12.06.2025
3137
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmäge şatdyryn. Gudraty Güýçli Allatagaladan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk dileýärin.
12.06.2025
11124
Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:
12.06.2025
9037
Ýaş alymlar — ýurdumyzyň ylmy we döredijilik kuwwaty
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
12.06.2025
6772
Ylymlar güni mynasybetli halkara maslahat
Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady.
12.06.2025
7435
Döwürden birnäçe ädim öňde barýan ylym
Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde Ylymlar güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň suratlarynyň we heýkelleriniň sergisi açyldy.
12.06.2025
4745
Türkmen küştçüleri Günbatar Aziýanyň çempionatynda üç medal gazandylar
Türkmen küştçüleri Kolomboda (Şri-Lanka) 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Günbatar Aziýanyň çempionatynda altyn, kümüş we bürünç medallary eýelediler. Ýaryşa küşdüň üç görnüşinde— nusgawy, çalt (rapid) we juda çalt (blis) görnüşinde 9 ýurtdan 110 türgen gatnaşdy.
12.06.2025
3357
Ýelena Haritonowa «Turkmentextile Expo – 2025» sergi-ýarmarkada medeniýetleriň we dizaýnyň dialogy barada
Brýusselden Merkezi Aziýa-Ýewropa kreatiw bileleşiginiň prezidenti Ýelena Haritonowa «Turkmentextile Expo – 2025» halkara sergi-ýarmarkasyndan galan täsirleri barada gürrüň berdi. Türkmenistana ilkinji gezek gelip gören hanym Haritonowa çäräniň guramaçylyk derejesine we ýerli dizaýnerleriň ussatlygyna begenýändigini aýtdy.
12.06.2025
5759
Türkmenistandaky ýokary okuw mekdep kitaphanalaryna täze kitaplar berildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyndan sowgat hökmünde täze kitaplar aldylar.
12.06.2025
5847
Marianna Miçeli Aşgabatda meşhur italýan lybaslaryny görkezdi
«Mad Mood Milano Fashion Week» atly Milanyň moda hepdeliginiň başlygy Marianna Miçeli «Mad Mood Milano» ýerligini görkezmek üçin, ilkinji gezek Türkmenistana geldi.
12.06.2025
5851
Singapurly moda dizaýneri Haýden Ng «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynda çykyş etdi
Singapurly moda dizaýneri, ASEAN moda dizaýnerleri sergisiniň düýbüni tutujy Haýden Ng, «Turkmentextile Expo – 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde Türkmenistanda geçirilen moda görkezilişine gatnaşmagyndan buýsanç duýýandygyny bildirdi.