21.06.2025
1552
23-nji iýundan Aşgabatda 100, 97, 63 we 4-nji belgili awtobuslaryň ugurlaryna üýtgeşme giriziler
2025-nji ýylyň 23-nji iýunyndan Aşgabatda dört ugurda hereket edýän awtobuslar täze ugurlar boýunça hereket ederler.
21.06.2025
4799
Türkmenistanyň Prezidenti O.Kononenkony doglan güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy, Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň başlygynyň orunbasary — “Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak boýunça ylmy-barlag synag merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
20.06.2025
3871
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
20.06.2025
8129
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we ýer eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde 2026-njy ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.
20.06.2025
5033
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy” tassyklanyldy.
20.06.2025
3271
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyklary bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
20.06.2025
3455
Sankt-Peterburgda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň bilelikdäki başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň duşuşygy geçirildi.
20.06.2025
4383
Türkmenistanda täze okuw kitaplary çykaryldy
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça ýurduň ýokary okuw mekdepleri we umumy bilim berýän orta mekdepleri üçin täze okuw kitaplary çykaryldy.
20.06.2025
3391
Türkmenistanyň futbol çempionatynda «Ahal» futbol topary «Altyn Asyr» toparyndan arany açdy
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça 2025-nji ýyldaky Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry Mary, Türkmenbaşy we Aşgabat şäherlerinde geçirilen duşuşyklar bilen tamamlandy.
20.06.2025
3948
Türkmenistanly karateçiler Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýa çempionatynyň birinji gününde 7 medal gazandylar
Türkmenistanly türgenler Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde başlanan WKF karate boýunça Merkezi Aziýanyň 10-njy çempionatynyň birinji gününde jemi 7 – iki altyn, iki kümüş we üç bürünç medal eýelediler.