03.08.2023
9535
Täze okuw ýylyna taýýarlyk we täze binalar
Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdepleriň 388 sanysy bolup, olarda mugallymlaryň 19 müňe golaýy zähmet çekýär. Tamamlanan okuw ýylynda umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylaryň 323 müň 940-dan gowragy bilim we terbiýe aldylar. Şeýle hem welaýat boýunça aýratyn derslere ýöriteleşdirilen mekdepleriň 37-si hereket edýär.
03.08.2023
10549
Aşgabatda wirusly gepatitiň öňüni almak boýunça ylmy maslahat geçirildi
Paýtagtymyzdaky ýokanç keselleriň öňüni alyş Merkezinde gepatit keseline garşy Bütindünýä göreş gününe bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.
03.08.2023
7471
Aşgabat – Arçman – Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň tertibi täzelendi
Tomus möwsüminde Köpetdagyň Degirmendag gerşiniň demirgazyk eňňidinde ýerleşýän Arçman balneologik şypahanasyna barmak isleýän raýatlar üçin amatly bolar ýaly goşmaça ugurlar girizildi.
03.08.2023
8288
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan hyzmatdaşlygy giňeldýärler
Aşgabat Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň nobatdaky saparyna garaşýar.
02.08.2023
10659
Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwlet ähmiýetli wezipedir
Ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan möhüm wezipeleri döwletimiziň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmaga, ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
02.08.2023
9535
Daşary ýurtlarda Magtymgulynyň döredijiliginiň meşhurlygy artdyrylýar
Dürli ýurtlardaky ýaş nesliň wekilleri beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyşdyrylýar. Bu çäreler nusgawy şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýardamy bilen geçirilýär.
02.08.2023
6447
Türkmenistanyň wekilleri Halkara teatr mekdebine gatnaşdylar
18-nji iýulda Moskwanyň etegindäki Zwenigorod şähernide Russiýa Federsasiýasynyň Teatr işgärleri bileleşiginiň (RF TIB) XVI Halkara tomus teatr mekdebi işini tamamlady. Bilim edarasynyň çeper ýolbaşçysy RF TIB-iň başlygy, RSFSR-iň halk artisti Aleksandr Kalyagindir.
02.08.2023
9929
Galla önümleriniň bolçulygy artýar
Ýetişdirilen bereketli bugdaýyň oňat hilli saklanyp, gaýtadan işlenilip, içerki we daşarky sarp edijilere ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Günbatar sebitiň Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan kärhananyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hyzmatyndan diýseň netijeli peýdalanylýar.
01.08.2023
11339
Medeniýet — halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi
Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmek, türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryna esaslanýan döwlet taglymatyny kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan köpugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp, 14-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz degişli edaralaryň, şol sanda medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň öňünde wajyp wezipeleri goýdy.
01.08.2023
10403
Döwlet serhediniň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek Hökümetara toparynyň Türkmen bölegi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek bilen baglanyşykly meselelere seretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda döwlet serhediniň geçýän ugruny kesgitlemek we ony ýerinde bellemek meseleleri boýunça bilelikdäki Türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.