27.03.2024
112
Aşgabat şäheriniň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň zehinleri
Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin şertleri döretmäge, ýaşlaryň zehinlerini we başarnyklaryny ýüze çykarmaga kiçilikden aýratyn üns berilýär. Munuň bir subutnamasy, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar çeperçilik mekdebinde geçirilen «Baýramlara beslenen bahar» atly aýdym-sazly çäresidir.
27.03.2024
1377
«Kämil gurujy» hojalyk jemgyýetiniň önümlerini hödürleýär
Daşoguz welaýatyndaky «Kämil gurujy» hojalyk jemgyýetiniň binasynda Türkmenistanyň ösüşleri we ileri tutulýan milli ugurlar bilen tanyşmak çäresi geçirildi.
27.03.2024
1449
Seulda Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçisi Begenç Durdyýew bu ýurduň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň Prezidenti Joň Wun Pak bilen duşuşyk geçirdi.
26.03.2024
1585
«Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahata gatnaşyjylara
Sizi «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän bu maslahatyň dünýäniň syýahatçylyk guramalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýetli waka boljakdygyna berk ynanýaryn.
26.03.2024
1787
Mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy
Şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy.
26.03.2024
1413
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Gruziýanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi bahar paslynyň gelmegini alamatlandyrýan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu nurana günlerde biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm ädimleriň ädiljekdigine ynanýaryn.
26.03.2024
1560
Türkmenistanda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy.
26.03.2024
1287
Abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary aýdyň beýanyny tapdy.
26.03.2024
1630
Ekologlar arça, pisse we badam nahallaryny ekdiler
Şu ýylyň ýazynda bag ekmek möwsüminiň başlanmagy bilen tutuş ýurdumyzda medeni we tebigy zolaklarda bagçylyk tokaý döretmek işleri alnyp barylýar, ýurduň goraghanalarynda, nahalhanalarynda, synag-tejribe meýdançalarynda ekologlaryň köpeldýän Gyzyl kitaba girizilen, seýrek, dermanlyk we ösümlik dünýäsiniň özboluşly görnüşlerini ekmek işleri güýçlendirildi.
26.03.2024
1775
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyna gatnaşjaklary saýlap alýar
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Nazary mehanika» dersi boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirer. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Energetika ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.