13.04.2026
4099
Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howa barada maglumat
13-nji aprelden 19-njy aprel aralygynda ýurdumyzda üýtgäp durýan bulutly we şemally howa bolup, güneşli günleri ýagyşly howa çalşyp durar. Howanyň temperaturasy +17 gradusdan +30 gradus aralygynda maýyl bolar.
13.04.2026
4143
«Diller dünýäsi» dil merkezinde dil gurnagy geçirildi
Aşgabat şäherinde ýerleşýän «Diller dünýäsi» dil merkezinde «Bahasa Club» gurnagy geçirildi. Bu başlangyç ýaşlaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny artdyrmak we olaryň dünýä medeniýetleri baradaky düşünjesini giňeltmek maksadyny öňde goýýar.
13.04.2026
3945
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 57 million 883 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.
13.04.2026
2739
Pagtanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça işler alnyp barylýar
Şu günler Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň işgärleri welaýatyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan täze pagta görnüşlerini döretmek boýunça işleri alyp barýarlar.
13.04.2026
3614
Türkmen samboçylary Ýerewanda geçirilen Dünýä kubogynda ýedi medal gazandylar
Türkmen samboçylary Ermenistanyň Ýerewan şäherinde tamamlanan Dünýä kubogynda dürli derejelerde jemi 7 medal gazandylar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler.
13.04.2026
3695
Türkmen küştçüsi mekdep okuwçylaryň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan 2026-njy ýylyň mekdep okuwçylarynyň arasynda toparlaýyn dünýä çempionatynyň (WSTC 2026) Aziýa sebitleýin tapgyrynda paýtagtymyzdaky A.S. Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy Osman Hemragulyýew medal gazananlaryň biri boldy.
12.04.2026
5865
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
Geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň depginli ösüşine, halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen syýasy ugruň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi.
12.04.2026
4308
Brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi.
12.04.2026
2636
Mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy
Aşgabatda mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça III halkara olimpiada tamamlandy. Onuň ýapylyş dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirildi.
12.04.2026
3327
Ýewropa güni mynasybetli «Dostluk ganatlary» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi
Şenbe güni Aşgabatda «Dostluk ganatlary» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirilip, bu baýramçylyk we inklýuziw çäresine 650-den gowrak dürli ýaşdaky raýatlar gatnaşdy.