mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34278 makala tapyldy
news-photo

31.01.2024

total-veiw

5892

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýaponiýanyň DIM-niň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

5432

Türkmensitanyň Ilçihanasynda «The Korea Times» neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew «The Korea Times» gazetiniň ýolbaşçysy we neşir edijisi O Ýong-jin bilen gepleşikleri geçirdi. Olaryň barşynda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi, şol sanda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ugry boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem işjeňleşdirmek barada pikir alyşyldy.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

4523

Türkmenistanyň we Ermenistanyň sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazowyň Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary K.Giloýan bilen duşuşygy geçirildi.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

6888

Katarda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Katar Döwletiniň metbugat hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Doha şäheriniň “Dar Al-Sharq” metbugat merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

6272

Arkadag şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Hemişelik bagtyň daňy atandyr, Şöhlesini şu güne saçan Pyragy» atly çäre geçirdi.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

7109

ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky klublarynyň agzalary Magtymguly Pyraga bagyşlanan brifinge gatnaşdylar

Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen brifing boldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Dünýä dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň bilelikde guramagynda geçirildi.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

6123

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy Russiýada baýram ediler

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazlary» atly Moskwanyň VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk topary Russiýa Federasiýasynyň ýaşaýjylary üçin Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanylan baý maksatnama taýýarlady.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

7038

Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Dynç günlerinde paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary üçin gyzykly medeni çäreler garaşýar.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

6111

«Türkmenawtoulaglary» agentliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

news-photo

31.01.2024

total-veiw

8090

«KAMAZ» ýokary derejeli hyzmat bilen üpjün eder

Daşoguz şäherinde «KAMAZ» ulaglaryny abatlamak boýunça okuw we hyzmat merkezinde gurluşyk hem-de gurnama işleri tamamlandy.

...3428