02.03.2025
3934
Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Pekin şäheriniň «Green Rivers Manor» myhmanhanasynyň Medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
01.03.2025
6932
«Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemi jemlenildi
Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
01.03.2025
4362
Türkmenistanyň Ilçisi Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi N.Şagulyýew bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary P.Utýupiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.03.2025
3507
Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirdi.
01.03.2025
5115
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasy bilen gatnaşyklarynyň netijelerine garaldy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda DIM-de Türkmenistanyň geçen ýylyň dowamynda Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki işiniň netijeleri boýunça mejlis geçirildi.
01.03.2025
3320
«Mukaddeslige tagzym» – dürli zenan ykbaly hakyndaky spektakl
«Mähre doly eneleriň ýüregi» atly döredijilik bäsleşiginiň teatr çykyşlary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň döredijilik toparynyň «Mukaddeslige tagzym» atly sahnalaşdyrylan spektakly bilen tamamlandy.
01.03.2025
5652
Sahnada täze taryhy spektakl
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary şöhratly geçmişimizi, milli däp-dessurlarymyzy, ynsanperwer ýörelgelerimizi öz içine alýan taryhy eserleri, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhas ummanyndan hasyl bolan ajaýyp kitaplary esasynda milli mirasymyzyň täsin gudratyny, zamanamyzyň ajaýyplyklaryny, jemgyýetimiziň nurana keşbini açyp görkezýän sahna eserlerini yzygiderli sahnalaşdyýar.
01.03.2025
3995
Türkmenistanyň 18 ýaşa çenli hokkeý boýunça ýygyndy topary ýetginjekler dünýä çempionatynyň ilkinji oýnunda Lýuksemburgyň toparyny utdy
Türkmen hokkeýçileri Bangkokda (Tailand) geçirilýän «B» toparçanyň üçünji diwizionynda 18 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda ýetginjekler dünýä çempionatyna Lýuksemburgyň toparyndan – 8:2 (1:0, 3:2, 4:0) hasap ýeňiş bilen başladylar.
01.03.2025
6718
Londonda geçirilen Halkara Energetika Forumynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň möhüm wakalary hödürlendi
Türkmen Energiýa Forumyň (TEF) wekilleri 24-27-nji fewral aralygynda Londonda geçirilen “Platts London Energy Forum 2025” we “London Energy Week” atly halkara energetika forumlaryna işjeň gatnaşdylar.
28.02.2025
5154
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.