04.12.2023
5420
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
04.12.2023
7073
Türkmenistanyň Prezidenti Tailandyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Tailandyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
04.12.2023
6846
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, netijeli dialog, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek — ileri tutulýan ugurlar
Sözbaşydaky milli bähbitlere, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň uzak möhletleýin maksatlaryna laýyk gelýän, ählumumy durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen şu ugurlar ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynda aýratyn ileri tutulýar.
04.12.2023
7577
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň üsti täze «Boeing» uçary bilen ýetirildi
Şu gün paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy.
04.12.2023
27687
Magtymguly Pyragy – şekillendiriş sungaty eserleriniň sergisiniň baş gahrymany
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda talyplaryň we mugallymlaryň işleriniň 2023-nji ýyl üçin hasabat sergi-bäsleşigi geçirildi.
04.12.2023
12346
Daşoguz welaýatynda agaç we gyrymsy ösümlik tohumyny taýýarlamak işi tamamlandy
Daşoguz welaýatynyň tokaýçylary agaçdyr gyrymsy ösümlik tohumyny ýygnamak boýunça jogapkärli möwsümi üstünlikli amala aşyrdylar.
04.12.2023
14544
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda howa birden sowar
Hepdäniň başynda maýyl bolandygyna garamazdan, dynç günleri golaýlaşdygyça Türkmenistanda howanyň birden peselmegine garaşylýar. Howa gündizlerine ortaça +12 gradus bolar.
04.12.2023
6933
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary kiberhowpsuzlyk hakatonynda gowy netije görkezdiler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçiren maglumat howpsuzlygy ýaryşyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň 15-sinden 25 topar gatnaşdy.
04.12.2023
5766
Bişkekde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
2023-nji ýylyň 1-2-nji dekabrynda Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan filosof-şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti” atly halkara ylmy maslahat guraldy.
04.12.2023
8908
«Arkadag» futbol topary milli birinjilikde çykyş eden ilkinji ýylynda möhletinden öň Türkmenistanyň çempiony boldy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ilkinji gezek Türkmenistanyň çempiony diýen ada eýe boldular. Döwlet derejeli şäheriň adybir topary milli çempionat tamamlanmazdan dört tapgyr öň 23-nji tapgyrda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparyny 4:0 hasabynda utup, şeýle üstünlik gazandy.