mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34283 makala tapyldy
news-photo

14.12.2023

total-veiw

6738

Daşoguz welaýatynda her ýyl mekgejöwenden bol hasyl alynýar

Daşoguz welaýatynda maldarçylyk oba hojalygynyň öňdebaryjy pudaklaryndan biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň telekeçilik topary hökümetiň netijeli goldawy bilen, bu pudagyň mundan beýläk-de ösmegine, täze maldarçylyk fermalarynyň gurulmagyna möhüm goşant goşýar.

news-photo

14.12.2023

total-veiw

8643

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi bilen BMG DÖM ugrunda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we BMG-niň Türkmenistandaky edarasy häzir hereket edýän Özara düşünişmek Ähtnamasyny durmuşa geçirmegiň çäginde Hereket meýilnamasyna gol çekdi. 

news-photo

14.12.2023

total-veiw

4663

Bilermenler Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi boýunça indiki ädimlerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek üçin görýän taýýarlyk işleri halkara bilermen, BSG-niň bilermenler barlagy merkeziniň geňeşçisi Maksim Medwedkowyň Aşgabat şäherine saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

news-photo

14.12.2023

total-veiw

5345

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ýadawsyz zähmetiňiziň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagy soňky ýyllarda uly üstünliklere eýe boldy. Pudakda alnyp barylýan öndürijilikli işler esasynda döwletimiz ýangyç çig malynyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Türkmenistan bu ugurda halkara derejedäki ençeme taslamalara badalga bermek bilen, özüniň uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, türkmen halkyna, geljek nesillerimize hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmegini gazanmak babatda öňde uly wezipeleri goýýar.

news-photo

13.12.2023

total-veiw

6013

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr.

news-photo

13.12.2023

total-veiw

5672

Londonda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 28 ýyllygyna we Magtymguly Pyraga bagyşlanan edebi agşam geçirildi

2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyga hem-de Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrine we döredijiligine bagyşlanan edebi agşam geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär. 

news-photo

13.12.2023

total-veiw

6775

Aşgabatda BMG-HABITAT bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy (BMG-HABITAT) bilen hyzmatdaşlyga bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.  

news-photo

13.12.2023

total-veiw

8349

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Aladdin hakynda täze erteki sahnalaşdyryldy

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Aladdin» sahna oýnuny sahnalaşdyrmak bilen çagalara Täze ýyl sowgadyny taýýarlady.

news-photo

13.12.2023

total-veiw

11799

Änew şäheri 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» derejesini kabul etdi

2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda «Şuşa – türki dünýäniň medeni paýtagty-2023»-iň ýapylyş dabarasy bolup geçdi. Oňa Azerbaýjanyň medeniýet ministri Adil Kerimli, Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow, Azerbaýjanyň Prezidentiniň Şuşadaky ýörite wekili Aýdyn Kerimow, Türki medeniýet we miras gaznasynyň başlygy Aktoty Raýimkulowa, «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýen ada mynasyp bolan Eskişehir, Şeki, Türküstan, Oş, Hywa, Kastamonu, Bursa, Änew, Şuşa şäherleriniň wekilleri we sungaty söýüjiler gatnaşdylar.

news-photo

13.12.2023

total-veiw

6994

Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sungat işgärleri «Aýtmatow we teatr» festiwalynyň diplomlaryny gazandylar

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň teatr toparlarynyň gatnaşmagynda Bişkekde geçen «Aýtmatow we teatr» atly VI halkara teatr festiwalynyň netijeleri jemlendi.

...3429