20.03.2025
1743
Gahryman Arkadagymyz: – Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär
«Biziň Aziýadaky umumy maksatlarymyz diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmeýär. Ol maksatlar has giň gerimlidir» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda eden çykyşynda aýtdy.
20.03.2025
4349
Talyplar ýaşyl energetika mowzugy boýunça «tegelek stola» gatnaşdylar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň başlangyjy bilen onlaýn görnüşde geçirilen «Arassa energiýa – geljegiň energiýasy: düýn, şu gün, ertir» atly mowzukda talyplaryň halkara «tegelek stoluna» gatnaşdylar.
20.03.2025
3695
Milli bahar baýramy mynasybetli medeni dynç alyş çäreleri ýola goýuldy
Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet merkezlerinde halkymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, bagbançylyk we senetkärçilik bilen baglanyşykly däp-dessurlaryny görkezýän sergiler geçirilýär. Şeýle hem aýdym-sazly tomaşalar guralýar.
19.03.2025
5411
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.
19.03.2025
5307
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda açyklyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy ugrunda alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriňiziň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.
19.03.2025
3786
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Goý, Remezan aýy Size we Siziň ýakynlaryňyza şatlyk getirsin!
19.03.2025
7386
Bitarap Türkmenistan sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär
Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.
19.03.2025
3921
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatdaky çykyşy
Size şu foruma gatnaşýandygyňyz üçin minnetdarlyk bildirýärin hem-de forumyň işine üstünlik arzuw edýärin. Şu ýere daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň we iri kompaniýalaryň wekilleri ýygnandy. Bu biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini görkezýär.
19.03.2025
2771
Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
19.03.2025
2773
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.