23.01.2024
6184
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
23.01.2024
5937
Ulgamlaryň işleri has-da kämilleşdirilýär
Maddy hem-de tehniki binýady berkitmek we has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugy we Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy reňkli we monohrom printerleri, şeýle hem serwer enjamlaryny aldylar.
22.01.2024
6158
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
22.01.2024
6532
Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.
22.01.2024
5371
Ýurdumyzda ýagynly howa saklanar
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar.
22.01.2024
6668
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy
2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwary aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrýar.
22.01.2024
5856
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 120 müň dollaryna deň boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
22.01.2024
10100
Aşgabatda isleg bildirýänleriň ählisi üçin koreý dili boýunça synag geçiriler
Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýyl üçin koreý dilini özleşdiriş dereje TOPIK (Test of Proficiency in Korean) boýunça 93-nji synaga gatnaşmaga dalaşgärleriň kabul edilýändigini yglan etdi.
22.01.2024
6176
«ExpoIran-2024»-e gatnaşmak türkmen telekeçilerine eksport önümlerini tanatmak üçin goşmaça mümkinçilikdir
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtäba Ruzbehani bilen bolan duşuşygynda iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary has-da gowulandyrmak we özara hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
22.01.2024
8020
Türkmenistanda Molla Ependi hakda film ýaýlyma çykarylar
«Ependi» çeper filmi şu ýylyň maý aýynda ýaýlyma çykar. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan bu babatda degişli işler alnyp barylýar.