10.10.2024
4315
Wena baly – ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşynyň baýlaşýandygynyň nyşany
Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
10.10.2024
4807
Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
10.10.2024
5100
Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
10.10.2024
5177
Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hasaba alynýar.
10.10.2024
4036
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
10.10.2024
3596
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy barlaghanasy her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dermanlyk ösümlikleriň sagaldyş häsiýetlerine bagyşlanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – dertleriň dermany» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.
10.10.2024
4848
Ýaşlar syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurduň ýaşlary bilen iki sany onlaýn duşuşyk bolup geçdi, bu çäreleri Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi gurady.
10.10.2024
8539
Paýtagtymyzda Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy
Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
10.10.2024
3651
Ýurdumyzda bir gezek ulanylýan lukmançylyk önümlerini öndürmek üçin ýerli çig malynyň mümkinçiligi
Düýn paýtagtymyzda açylan «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işini dowam etdirýär. Sergi meýdançasynda lukmançylyk pudagynyň soňky gazananlary we taslamalary görkezilýär.
10.10.2024
7939
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Ýunus Emre
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.