06.09.2023
6747
Parižde Türkmen-Fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Parižde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Fransiýanyň Ýewropa we daşary işler ministri Katrin Kolonna bilen resmi duşuşygy geçirildi.
06.09.2023
6602
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U-23) Aziýa kubogy-2024 üçin saýlama taýýarlyk çäginde hytaýly deň-duşlaryndan üstün çykdy
Türkmenistanyň ýaşlar (23 ýaşa çenli) ýygyndy toparynyň futbolçylary Aziýa Kubogy – 2024 üçin saýlama ýaryşyň öňüsyrasynda hytaýly deň-duşlarynyň ýygyndy topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparymyza bu ýeňşi Meýlis Durdyýewiň (51-nji minut) we Nurmyrat Rozyýewiň (71-nji) takyk urgulary getirdi.
06.09.2023
5028
«Ýüpek ýoly» sergisiniň myhmanlary Türkmenistanyň baý medeni mirasy bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Gansu welaýatynyň Dunhung şäherinde geçen «Ýüpek ýoly» atly VI Halkara medeniýet sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
06.09.2023
5636
«Galkynyşnebit»: zähmet üstünlikleri gazanylýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» ýatagynyň hünärmenleri nebit ýataklarynyň onlarçasyny ulanylyşa berdiler. Şunuň bilen birlikde olar şu ýylyň birinji ýarymyny üstünliklere beslediler.
05.09.2023
5985
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi.
05.09.2023
5274
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
Sizi beýik işlere galkyndyrýan milli baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
05.09.2023
6895
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sukuba uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynda däp bolan türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
05.09.2023
9584
Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezindäki maslahat
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly dabaraly maslahat geçirildi.
05.09.2023
5252
Täze Zelandiýanyň ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) Sara Meri Wolş bilen duşuşyk geçirdi, onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
05.09.2023
7789
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Er-Riýadda geçýän dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanan agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 15 türgen gatnaşar. Erkekleriň arasynda geçirilýän 88-nji, zenanlaryň arasynda bolsa 31-nji bu ýaryş 117 ýurtdan 719 (365 erkek we 354 zenan) türgenleri bir ýere jemledi.