20.10.2023
5604
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
20.10.2023
4709
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen hat
Siziň Alyhezretiňize we dostlukly türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýändigime şatdyryn.
20.10.2023
4919
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Siziň Alyhezretiňize Hyrat welaýatynyň ilatynyň adyndan hem-de hut öz adymdan 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken owgan halkyna iberen ynsanperwerlik kömegiňiz hem-de Arkadag şäherinde beren sadakaňyz üçin hoşallyk bildirýärin.
20.10.2023
5180
Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa
Sizi 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrmagy özüme uly hormat hasaplaýaryn.
20.10.2023
10144
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Aşgabat şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek we ýurdumyzda döwlet çärelerini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durkuny täzelemek, goşmaça binalary we desgalary gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
20.10.2023
15198
Nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgulary Albukerkede ýaňlanar
Biziň ýurdumyzyň Medeniýet günlerine we türkmenleriň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň uly döredijilik topary Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gitdi.
20.10.2023
5507
Awstriýanyň paýtagtynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan gala konsert Wenanyň iň meşhur aýdym-saz zallarynyň biri bolan Ehrbar Saalda geçirildi.
20.10.2023
9658
«Bir guşak, bir ýol» başlangyjy: wagt onuň ýerliklidigini subut etdi
Hytaýda geçirilen «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň hemmesi, şeýle hem syýasaty öwrenijiler, bilermenler we žurnalistler häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynyň deňhukuklylyga, özara peýdaly hyzmatdaşlyga islegleriniň artandygyny bellediler.
20.10.2023
5573
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
20.10.2023
5371
Türkmenistanyň söwda we ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda döwletleriň ilçileri - ýurdumyzyň däp bolan söwda we ykdysady hyzmatdaşlary bilen birnäçe duşuşyk geçirildi.