07.12.2023
6378
Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnal halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary boýunça täze açyşlar hem-de barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär.
07.12.2023
8709
Türkmenistan 2024-2028-nji ýyllar üçin BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasyna saýlandy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasyna 2024-2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalygyna saýlandy.
07.12.2023
7525
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň işine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 5-9-njy dekabry aralygynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisi geçirilýär.
07.12.2023
7032
Ankarada Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport bäsleşigi geçirildi
023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Ankaranyň “Konk Halı Saha” sport toplumynda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
07.12.2023
8245
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylaryny umumy sapaga çagyrýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty mekdep okuwçylary – Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» taslamasynyň III möwsüminiň geljekki IV oýnuna gatnaşyjylar üçin umumy sapak guraýar.
07.12.2023
6437
Lebap welaýatynyň teatry Bişkekde çykyş eder
Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan «Aýtmatow we teatr» VI Halkara teatr festiwalyna gatnaşar. Festiwal 7–12-nji dekabr aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçiriler.
07.12.2023
5912
Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gyrgyzstanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Bişkek şäherinde Prezidentiň “Ala-Arça” kabulhanasynda Ilçi N.Gölliýewiň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.
07.12.2023
6073
Türkmenistanyň Ilçisi Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine ynanç hatlaryny gowşurdy.
07.12.2023
6453
«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi. Žurnal «Türkmenmetbugat» web saýty arkaly paýlaşyldy.
07.12.2023
6109
Türkmenistanda çagalaryň hukuklarynyň goralmagy üpjün edilýär
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri, ÝUNISEF-iň wekilleri we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň polisiýa bölüminde çagalar üçin dostlukly ikinji otagy açdy. Ejir çeken ýa-da jenaýata şaýat bolan çagalaryň goragyny güýçlendirmek üçin döredilen bu otag ýaşyny, kämillik derejesini we psihologik ýagdaýyny göz öňünde tutup, olary howpsuz hem hoşniýetli gurşaw bilen üpjün edýär.