„Altyn asyr“ köli golaýyndaky ýerleriň biologik köpdürlüligine oňyn täsir edýär

Gurluşygy alnyp barylýan „Altyn asyr“ köli ekologiýa oňyn täsir edip, golaýyndaky ýerlerde haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam edýär. Gapýaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri ýerlere yzygiderli gidenlerinde goraghnananyň golaýyndaky bu gidrotehniki desgalarda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bolan adajyklaryň peýda bolanlygyny belleýärler. „Altyn asyr“ köli ötegçi guşlaryň uçup geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Onuň gurulmagy bilen haýwanlaryň ýaşap başlan ýerleri peýda boldy, onuň suwy --guşlary, kenarlarynda ösýän ösümlikler bolsa, ýabany haýwanlary özüne çekýär.

Ulanylmaga ýaramly täze ýerler, şeýle hem guşlaryň möwsümleýin gelmegine howpsuz şertler, kenarýakasynyň köpdürli ösümlikleri we balyklaryň köplügi, goraghananyň işgärleriniň syn etmegine görä, kölüň Daşoguz golunyň üstünden göç eýleýän suwda ýüzýän guşlaryň sanynyň köpelmegine getirdi. Ýyl maýyl gelende bu ýerde gyşlamaga galýan guşlaryň sany-da barha artýar. Mysal üçin, soňky ýyllarda sebitiň käbir suw howdanlarynda gyşlaýan sakarbaraklaryň sany has-da köpeldi.

Gaplaňgyr goraghanasynyň işgärleri guşlaryň köpçülikleýin ýaşaýan ýerlerini öwrenýärler, olaryň görnüşlerine, höwürgeleýşine we göçüne gözegçilik edýärler, gorag işini işläp taýýarlaýarlar we olara düzedişler girizýärler.