30.07.2024
5348
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy A.A.Gromyko adyndaky bäsleşigiň finalçylarynyň forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurymy Serdar Rahymow GDA-nyň A.A.Gromyko adyndaky ýaş halkaraçylar bäsleşiginiň finalçylarynyň forumynda ýurdumyza wekilçilik etdi. Çäre 22-25-nji iýul aralygynda Moskwada geçirildi.
30.07.2024
7726
Myrat Diwanaýew muzeýe gymmatly eksponatlary peşgeş berdi
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ýygyndysynyň üsti täze eksponatlar bilen ýetirildi. Olary muzeýe tanymal aýdymçy Myrat Diwanaýew peşgeş berdi. 200-e golaý täze eksponat indi muzeýiň tematiki sergilerini bezär.
30.07.2024
5169
«Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalynyň üçünji sany çapdan çykdy
«Türkmenistanda ylym we tehnika» žurnalynyň täze sany türkmeniň nusgawy şahyry, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan üç makala bilen açylýar.
30.07.2024
7900
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Onore de Balzak
Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy.
30.07.2024
7197
Täze kitap çagalaryň tebigat baradaky düşünjelerini artdyrýar
Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaş okyjylary Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilen «Ady bar-da, özi ýok» atly täze kitap bilen tanyşmaga çagyrýar.
30.07.2024
5435
Türkmenistanda halkara ýaşlar güni mynasybetli diwarlyklaryň bäsleşigi geçirilýär
Türkmenistandaky BMGÖM-sy ýaşlary «Ýaşlar we parahatçylyk» atly diwarlyklaryň bäsleşigine çagyrýar. Bäsleşik her ýyl 12-nji awgustda bellenilýän halkara ýaşlar gününe bagyşlanýar, ol Ýaponiýanyň hökümetiniň goldamagynda guralýar.
30.07.2024
4900
Türkmen sazandalary «Kamera orkestri» ugry boýunça «Altyn baýraga» mynasyp boldular
25–28-nji iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Onda ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem çykyş etdi.
30.07.2024
6603
Türkmen dzýudoçylary Pariž Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryny tamamladylar
Parižde geçirilýän XXXIII tomusky olimpiýa oýunlarynda dzýudoçylar erkekleriň arasynda 66 kg, zenanlaryň arasynda 57 kg çenli agram derejesinde medallar ugrunda bäsleşdiler.
30.07.2024
5412
«Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan gyzykly çäre
29-njy iýulda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş – dynç alyş merkezinde çaga hukuklary babatynda maglumatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäre geçirildi.
30.07.2024
5684
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi
Paýtagtymyzda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň arasynda Türkmenistana sapar bilen gelen Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOС) birinji wise-prezidenti Abdulla Al Şamsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.