24.11.2023
5145
Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Syýahatçylyk agentlikleriniň assosiasiýasynyň (JATA) prezidenti Kuniharu Ebina bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýahatçylyk ugry boýunça özara pikir alyşdylar.
24.11.2023
5549
Türkmenistan SPECA ýurtlarynyň sergisine gatnaşdy
BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli Bakuda birnäçe çäre, şol sanda SPECA ýurtlarynyň «Durnukly ösüş maksatly sebit hyzmatdaşlygy» atly sergisi-de geçirildi.
23.11.2023
8371
Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär.
23.11.2023
10445
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahaty 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.
23.11.2023
5346
Türkmenistan bilen Gananyň dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
23.11.2023
8349
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary elektrik enjamlaryny abatlaýyş hem-de olara hyzmat ediş merkezinde tälim aldylar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehaniki fakultetiniň mugallymlary we talyplary Aşgabadyň Büzmeýin etrabyndaky elektrik enjamlaryny abatlaýyş we olara hyzmat ediş merkezinde çaltlaşdyrylan okuw tapgyryny geçdiler.
23.11.2023
6649
Aşgabatda koreý medeniýetiniň agşamy geçiriler
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Maglumat merkezine esaslanýan Maglumat elýeterliliginiň merkezi Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde «Koreý milli baýramlary» atly medeniýet agşamyny geçirmäge taýýarlanýar.
23.11.2023
6561
Sankt-Peterburg filarmoniýasynda türkmenistanly tanymal dirižýor çykyş etdi
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy we baş direktory Resul Gylyjow Russiýanyň demirgazyk paýtagtyna «Sankt-Peterburg – 2023-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty» atly döwletara maksatnamasynyň ýapylyşyna çagyryldy.
23.11.2023
8688
«Ak gaýa» hojalyk jemgyýeti belent ösüşleri gazanýar
Berkarar döwletimiziň döredip berýän çäksiz möçberli giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan türkmen telekeçileri bu gün täze önümçilik desgalaryny, täsin ymaratlary gurup, olarda dünýä bazarlarynda bäsleşip bilýän dürli harytlary öndürmekde has-da tapawutlanýarlar. Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, onuň Günbatar sebiti bolan Balkan welaýatynda hem telekeçilik ulgamy döwrebap derejede ösdürilip, belent sepgitlere ýetilýär.
23.11.2023
8691
Sungat eserleriniň ajap röwüşleri
Geçen asyryň başynda döredilen şekillendiriş sungat eserleri şu günlere çenli ajaýyplygyny ýitirmän gelýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergide muzeýiň gorlaryndan geçen asyrda döredilen suratlar ilkinji gezek görkezilýär. Sergi Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň «Magtymgulynyň portreti» we «Döwletmämmet Azadynyň portreti» atly kanoniki eserleri bilen başlanýar.