11.11.2023
6186
Soprano sesi we uly orkestr üçin konsertiň dünýä premýerasy
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda ses we uly orkestr üçin «Asman hem deňiz pyşyrdysy» konsertiniň dünýä premýerasy diňleýjileriň arasynda uly üstünlik gazandy.
11.11.2023
7471
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde oba hojalygynyň innowasiýalary boýunça seminar geçirildi
Paýtagtyň ylmy jemgyýetini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny ýygnan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň mejlisler zalynda «Oba hojalygynda giňişlik tehnologiýalaryny ulanmagyň mümkinçilikleri» atly oba hojalygynyň innowasiýalary boýunça seminar geçirildi.
11.11.2023
11225
Teatryň täze sahna eserleri
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň täsin gudratyny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini, şol sanda ýaşlaryň hyjuwly dünýäsini açyp görkezýän sahna eserlerini tomaşaçylara yzygiderli hödürleýär.
11.11.2023
5151
Tüwiň bol hasyly ýygnalýar
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda bol tüwi hasyly ýygnalýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde üç müň üç ýüz elli gektardan iki müň sekiz ýüzden gowrak gektaryň tüwi hasyly ýygnaldy.
11.11.2023
6335
«Yhlasly zähmet üçin minnetdarlyk» sergisi açyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda her ýyl Hasyl baýramy bellenýär. Bu döwletiň oba hojalyk işgärleriniň işine uly üns berýändigini aýdyň görkezýär. Şu gün baýramyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde «Yhlasly zähmet üçin minnetdarlyk» atly sergi açyldy.
11.11.2023
5619
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
Sizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde giňden bellenilýän Hasyl toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
10.11.2023
9013
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
10.11.2023
13351
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünliklerini, berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
10.11.2023
11664
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.G.Niýazliýew hakynda
Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşatmaly.
10.11.2023
23367
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany E.M.Aýdogdyýew hakynda
Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.