02.09.2024
6633
Türkmenistanda salkyn howa garaşylýar
Güýz paslynyň gelmegi bilen Diýarymyzda güneşli we salkyn howa dowam edýär. Täze başlanan iş hepdesinde howanyň temperaturasy +34, ýurdumyzyň käbir ýerlerinde bolsa +37 gradusa ýeter diýlip çak edilýär.
02.09.2024
6480
Türkmenistanyň teatrlary we sirkleri täze möwsümi açdylar
Türkmenistanyň teatrlary we sirkleri 1-nji sentýabrda spektakllary hem-de özüne çekiji sirk tomaşalary bilen täze möwsümi açdylar. Sahna eserleriniň aglabasy beýik nusgawy we akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlandy.
02.09.2024
7991
Akyldar bilen elli bäş minut ýüzbe-ýüz
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler maksatnamasy paýtagtymyzyň teatr durmuşynda möhüm waka öwrüldi. Teatrlaryň ählisinde teatr möwsümi Magtymguly Pyragy hakyndaky spektakllar bilen açyldy. Ol teatr toparlarynyň agzybirligini, beýik akyldara hormatyny görkezdi.
02.09.2024
7234
Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanda «Şark taronalari» festiwalynda birinji orun eýeledi
Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly tamamlandy. Onda birinji orun eýelän Türkmenistanyň milli aýdym-saz toparynyň ýeňiş gazanmagy festiwalyň netijeleriniň garaşylmadyk ýakymly sowgady boldy.
02.09.2024
4938
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
02.09.2024
16031
«E-mekdep» meýdançasy Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşantdyr
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron meýdançany işe girizdi.
02.09.2024
6304
Täze möwsüme täze spektakllar bilen başlanyldy
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary nobatdaky teatr möwsümini Magtymguly Pyragynyň eserleri esasynda owadan aýdym-sazly tomaşasy bilen açdy.
02.09.2024
5045
Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
01.09.2024
7317
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Şu gün — Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy.
01.09.2024
8936
Täze mekdep — Türkmenistandan Täjigistana sowgat
Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň şanyna täze bilim edaralarynyň açylmagy asylly däbe öwrüldi. Şu gün — 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem ýurdumyzda we dostlukly döwletde möhüm binagärlik desgalarynyň dabaraly açylmagy bilen badalga aldy. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde gurlan 540 orunlyk Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep ulanmaga berilýän desgalaryň hatarynda aýratyn orun eýeledi. Onuň açylyş dabarasyna sanly ulgam arkaly iki döwletiň Prezidentleri Serdar Berdimuhamedow we Emomali Rahmon gatnaşdylar.