24.09.2025
6294
Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda ýaşlaryň startap bäsleşigi yglan edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwletiň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maglumat tehnologiýalar ulgamynda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan etdiler.
24.09.2025
4884
«Şagadam» toparyna garşy duşuşykda «Altyn asyr» toparynyň utugy ýene-de kem geldi
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2025-nji ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň iki duşuşygy boldy.
24.09.2025
3532
Merkezi Aziýa parahatlyk we ynanyşma zolagy bolup galmalydyr
Sentýabr aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Termez şäherinde Merkezi Aziýa üçin terrorçylyga garşy irki duýduryş ulgamynyň çäginde howpuň derejesini anyklamak we görkezijileri işläp düzmek boýunça sebitleýin okuw geçirildi. Türkmenistanyň hem wekiliýeti gatnaşan bu okuw sebitiň öňdebaryjy hünärmenlerini we alymlaryny bir ýere jemledi.
24.09.2025
3360
Türkmenistan we Kuweýt energetika we ulag pudagyny hyzmatdaşlygyň esasy geljegi hökmünde bellediler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bolan ugurlary hökmünde ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk pudaklaryny kesgitlediler.
24.09.2025
5541
Türkmenistan Bişkekde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III parlamentara forumy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň adyndan Ilçi N.Golliýew wekilçilik etdi. Foruma sebit döwletleriniň parlamentleriniň baştutanlary hem gatnaşdy.
24.09.2025
4130
Galkynyş eýýamyndaky Leonardo da Winçi we döwürdeşimiz Nureddin Nyýazow
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşi Nureddin Nyýazowyň eserleriniň şahsy sergisi açyldy. Suratkeş sergi üçin suratlar toplumyny taýýarlapdyr.
24.09.2025
5504
«Arkadag» topary öňdeligini has-da berkitdi
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionatynyň yza süýşürilen 16-njy tapgyrynyň açylyş oýnunda «Ahal» toparyny 4:1 hasaby bilen ýeňdi. Duşuşyk Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirildi.
24.09.2025
5407
Däneli ekinleri goramak boýunça maslahat geçirilýär
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde «Däneli ekinleri zyýan berijilerden goramak üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly bilelikdäki taslamanyň çäginde Aşgabatda okuw sapaklary geçirilýär.
23.09.2025
5320
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
23.09.2025
3879
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy bilen duşuşdy
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy Şeýh Sabah Al-Halid Al-Sabah bilen duşuşdy.