14.05.2024
4923
Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
14.05.2024
4001
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.
14.05.2024
3276
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy.
14.05.2024
5111
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.
14.05.2024
4493
Seulda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda Seul şäheriniň Ýoňsan etrap häkimliginiň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.
14.05.2024
5187
«Altyn asyr» futbol topary «Ahal» topary bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň çempionatynyň ýokary ligasynyň toparlarynyň 14-nji tapgyrynyň oýunlary ýurduň dört şäherinde geçirildi.
14.05.2024
5066
Russiýanyň teleýaýlymynda türkmen milli tagamlary görkeziler
Türkmenistanda Russiýanyň «Моя Планета» («Meniň planetam») teleýaýlymy üçin «Магия вкуса» («Tagamyň jadysy») gepleşigi surata düşürilýär.
14.05.2024
6313
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti «BMG-niň nusgasy» görnüşinde talyplaryň bäsleşigini geçirer
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) «Birleşen Milletler Guramasynyň nusgasy» bäsleşigine gatnaşmak üçin haýyşnamalary kabul etmegi dowam edýär. Bäsleşik Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «BMG: halkara parahatçylygy we ynanyşmak» diýen temasy boýunça geçirilýär.
14.05.2024
5456
Mekdep okuwçylary MAT endiklerini berkitdiler
Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki ýetimler öýüniň geljekki 32 uçurymy 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinden 12-nji maýyna çenli aralykda geçirilen üç hepdelik okuwyň dowamynda özleriniň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýasy boýunça endiklerini berkitdiler.
14.05.2024
4697
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri zenanlaryň Aziýa forumyna gatnaşýarlar
13-14-nji maýda Samarkantda «Zenanlaryň ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy hukuklaryny hem mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine sebitleýin çemeleşme» t