06.04.2025
5104
Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak ÝHHG-niň Baş sekretary bilen ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Wenada Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçileriniň we ÝHHG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi.
06.04.2025
4314
Fransuz dili boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty Türkmenistanda fransuz diliniň 30 ýyllygyna bagyşlanan olimpiadanyň netijelerini jemledi. Bu ýokary okuw mekdebinde daşary ýurt dillerini öwrenmek ileri tutulýar.
06.04.2025
4028
Sebit ulag hyzmatdaşlygy meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti ýakynda Bakuwda geçirilen Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky baglanyşygy gowulandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady hyzmatdaşlygynyň (CAREC) 2-nji geçelgesiniň ösüş strategiýasy boýunça tehniki maslahat mejlisine gatnaşdy.
06.04.2025
4855
Aşgabatda Kurt Waýlyň mukamlary we Edit Piafyň aýdymlary ýaňlandy
4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgünde Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky fransuz instituty we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guran «Paris la nuit – Berlin im Licht» atly konserti boldy.
06.04.2025
4397
Türkmen wirusolog hünärmenleri BSGG-niň Ýewropa sebit bölüminiň okuwyna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 25-nji martyndan 5-nji apreline çenli Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit bölüminiň (BSG / ÝSB) bilermenleri Türkmenistanda dümewiň we ýiti dem alyş ýokançlyklaryna wirus gözegçiligini güýçlendirmek üçin maslahat we tehniki kömek bermek maksady bilen biziň ýurdumyza geldiler.
05.04.2025
3747
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň üç aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
05.04.2025
4873
Buharest şäherinde türkmen kino günleri geçirildi
2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň kinoteatr zalynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň guramagynda türkmen kino günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
05.04.2025
4174
Türkmenistanda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasy durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk «Ýaşyl mekdep» atly bilelikdäki maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi baradaky özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilmegi bilen giňeýär.
05.04.2025
5298
Aşgabatda uly möçberli sport çäresi geçirildi
Her ýyl 7-nji aprelde bellenilýän Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde köpçülikleýin sport-dynç alyş çäresi geçirildi.
04.04.2025
4798
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» birinji sammitindäki ÇYKYŞY
Ilki bilen, siziň ähliňize mähirli salam bilen ýüzlenýärin hem-de açyk göwünliligi, myhmansöýerligi we işlemäge döreden şertleri üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirýärin.