28.08.2023
6842
Türkmenistan — ABŞ: parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyza sapar bilen gelen ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň, ilkinji nobatda, parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
28.08.2023
11830
Birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler
Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birinji synpyna okuwa gelen çagalara «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde bu barada degişli görkezme berdi.
28.08.2023
7446
Türkmenistanyň gaz pudagy eksport mümkinçiligini artdyrýar
Şu ýylyň ýedi aýynyň netijelerine görä, «mawy ýangyjy» eksport etmegiň meýilnamasy 114 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
28.08.2023
4554
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 26 million 144 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 58-si hasaba alyndy.
28.08.2023
7106
Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynda az wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa Türkmenistanda howanyň ortaça temperaturasy +38 gradusa deň bolar.
28.08.2023
5112
Türkmenistanyň we Özbegistanyň işewür düzümleri hyzmatdaşlygy pugtalandyrýalar
Türkmenistana Samarkant oblastynyň häkiminiň kömekçisi Nozira Ibragimowanyň ýolbaşçylygyndaky Özbegistan Respublikasynyň wekiliýeti gurluşyk önümleriniň önümçiligi we olary ýerlemek bilen bagly hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen geçen hepdede geldi.
27.08.2023
5422
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
27.08.2023
8086
Türkmenistan ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar
Ýurdumyzy depginli ösdürmek boýunça kabul edilen meýilnamalary amala aşyrmak babatda yzygiderlilik, dünýäniň hemme ýurtlary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän netijelilik hem-de uzak möhletlilik hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň häsiýetli aýratynlygydyr.
26.08.2023
4307
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.
26.08.2023
5230
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.