17.09.2024
4855
Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berýär
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Germaniýanyň ekologiýa we howa bilen bagly meseleleri babatynda eýeleýän ornuna ýokary baha berdi.
17.09.2024
5127
Hormatly Prezidentimiz: Merkezi Aziýa sebitiniň we Germaniýanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň uly geljegi bar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda ykdysadyýeti Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezdi.
17.09.2024
4103
Aşgabat Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda halkara bileleşigi Owganystany parahat ýurda we gymmatly ykdysady hyzmatdaş döwlete öwürmäge ýardam bermäge çagyrdy.
17.09.2024
9716
Aşgabat şäherinde Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Ýaşlar maslahaty geçirildi
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Azerbaýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Ilçihanalary we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň jemleýji milli maslahatyny geçirdi.
17.09.2024
4254
Döwlet Baştutanymyz: Merkezi Aziýanyň ýurtlaryny we Germaniýanyň arasyndaky has ysnyşykly syýasat we diplomatik gatnaşyklar sebitdäki we oňa goňşy zolaklardaky umumy ýagdaýa oňyn täsir edip biler
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitindäki çykyşynda Türkmenistan sebit parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň gazanylmagyny we üpjün edilmegini biziň bilelikdäki işimiziň möhüm wezipeleri hasaplaýandygyny nygtady.
17.09.2024
2993
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde täze önümler we geljegi uly ösüş maksatnamalary görkeziler
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek köp sanly baýramçylyk çäreleriniň arasynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giňişleýin özgerişleriň gerimini we üstünlikleri açyk-aýdyň görkezýän ykdysady üstünlikleriniň sergisi aýratyn orun eýeleýär.
17.09.2024
8081
Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary boýunça Açyk halkara olimpiadasy geçiriler
Türkmen döwlet maliýe instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Maliýe hasabatlylygyň halkara standartlary» diýen ders boýunça Açyk halkara internet-olimpiadasyna çagyrýar.
17.09.2024
6031
Resul Gylyjow GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestri bilen Ufada çykyş eder
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň çeper ýolbaşçysy Resul Gylyjow Russiýa Federasiýasynyň Başgyrdystan Respublikasynyň Ufa şäherinde geçirilýän GDA agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýanyň XVII forumynyň çäklerinde GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestri we Başkortostanyň döwlet akademiki simfoniki orkestri bilen çykyş eder.
17.09.2024
5312
Ekerançylaryň güýz aladalary
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň daýhanlary güýzlük sogan ekýärler. Bu ekin ýene-de 470 gektar meýdana ekiler. «Gökçäge» daýhan birleşiginde sogan has köp – 53 gektar meýdanda ekiler.
17.09.2024
4244
Türkmenistanyň wekiliýeti Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň Baş konferensiýasyna gatnaşýar
2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 68-nji mejlisiniň işine gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherine sapary başlandy.