26.03.2025
3862
UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Ilat Gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
26.03.2025
4336
Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Malaýziýanyň Sunway uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.
26.03.2025
6232
2027-nji ýyldaky Aziýa Kubogynyň saýlama oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysy Hytaý Taýbeýiniň toparyny utdy
Hytaý Taýbeýinden 2:1 hasabynda üstün çykyp, türkmen futbolçylary Aziýa Kubogy ýaryşynyň üçünji saýlama tapgyryna başladylar, onuň final bölegi 2027-nji ýylda ilkinji gezek Saud Arabystanynda geçiriler.
26.03.2025
4366
Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynda geljek bäş ýyla ileri tutulýan ugurlar
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ilat gaznasy bölümi milli hyzmatdaşlaryny guramanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin ýurt meýilnamasy bilen tanyşdyrdy.
26.03.2025
4998
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn.
26.03.2025
3957
Türkmenistanyň Prezidenti Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
25.03.2025
4528
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Hytaý Täze ýyly mynasybetli iberen gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy bildirmek hormatyna eýedirin. Pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmäge rugsat ediň!
25.03.2025
2407
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
25.03.2025
5405
Ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny açmak ugrunda
Şu gün paýtagtymyzda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň zenan ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.
25.03.2025
5685
Watanymyzyň kuwwatly ösüşine beslenýän bahar
Geçen hepde möhüm ähmiýetli wakalara baý bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň bähbidine özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändigini aýdyň görkezdi.