mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Gözleg
Netijede : 31993 makala tapyldy

05.08.2024

total-veiw

5899

Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň we üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini giňeldýär

Ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Bu ugruň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy hem tötänleýin däldir.

05.08.2024

total-veiw

7510

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY G.A.AMANGELDIÝEW hakynda

Guwançmyrat Amanýazowiç Amangeldiýewi «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellemeli.

05.08.2024

total-veiw

7566

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe resminamalara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dürsadap Aşyrmuhammedowna Orazmämmedowa Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5779

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary – terbiýäniň gözbaşy

Mary welaýat kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly çäre geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň we welaýat kitaphanasynyň guran duşuşygyna guramanyň işjeňleri hem-de kitaphananyň işgärleri gatnaşdylar.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5351

Ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Ýurdumyzda yssy howanyň bolmagyna we käbir welaýatlarda gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Howanyň ortaça temperaturasy + 43 gradus bolar.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5192

Günbatar sebitde galla önümleriniň öndürilişi artýar

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 15-nji iýunynda Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Arkaç» daýhan birleşiginiň bugdaýly meýdanyna gelip, galla oragyna ak pata bermegi welaýatyň oba zähmetkeşleriniň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly waka öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli pursatlardan göwünleri galkynan balkanly gallaçylar döwlet harmanyna 80 müň tonnadan gowrak däne hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý etdiler.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

12971

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýänlerden resminamalaryň kabul edilmegi dowam edýär

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher hem-de welaýat geňeşlerinde Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenilýän dalaşgärlerden resminamalaryň kabul edilmegi dowam edýär.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5473

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

news-photo

05.08.2024

total-veiw

5338

Türkmenistan we Filippinler Respublikasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

2024-nji ýylyň 3-nji awgustynda Filippinler Respublikasyna amala aşyrýan saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti «Clark Freeport» erkin ykdysady zolagyna baryp gördi. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, tejribe alyşmak we bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm ädim boldy.

04.08.2024

total-veiw

8389

Türkmenistan — parahatçylygyň we abadançylygyň mekany

Geçen hepde ýurdumyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýän wakalara baý boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkymyzyň abadançylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagyna gönükdirilendir.

...3200