mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 34283 makala tapyldy

22.09.2023

total-veiw

6327

Daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi

Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň birtoparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

27386

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan daşary syýasat üstünlikleri bilen täze belentliklere tarap barýar

Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 32 ýylyň dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

8924

Baýramçylygyň öňüsyrasynda täze binalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralary

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda şanly senä bagyşlanyp, ýurdumyzyň sebitlerinde birnäçe desgalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olara şäher, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda tagallalar üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

6362

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan halkara maslahat

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahaty geçirildi.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

8008

Aşgabatda maliýe institutynyň mugallymlary we talyplary üçin bäş günlük okuw sapaklary geçirildi

Şu ýylyň 18-nji sentýabryndan 22-nji sentýabry aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary we talyplary üçin okuw gurady.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

7673

Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi

2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

9927

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary innowasiýa tehnologiýalary temasyndan geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňileri

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Türkmenistanda geçen Ýokary tehnologiýa hepdeliginiň çäginde Aşgabatda geçirilen akyl-paýhas bäsleşiginde ýeňiji boldular.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

4711

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

8309

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty» atly sergi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Garaşsyzlygyň 32 ýyllygyna bagyşlanan şekillendiriş we bezeg sungatynyň ikinji sergisi açyldy.

news-photo

22.09.2023

total-veiw

8202

Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň Baýdagy belende galdyryldy

Şu gün ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagtyndaky Türgenler obasynyň halkara zolagynda ýerleşýän «Flag Plaza» alleýasynda türkmen sport wekiliýetini garşylamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi.

...3429