10.10.2024
4650
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Magtymguly Pyragy Ýer ýüzüniň halklaryna belent ruhly, sagdyn ahlakly, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Häzirki döwürde bütin adamzat türkmen halkynyň beýik oglunyň hatyrasyny belende tutup, söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç-kuwwat alýar. Magtymguly Pyragynyň ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň we agzybirligiň mukamy bolup ýaňlanýan ajaýyp goşgulary her bir ynsanyň köňül nagşydyr, ýürek buýsanjydyr.
10.10.2024
3944
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde hem-de ony dünýä ýaýmakda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy we hyzmatdaşlygy berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
10.10.2024
3666
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we gazak halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.
10.10.2024
3462
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga we baýlaşdyrmaga, türkmen we tatar halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Rifkat Nurgaliýewiç Minnihanowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik (altyn) nyşany bilen sylaglamaly.
10.10.2024
4763
Wena baly – ýurdumyzyň häzirki zaman durmuşynyň baýlaşýandygynyň nyşany
Şu gün Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
10.10.2024
5378
Saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlaryna bagyşlanan halkara ylmy maslahat
Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
10.10.2024
5867
Aşgabatda “Kalbyň şypasy” atly binanyň açylyş dabarasy geçirildi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy.
10.10.2024
5670
Himiýa we gaz himiýasy pudagyndaky innowasion tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gaz himiýasy pudagynda innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hasaba alynýar.
10.10.2024
4598
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.
10.10.2024
4189
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda dermanlyk ösümlikleriň biologik dürlüligi ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň derman serişdelerini öndürmegiň tehnologiýasy barlaghanasy her ýylyň 10-njy oktýabrynda bellenýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli dermanlyk ösümlikleriň sagaldyş häsiýetlerine bagyşlanan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri – dertleriň dermany» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.