15.01.2024
7904
Türkmenistanyň Prezidenti Daniýanyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Onuň Alyjenaby Frederik X-a Daniýanyň Patyşasy hökmünde tagta geçmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.01.2024
6133
Türkmenistan — BMG: Ählumumy howany goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Dubaýda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) eden çykyşyndaky howanyň üýtgemegi hem-de ekologik howpsuzlyk baradaky milli garaýyşlaryň beýany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.
15.01.2024
6785
2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine we ähli ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2024-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň, kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.
15.01.2024
7560
Aşgabatda «Grinç» mýuzikliniň ilkinji görkezilişi boldy
Nebit-gaz toplumynyň Medeniýet merkezinde «Alba» aýdym-saz topary amerikaly ýazyjy Doktor Sýuzyň adybir ertekisi esasynda «Grinç» täze ýyl ertekisiniň sazy ýaňlandy.
15.01.2024
7127
Ýurdumyzda ýagynly howa saklanar
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Howa gijelerine -2... -4 gradusdan +1... +3 gradus aralygynda, gündizlerine +3... +5 gradusdan +14... +16 gradus aralygynda maýyl bolar.
15.01.2024
8597
Türkmenistanda aspirantura, doktorantura we ordinatura dalaşgärleri kabul etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 12-nji ýanwarda geçirilen mejlisiniň çäklerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meseleleriniň hatarynda dalaşgärleri aspirantura, doktorantura we ordinatura kabul etmegiň, şeýle hem 2024-nji ýylda alymlyk derejelerini almagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
15.01.2024
9448
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Gazagystanda matematika, fizika we kompýuter boýunça halkara olimpiadasynyň ýeňijileri boldular
Türkmenistandan gelen mekdep okuwçylary Almaty şäherinde geçirilen ХХ Halkara Žautykow olimpiadasynda 1 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.
15.01.2024
14206
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy çagalary operasiýa etmäge serişde berdi
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ýurdumyzyň dürli welaýatlaryndan gelen çagalara operasiýalary etmek üçin serişde bölüp berdi.
15.01.2024
6960
Aşgabatda «Türkmenistanda öndürildi» milli nyşanynyň dizaýnynyň görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda milli haryt belgisiniň nyşanynyň dizaýnyny saýlamak we «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt belgisi barada» Düzgünnamanyň taslamasyna täzeden garamak üçin Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.
15.01.2024
6546
Görüşi pes bolan adamlara kömek etmek üçin ýörite sintezator işlenip düzüldi
Ýurdumyzda 8-nji ýanwardan 12-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) türkmen dilinde söz sintezatoryny ulanmak boýunça okuw geçirdi.