, maglumatlaryň anyk beýan edilişi bu kitaby neşirýat sungatynyň belent gazananlarynyň derejesine çykarýar.

***

GDA ýurtlarynyň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň wezipesi iň mynasyp neşir taslamalaryny höweslendirmek, edebiýat we neşir ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek kitap sungatynda iň gowy gazanylanlary wagyz etmek hem-de halklaryň arasynda ruhy we medeni gymmatlyklary özara alyşmagy ösdürmekden ybaratdyr.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Gumanitar hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara gaznasy “Gadamy batly bedew” neşirini bäsleşigiň Gran-pri baýragyna mynasyp bolan kitap hökmünde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kitaphana gaznalary boýunça ýaýratmagy amala aşyrar.